Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

BÄŞINJI BÖLÜM

«Janyňyzy goraýan çopana we gözegçä dolanyň»

«Janyňyzy goraýan çopana we gözegçä dolanyň»

Sen şu broşýurada agzalan kynçylyklaryň haýsy hem bolsa biri bilen göreşýärmiň? Eger şeýle bolsa, onda sen ýeke däl. Hudaýyň gadymy döwürde ýaşan we häzirki wepaly gullukçylarynyň köpüsi hem şeýle kynçylyklary başdan geçirdiler. Emma olar Ýehowanyň kömegi bilen kynçylyklaryň ählisine hötde geldiler, bu saňa-da başardar.

Ýehowa dolananyňda, onuň goldajakdygyna ynanyp bilersiň

ÝEHOWA dolananyňda, onuň goldajakdygyna ynanyp bilersiň. Ol saňa aladalaryňy, agyr duýgularyňy ýeňmäge, kalbyňa we pikiriňe rahatlyk berip, ynsabyňy arassalamaga kömek eder. Şonda seniň ýene-de Ýehowanyň beýleki gullukçylary bilen bile oňa gulluk etmäge islegiň dörär. Seniň ýagdaýyňy I asyrda ýaşan käbir mesihçilere meňzetse bolar. Petrus resul olara: «Siz azaşan goýunlar ýalydyňyz, indi bolsa janyňyzy goraýan çopana we gözegçä dolandyňyz» diýip ýazdy (1 Petrus 2:25).

Dogrudan-da, Ýehowa dolansaň, bu seniň durmuşyňda gelen iň gowy kararyň bolar. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi şonda sen Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarsyň (Süleýmanyň tymsallary 27:11). Biziň özümizi alyp barşymyz Ýehowa täsir edýär, sebäbi onuň duýgulary bar, muny seniň özüňem gowy bilýänsiň. Elbetde, Ýehowa bizi özüni söýmäge we gulluk etmäge mejbur etmeýär (Kanun taglymaty 30:19, 20). Mukaddes Ýazgylary öwrenýän bir alym şeýle diýdi: «Ynsan ýüreginiň gapysyny daşyndan däl-de, diňe iç ýüzünden açyp bolýar». Biz Ýehowa ýürekden we söýgi bilen gulluk etsek, şol gapyny açdygymyz bolar. Şeýdip, biz onuň ýüregini juda begendireris. Hawa, Ýehowa sežde edip, biz hiç zat bilen deňäp bolmajak şatlygyň eýesi bolarys. Ýehowa bolsa şeýle seždä mynasyp Hudaýdyr (Resullaryň işleri 20:35; Ylham 4:11).

Galyberse-de, sen Ýehowa edýän seždäňi dikeltseň, öz ruhy zerurlyklaryňy kanagatlandyryp başlarsyň (Matta 5:3). Adamlar: «Durmuşyň manysy näme?» diýip soraýarlar. Olar şuňa meňzeş soraglaryň jogabyny bilmek isleýärler, sebäbi Ýehowa adamy şeýle isleg bilen ýaratdy. Biz bolsa Ýehowa gulluk edip, şu islegimizi kanagatlandyrýarys. Hawa, Ýehowa söýgi bilen sežde edýändigiňe düşünmek diýseň bagtly edýär (Zebur 63:1—5).

Mähriban dogan-uýa, Ýehowa seniň oňa dolanmagyňy isleýär. Muny nämeden bilse bolar? Üns beren bolsaň, şu broşýurany taýýarlamak üçin doganlar gaty köp doga etdiler. Belki-de, bu broşýurany saňa ýygnak ýaşulusy ýa-da başga bir imandaşyň getirip berendir. Sen hem ony okap, ondaky aýdylan zatlara görä hereket edesiň gelendir. Bu zatlaryň bary Ýehowanyň seni unutmandygyny subut edýär. Ol seni mähir bilen yzyna çagyrýar (Ýahýa 6:44).

Ýehowanyň ýiten gullukçylaryny hiç haçan unutmaýandygyny bilmek bize teselli berip biler. Donna atly uýamyz munuň şeýledigine göz ýetirdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men hakykatdan kem-kemden daşlaşdym, ýöne köplenç Zebur 139:23, 24-nji aýatlardaky: „Eý Hudaý, meni barla-da, ýüregimi bil, meni syna-da, pikirlerimi bil; gör, mende erbet ýol bar bolsa, meni ebedi ýola sal“ diýen sözleriň üstünde oýlanýardym. Men bu dünýäden däldigime düşünýärdim, dünýäde hiç hili ornaşyp hem bilmedim. Ýehowanyň guramasy nirede bolsa, menem şol ýerde bolmalydygyma göz ýetirdim. Ýehowanyň meni hiç haçan terk etmändigine düşünip başladym; aslynda, meniň özüm oňa dolanmalydym. Men Ýehowa dolanandygyma diýseň begenýärin!»

«Ýehowanyň meni hiç haçan terk etmändigine düşünip başladym; aslynda, meniň özüm oňa dolanmalydym»

Biz seniň hem Ýehowa dolanyp, onuň «eçilýän şatlygyny» duýmagyň üçin gyzgyn doga edýäris (Nehemýa 8:10). Sen Ýehowa dolanandygyňa hiç haçan ökünmersiň.