Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

32-NJI AÝDYM

Ýehowanyň tarapyna geçiň

Ýehowanyň tarapyna geçiň

(2 Musa 32:26)

  1. 1. Umytsyz ýaşadyk, köp dert çekdik,

    Ýalan diniň ýesirligindedik.

    Indi Ýahyň sözüni eşitdik,

    Bagtly durmuşa ýetdik.

    GAÝTALAMA:

    Tarapyna geçip, Ýahdan dänmeseň,

    Hiç haçan taşlamaz nurunda gezseň.

    Mümkinçilik barka aýt hoş habary,

    Isa tagta çykdy, güllär ýer şary.

  2. 2. Wagyz edip görkezeliň ýoly,

    Adamlar saýgarsyn sagy-soly.

    Hudaýyň tarapyna geçeliň,

    Doganlary goldalyň.

    GAÝTALAMA:

    Tarapyna geçip, Ýahdan dänmeseň,

    Hiç haçan taşlamaz nurunda gezseň.

    Mümkinçilik barka aýt hoş habary,

    Isa tagta çykdy, güllär ýer şary.

  3. 3. Dänmeris näme etse-de Şeýtan,

    Ýehowa bilen ýöräris gorkman.

    Berk durarys köp bolsa-da duşman,

    Hudaý güýç berer hökman.

    GAÝTALAMA:

    Tarapyna geçip, Ýahdan dänmeseň,

    Hiç haçan taşlamaz nurunda gezseň.

    Mümkinçilik barka aýt hoş habary,

    Isa tagta çykdy, güllär ýer şary.