Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

139-NJY AÝDYM

Täze dünýäni göz öňüne getir!

Täze dünýäni göz öňüne getir!

(Ylham 21:1—5)

  1. 1. Seret, täze dünýä öňde,

    Göz öňüne getir, sen şol ýerde.

    Hezillikden doly çar ýan,

    Erbetlik ýok, galýarsyň haýran.

    Indi ýok hiç zatdan gorky,

    Rahat ýaşar Hudaýyň halky.

    Ine, geldi pursat täze zamana,

    Şirin dil saýrar, ýürek

    geler lerzana.

    GAÝTALAMA:

    Ýehowa Hudaý, alkyş aýdýarys,

    Täzeden döretdiň ähli zady.

    Ýürek joşa gelip, diller eder taryp,

    Ýehowa öwgä, şan-şöhrata mynasyp.

  2. 2. Seret, täze dünýä öňde,

    Bar zat üýtgeşik daş-töwerekde.

    Gaýgy-gam ýok, kalbyň rahat,

    Howsala düşürmeýär hiç zat.

    Indi hiç kim dökmez gözýaş,

    Ýehowa halky bilen syrdaş.

    Ölenler oýanar ölüm ukudan,

    Bize goşulyp aýdym

    aýdar şatlykdan.

    GAÝTALAMA:

    Ýehowa Hudaý, alkyş aýdýarys,

    Täzeden döretdiň ähli zady.

    Ýürek joşa gelip, diller eder taryp,

    Ýehowa öwgä, şan-şöhrata mynasyp.