Esasy materiala geçiň

Näme üçin Isanyň ady arkaly dileg etmeli?

Näme üçin Isanyň ady arkaly dileg etmeli?

ISA köplenç Hudaýa nädip doga etmelidigini öwredýärdi. Ol ýer ýüzünde ýaşanda dini ýolbaşçylaryň adamlara görünmek üçin «uly ýollaryň çatrygynda durup doga edýändigini» görýärdi. Olar özlerini Hudaýhon edip görkezjek bolýardylar. Şol bir sözleri gaýtalap, uzyn-uzyn dogalary edýärdiler, «sebäbi olar köp söz aýtsalar Hudaý eşider öýdýärdiler» (Matta 6:5—8). Isa şeýle etmegiň hiç hili peýdasynyň ýokdugyny bilýärdi. Şonuň üçin ol akýürekli adamlara nädip doga etmelidigini we etmeli däldigini öwretdi.

Isa Hudaýyň adynyň mukaddes bolmagy, Patyşalygynyň gelmegi we isleginiň amala aşmagy hakda dilemelidigini aýtdy. Şeýle-de ol bize Hudaýa şahsy meselelerde-de dileg etse bolýandygyny öwretdi (Matta 6:9—13; Luka 11:2—4). Mundan başga-da, Isa mysal getirip, tutanýerli, pesgöwünli bolsak we iman etsek, Hudaýyň dogalarymyzy eşitjekdigini aýtdy (Luka 11:5—13; 18:1—14). Ol öwredýän zatlarynyň ählisini edip, bize görelde görkezdi (Matta 14:23; Markus 1:35).

Isanyň şägirtleri Hudaýa manyly doga etmegi öwrenendirler. Ýöne Isa ölmezinden öňki gije şägirtlerine doga babatda has wajyp zady öwretdi.

«Doga etmegiň täze usuly»

Isa bütin gije wepaly şägirtleri bilen gürrüňdeş bolup, olaryň imanyny berkitdi. Şol wagt şägirtlere täze bir zat öwretmegiň tüýs wagtydy. Isa: «Men ýol, hakykat we ýaşaýyş. Mensiz hiç kim Atamyň ýanyna baryp bilmez» diýdi. Soňra olara şeýle wada berdi: «Meniň adym bilen näme dileseňiz bererin, Atam hem Ogly arkaly şöhratlanar. Meniň adym bilen näme dileseňiz bererin». Gürrüňiniň soňunda bolsa: «Şu wagta çenli meniň adym bilen hiç zat dilemediňiz. Diläň, size berler, şatlygyňyza şatlyk goşular» diýdi (Ýahýa 14:6, 13, 14; 16:24).

Isanyň sözleri wajypdy. Mukaddes Kitabyň bir sözlüginde oňa «doga etmegiň täze usuly» diýilýär. Isa meniň adym bilen diýip, Atama däl-de, maňa doga ediň diýjek bolmady. Gaýtam ol Ýehowa Hudaýa ýakynlaşmak üçin ýol açandygyny aýtdy.

Hudaý wepaly gullukçylarynyň dileglerini hemişe-de eşidýärdi (1 Şamuwel 1:9—19; Zebur 65:2). Dilegleriniň eşidilmegini isleýän adam ysraýyl halkyny Hudaýyň saýlandygyna düşünmelidi. Süleýman patyşanyň döwründe bolsa Hudaýa gurbanlygy onuň saýlan ýerinde, ýagny ybadathanada bermelidi (5 Musa 9:29; 2 Taryh 6:32, 33). Emma Hudaýa şeýdip sežde etmeklik wagtlaýyndy. Pawlus resulyň ýazyşy ýaly, ysraýyllara berlen Kanun we ybadathanada berilýän gurbanlyklar «gelejekki ýagşy zatlaryň özi däl-de kölegesidi» (Ýewreýler 10:1, 2). Şol kölegäni döredýäniň özi gelmelidi (Koloslylar 2:17). B. e. 33-nji ýylynda Musanyň kanuny ýatyryldy. Indi Ýehowa bilen dostlaşmak isleýän adam Musanyň kanuny boýunça ýaşamaly däl-de, Isa Mesihe gulak asmaly (Ýahýa 15:14—16; Galatýalylar 3:24, 25).

«Ähli atlardan iň beýik at»

Isa bolmadyk bolsa adamlar Hudaý bilen dostlaşyp bilmezdi. Hudaý Isa arkaly dogalarymyzy eşidip, jogap berýär. Hudaýyň dogalarymyzy eşitmegine Isa nädip ýol açdy?

Biziň ählimiz günäli, şonuň üçin näme etsegem, nähili gurbanlyk bersegem, günämizi ýuwup, mukaddes Hudaý Ýehowa bilen dostlaşyp bilmeýäris (Rimliler 3:20, 24; Ýewreýler 1:3, 4). Ýöne Isa kämil janyny töleg hökmünde gurban berip, adamlary Hudaý bilen ýaraşdyrdy (Rimliler 5:12, 18, 19). Hudaýyň öňünde arassa bolup, «ynamly geplemek» isleýän adam Isanyň adamlar üçin töleg töländigine we onuň ady bilen doga etmelidigine iman etmeli (Efesliler 3:11, 12).

Biz Isanyň ady bilen doga edenimizde Hudaýyň niýetinde onuň wajyp ornunyň bardygyny görkezýäris. Geliň, üç sebäbini bileliň. 1) Isa günälerimiziň bagyşlanmagy üçin berlen «Hudaýyň guzusy». 2) Ýehowa Isany direltdi we häzir «baş ruhany» bolup gulluk edýär. Ol adamlara töleg gurbanyndan peýdalanmaga kömek edýär. 3) Diňe Isa arkaly Ýehowa doga edip, ýakynlaşyp bolýar. Ol ýeke-täk «ýol» (Ýahýa 1:29; 14:6; Ýewreýler 4:14, 15).

Isanyň ady bilen doga edilse, onuň at-abraýy arşa galýar. Isa şeýle hormat goýmak nädogry däl, sebäbi Ýehowa her kesiň «Isanyň adynyň hatyrasyna dyza çökmegini isledi. Her kes Halypamyz Isa Mesihi aç-açan kabul edip, Atamyz Hudaýy şöhratlandyrmaly» (Filipililer 2:10, 11). Esasanam, Isanyň ady bilen doga etsek, ogluny biziň üçin gurban beren Ýehowany şöhratlandyrýarys (Ýahýa 3:16).

Dogalarymyz endik boýunça däl-de, ýürekden çykmaly.

Mukaddes Kitapdaky titullar we atlar Isanyň wajyp orun tutýandygyny görkezýär. Olar Isanyň biziň üçin geçmişde eden, häzirki edýän we gelejekde etjek zatlaryna düşünmäge kömek edýär ( «Isanyň wajyp orny» serediň). Dogrudanam, Isa «ähli atlardan iň beýik at berildi» *. Gökde we ýerde ähli ygtyýar Isa berildi (Filipililer 2:9; Matta 28:18).

Endik boýunça etmeli däl

Görşümiz ýaly, Ýehowanyň dogalarymyzy eşitmegini islesek, Isanyň ady bilen dileg etmeli (Ýahýa 14:13, 14). Ýöne biz «Isanyň ady bilen» diýen sözleri endik boýunça aýtmak islemeýäris.

Geliň, bir mysala seredeliň. Aýdaly, siz iş meselesi boýunça birinden hat alýarsyňyz. Hatyň soňunda «Hormat bilen» diýen sözler bar. Nähili pikir edýärsiňiz, şol sözler haty ýazan adamyň ýüreginden çykýarmy ýa-da ony başga hatlardan göçürip goýdumy? Doga edenimizde biziňem «Isanyň ady bilen» diýen sözlerimiz şol hatyň soňunda göçürilip goýulýan «Hormat bilen» diýen sözlere meňzemeli däl. Mukaddes Kitap bizi «hemişe doga-dileg etmäge» höweslendirýär. Emma biziň dogalarymyz endik boýunça däl-de, ýürekden çykmaly (1 Selanikliler 5:17; Zebur 119:145).

«Isanyň ady bilen» diýen sözleri endik boýunça aýtmazlyga näme kömek eder? Munuň üçin Isanyň ajaýyp häsiýetleri, eden işleri we gelejekde etjek ýagşylyklary hakda oýlanmaly. Doga edip, Ogly arkaly edýän işleri üçin Ýehowa minnetdar bolmaly we ony şöhratlandyrmaly. Şonda Isanyň: «Meniň adym bilen Atamdan näme dileseňiz, ol size berer» diýen wadasyna has-da ynamly bolarys (Ýahýa 16:23).

^ par. 14 Bir sözlüge görä, grekçe «at» diýlende «şan-şöhrat, häsiýet, orun, beýiklik, güýç, deňsiz-taýsyzlyk» göz öňünde tutulýar (Vine’s Expository Dictionary of New Testamen Words).