Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary diňe özleriniň halas boljakdygyna ynanýarmy?

Ýehowanyň Şaýatlary diňe özleriniň halas boljakdygyna ynanýarmy?

 Ýok. Geçen asyrlarda ýaşan millionlarça adamlaryň köpüsi Ýehowanyň Şaýady bolmadyk bolsalaram, olara halas bolmaga mümkinçilik berler. Mukaddes Kitapda Hudaýyň wada berýän Täze dünýäsinde «dogruçyllaryň hem-de erbetleriň direljekdigi» aýdylýar (Resullar 24:15). Şeýle-de adamlaryň köpüsi Hudaýa gulluk edip başlasa, olara hem halas bolmaga mümkinçilik berler. Her näme-de bolsa, kimiň halas boljakdygyny ýa bolmajakdygyny höküm etmäge biziň hakymyz ýok. Sebäbi diňe Isanyň höküm etmäge haky bar (Ýahýa 5:22, 27).