Esasy materiala geçiň

Nigeriýada üç müňünji Ýygnak jaýynyň gurluşygy tamamlandy

Nigeriýada üç müňünji Ýygnak jaýynyň gurluşygy tamamlandy

2014-nji ýylyň mart aýynyň 1-ine şenbe güni 823 adam Nigeriýadaky ýatdan çykmajak wakany bellemek üçin, Benin şäherindäki Ýehowanyň Şaýatlarynyň Kongresler köşgüne uly şatlyk-şowhun bilen ýygnandylar. 1999-njy ýylda ýagdaýy çäkli bolan (garyp) ýurtlarda Ýygnak jaýlarynyň gurluşygyna başlamaly diýen karar çykarylanda, Nigeriýada şol wagt Ýehowanyň Şaýatlarynyň 3 müň sany Ýygnak jaýy bardy.

Öňki Ýygnak jaýy

Şol duşuşykda 1920-nji ýyldan bäri Nigeriýada Ýehowanyň Şaýatlary üçin ýygnak duşuşyklaryny geçirilýän ýerlerini gurar ýaly, nähili işleriň edilendigi hakda aýdyldy. Şaýatlar başda duşuşyklary öýlerde we kireýine alnan jaýlarda geçirýärdi. Nigeriýada Ýehowanyň Şaýatlarynyň birinji Ýygnak jaýy 1935-nji ýyllarda Ilesa şäherinde guruldy. 1938-nji ýyldan 1990-njy ýyllar aralygynda ýygnaklaryň sany 200-e, ýagny wagyzçylaryň sany 14-den 2 müň 681 adama ýetdi. Şonuň üçin olaryň köpüsine ýygnak geçirer ýaly, ýer tapmak gaty kyn bolýardy. Käbir Ýygnak jaýlaryna 6 ýygnak barýardy. Başga ýerlerde bolsa, ýygnaga gelýänler gaty köp bolansoň, adamlar daşarda durup, penjirelerden duşuşygy diňleýärdiler. Beýleki ýygnakdaky Şaýatlar bolsa, öýlerde hem-de mekdeplerde duşuşyklary geçirýärdi.

Ýygnak jaýynyň dikeldilen görnüşi

1990-njy ýylda Ýehowanyň Şaýatlarynyň Nigeriýadaky filialy Ýygnak jaýlarynyň gurluşygy üçin berilýän pullardan başga-da Ýygnak jaýlaryny gurmaly diýip karar çykardy. 1997-nji ýylda Gurluşyk komiteti ýurtdaky 105 ýygnaga täze Ýygnak jaýlaryny gurmaga we olary gaýtadan dikeltmäge kömek etdi. 1997-nji ýyldan 1999-njy ýyllar aralygynda 7—15 günüň dowamynda ortaça 13 sany Ýygnak jaýy guruldy.

Gurluşyk işleri şeýle köp alnyp barylsa-da, Nigeriýadaky Ýehowanyň Şaýatlarynyň sany gitdigiçe köpelip, Ýygnak jaýlary kemlik edýärdi. 1998-nji ýylyň aprel aýynda ýurduň Filial komiteti ýene-de 1 müň 114 sany Ýygnak jaýynyň gerekdigine göz ýetirdi.

Nigeriýadaky Filial komitetindäki Don Trost atly bir dogan Benin şäherinde geçirilen ýörite duşuşykda şeýle diýdi: «Bu edilen işi görüň! Biz munça Ýygnak jaýlaryny haçan gurup gutararys diýip alada galypdyk». 1999-njy ýyldan başlap, doganlar bu soragyna jogap aldylar. Ýygnak jaýlarynyň gurluşyk toparlaryndan 6—8 adam ýurduň çägindäki ýygnaklara gurluşyk işinde kömek etdiler. Olar ýönekeýden owadan edip, 14 ýylyň içinde her aý 17 sany Ýygnak jaýyny gurdular.

Şol ýörite duşuşykda edilen şeýle köp işler üçin, dogan-uýalara öwgüli sözleri aýdyp, Trost dogan entek köp işleriň edilmelidigini belläp geçdi. 2013-nji ýylda Nigeriýadaky Ýehowanyň Şaýatlarynyň ortaça sany 8 müňe ýetdi. Ol sözüni dowam edip: «Gelejekdäki ösüşleri göz öňünde tutsaň, her ýyl ýene-de 100 sany Ýygnak jaýyny gurmaly bolar» diýdi. 2013-nji ýylda Nigeriýadaky 5 müň 700-den köpräk ýygnaklarda wagyzçylaryň sany 351 müňden geçdi.