Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

94-NJI AÝDYM

Sözüň üçin minnetdar

Sözüň üçin minnetdar

(Filipililer 2:16)

  1. 1. Ýehowa Atamyz, aýdýarys alkyş,

    Gymmatly hazynany etdiň bagyş.

    Ylhamlanan sözleriň

    açýar hakykaty,

    Dogry ýol görkezip saçýandyr ýagty.

  2. 2. Güýçli täsir edýär Sözüň ýürege,

    Süňki bölüp, baryp ýetýär ýilige.

    Çykarýan hökümleriň

    dogry, adalatly,

    Öwüt-nesihatyň dürden gymmatly.

  3. 3. Gaýgy-aladasy bolsa kyn günde,

    Halkyň kömek soraýardy şol bada.

    Kömek et, dileýäris

    mertlik hem berk iman,

    Sözüňi okarys ýatdan çykarman.