Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

115-NJI AÝDYM

Sabyrly Hudaýa şükür edeliň

Sabyrly Hudaýa şükür edeliň

(2 Petrus 3:15)

  1. 1. Beýik Ýehowa, çäksiz güýjüň,

    Adalatyň, beýik söýgiň.

    Erbetlik sürse-de höküm,

    Soňuna çykarsyň bir gün.

    Etmersiň hiç haýal-ýagallyk,

    Ýer ýüzünde bolmaz ýamanlyk.

    GAÝTALAMA:

    Geljege umyt ederis,

    Adyňy arşa götereris.

  2. 2. Öňüňde bir gün müň ýyl ýaly,

    Müň ýyl bolsa bir gün ýaly.

    Ýetip gelýär beýik günüň,

    Gijikmez adyl hökümiň.

    Toba edeniň günäsini,

    Bagyşlaýarsyň etmişini.

    GAÝTALAMA:

    Geljege umyt ederis,

    Adyňy arşa götereris.