Esasy materiala geçiň

OKYJYLARYŇ SOWALLARY

Hudaýy kim ýaratdy?

Hudaýy kim ýaratdy?

Göz öňüne getiriň, ýedi ýaşly oglanjyk kakasy bilen gürrüň edýär. Kakasy oňa: «Gadym-gadym zamanlarda Hudaý Güni, Aýy, ýyldyzlary we Ýeri ýaratdy» diýýär. Oglanjyk biraz oýlanyp durýar⁠-⁠da: «Kaka, onda Hudaýy kim ýaratdy?» diýip soraýar.

Kakasy hem: «Ony hiç kim ýaratmady. Ol hemişe⁠-⁠de bardy» diýip jogap berýär. Şol wagt oglanjyk soragyň jogabyny alan ýalydy. Ýöne ulalansoň, ýaňky sorag ony ýene⁠-⁠de biynjalyk edýär, sebäbi ol hiç zadyň öz-özünden döremändigine düşünýär. «Eger şeýle ägirt uly älem-jahany biri ýaradan bolsa, onda Hudaýam biri ýaradandyr-a?!» diýip oýlanýar.

Mukaddes Kitapda näme diýilýär? Oglanjygyň kakasynyň aýdyşy ýaly, dogrudanam, Hudaýy hiç kim ýaratmady. Musa pygamber şeýle sözleri ýazdy: «Eý Ýehowa... daglar dünýä inmezinden öň, ýer, bereketli toprak dogulmazyndan öň, sen ýeke-täk Hudaýsyň, ebedilik barsyň» (Zebur 90:1, 2). Işaýa pygamber hem: «Siz bilmeýärsiňizmi? Eşitmediňizmi näme? Ýehowa ýer ýüzüniň Ýaradyjysy, ebedilik Hudaý» diýdi (Işaýa 40:28). Ýahuda hem Hudaýyň gadymy döwürden bäri bardygyny ýazdy (Ýahuda 25).

Pawlus resul hem Hudaýa «döwürleriň Patyşasy» diýdi (1 Timoteos 1:17). Şu aýatlardan görnüşi ýaly, Hudaý ähli döwürlerem bardy, ol gelejekde⁠-⁠de bolar (Ylham 1:8). Hudaýyň ömürbaky ýaşamagy onuň Gudratygüýçlüdigini görkezýär.

Hudaýyň ebedilik ýaşaýandygyna düşünmek bize näme üçin kyn bolýar? Biziň wagta bolan garaýşymyz Ýehowanyňkydan tapawutlanýar. Ýehowa ebedilik Hudaý, şonuň üçinem müň ýyl onuň üçin bir gün ýaly (2 Petrus 3:8). Geliň, muňa düşünmek üçin oýlanyp göreliň. Çekirtgeler aňry gitse 50 gün ýaşaýarlar. Mukaddes Kitapda⁠-⁠da adamlar çekirtgelere meňzedilýär. Biz bary-ýogy 70, 80 ýyl ýaşaýandygymyz üçin, Hudaýyň ebedilik ýaşaýandygyny göz öňüne getirip bilmeýäris (Işaýa 40:22; 55:8, 9). Hudaýyň ýanynda biziňem ömrümiz 50 günjik ýaşaýan çekirtgeleriňki ýaly. Şonuň üçin bize ebedilik ýaşamagy göz öňüne getirmegem kyn.

Biz kyn bolsa⁠-⁠da, Hudaýyň ebedi ýaşaýandygyny göz öňüne getirip bilýäris. Eger Hudaýy biri ýaradan bolsa, onda şoňa Ýaradyjy diýlerdi. Ýöne Mukaddes Kitapda «ähli zady» Ýehowanyň ýaradandygy aýdylýar (Ylham 4:11). Şeýle⁠-⁠de biz Älem-jahanyň döredilendigini bilýäris (1 Musa 1:1, 2). Heniz Älem-jahan döredilmänkä bolsa, ilkinji perişde bilen başga perişdelerem ýaradylypdy (Eýýup 38:4, 7; Koloslylar 1:15). Diýmek, Ýaradyjy olardan öňem bardy. Ony hiç kim döretmedäm, ýaratmadam.

Älem-jahan, bütin ýer ýüzi, adamlar Hudaýyň ebedilik bardygyny subut edýär. Aňyrsy-bärsi görünmeýän Älem-jahandaky zatlaryň sazlaşykly işleýşini göreniňde, Ýaradyjy ýok diýip bolmaýar. Diňe ebedilik bar bolan Hudaý ähli zada ýaşaýyş berdi (Eýýup 33:4).