Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Hudaý paýhasyňy patalasyn!»

«Hudaý paýhasyňy patalasyn!»

GADYMY Ysraýylyň patyşasy Dawut şeýle sözler bilen Abygaýyl atly bir aýaly öwýär. Eýsem, Dawut ony näme üçin öwdükä we biz mundan näme öwrenýäris?

Dawut bu aýala Şawul patyşadan gaçyp ýören döwri duşýar. Abygaýyl Nabal atly bir baý adamyň aýalydy. Onuň Ýahudanyň günortasyndaky daglyk ýerlerde sürüleri bardy. Dawut we onuň adamlary Nabalyň sürülerini gorap, onuň çopanlaryna «kän ýagşylyk edipdiler». Bir gezek Dawut iýere-içere zat soramak üçin, Nabalyň ýanyna çaparlaryny iberýär (1 Şam. 25:8, 15, 16). Nabal Dawudyň we onuň adamlarynyň eden şonça ýagşylyklary üçin, olaryň bu haýyşyny höwes bilen ýerine ýetirip bilerdi.

Nabal öz adyna mynasypdy, sebäbi onuň ady «akmak» diýmegi aňladýardy. Ol Dawudyň haýyşyny bitirmegiň deregine, onuň adamlaryny kemsidip, kowup goýberýär. Şol sebäpli Dawut gahar-gazaba münüp, oňa eden etmişi üçin jeza bermekçi bolýar. Nabalyň akmaklygy onuň özüni-de, bütin öý-içerisini-de heläkçilige eltip bilerdi (1 Şam. 25:2—13, 21, 22).

Bu ýagdaýyň gowulyk bilen gutarmajakdygyny bilip, Abygaýyl batyrgaý hereket edýär. Ol Dawudy Ýehowa bilen dostlugyna zyýan ýetirmekden saklamak isleýärdi. Abygaýyl Dawuda Ysraýylyň geljekki patyşasy hökmünde garap, oňa hormat bilen ýüzlenýär we adamlaryna bol iýmit getirýär. Ýehowa Dawudy günä etmekden saklamak üçin Abygaýyly ulanýar. Dawut hem muňa düşünip, oňa: «(Hudaý) paýhasyňy patalasyn! Bu gün gan dökmekden hem öç almakdan meniň ellerimi sen sakladyň!» diýýär (1 Şam. 25:18, 19, 23—35, TD).

Elbetde, biz edilen ýagşylygyň gadyryny bilmedik Nabal ýaly bolmak islemeýäris. Şeýle-de etjek işimiziň erbetlige eltjekdigini bilsek, onuň öňüni almak üçin elimizde baryny edip bileris. Hawa, bizem Hudaýa: «Maňa sagdyn paýhas, bilim öwret» diýen mezmurçy bilen ylalaşýarys (Zeb. 119:66).

Adamlar biziň hem paýhaslylyk bilen edýän işlerimize üns bermekleri mümkin. Belki-de, olar bizi sözleri bilen öwmezlerem, ýöne özlerini «Hudaý paýhasyňy patalasyn!» diýen Dawut ýaly duýarlar.