Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

9-NJY BAP

Biz synaga garşy durmaly

Biz synaga garşy durmaly

1—4. a) Erbet iş etdirjek bolanlarynda näme üçin etmeli däl? b) Isa suwda çokundyrylanda «gögüň açylmagy» nämäni aňladýar?

SAŇA kimdir biri erbet iş etdirjek bolupmydy? ~ Ol seni öjükdirip: «Bol, bol! Näme, gorkýarmyň?» diýipmidi? Ýa-da ol: «Munuň hiç hili zyýany ýok, gaýtam, sen keýp alarsyň» diýdimi? ~ Şeýdip, ol saňa erbet iş etdirjek bolup, seni synaýar.

2 Kimdir biri bize erbet iş etdirjek bolanda näme ederis? ~ Erbet iş etsek, Ýehowany gynandyrarys. Emma kimiň begenjegini bilýärmiň? ~ Hawa, Şeýtan Iblis begener.

3 Şeýtan Hudaýyň hem duşmany, biziň hem duşmanymyz. Ol ruhy şahsyýet, şol sebäpli biz ony görüp bilmeýäris. Emma ol bizi görýär. Bir sapar Iblis Beýik Mugallym Isany synajak bolýar. Gel, Isanyň özüni nähili alyp barandygyny bileli. Şonda biz hem synaga düşenimizde näme etmelidigimizi bileris.

Suwda çokundyrylandan soňra Isanyň näme ýadyna düşen bolmaly?

4 Isanyň hemişe Hudaýyň islegini berjaý edesi gelýärdi. Ol muny Iordan derýasynda suwda çokundyrylyp görkezdi. Şondan soňra Şeýtan Isany synaýar. Mukaddes Ýazgylarda Isa suwda çokundyrylanda «gögüň açylandygy» aýdylýar (Matta 3:16). Belki-de, bu Isanyň Hudaý bilen gökde ýaşan wagty bolan ähli zatlary ýadyna salandygyny aňladýandyr.

5—13. a) Şeýtan Isany birinji sapar nädip synady we Isa oňa nädip garşy durdy? b) Şeýtan Isany ikinji sapar nädip synady we ol näme jogap berdi? ç) Isanyň üçünji sapar synalmagyndan näme öwrenýäris?

5 Isa suwda çokundyrylandan soň, ýadyna düşen zatlar barada oýlanmak üçin çöle gidýär. Ol kyrk gije-gündizläp çölde bolýar we hiç zat iýmeýär. Isa ajyganda bolsa, Şeýtan ony synaýar.

Iblis daşlar arkaly Isany nädip synaýar?

6 Iblis oňa: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, şu daşlar çörek bolsun diýip buýur» diýýär. Ajyganyňda çörek bal ýaly süýji bolýar. Emma Isa daşlary çörek edip bilerdimi? ~ Hawa, edip bilerdi. Näme üçin? Sebäbi Hudaýyň Ogly Isada täsin güýç bardy.

7 Eger Iblis saňa: «Daşlardan çörek et» diýen bolsa ederdiňmi? ~ Isa ajygypdy. Ol, iň bolmanda, ýekeje gezek daşdan çörek etse bolmazdymy? ~ Isa güýjüni şeýle zatlara sarp etse, nädogry boljakdygyny bilýärdi. Bu güýji Ýehowa oňa öz bähbidi üçin däl-de, adamlary Hudaý bilen dostlaşdyrmak üçin beripdi.

8 Şol sebäpli Isa Şeýtana Mukaddes Ýazgylardaky şu sözleri aýdýar: «Adam diňe bir çörek bilen däl, eýsem, Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr». Hawa, Isa üçin Ýehowany begendirmek islendik iýmitden hem has wajypdy.

9 Emma Iblis Isany ýene-de synaýar. Ol Isany Iýerusalime getirip, ybadathananyň iň beýik ýerinde duruzyp: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, özüňi aşak zyň. Sebäbi Hudaý perişdelerine seni goramagy tabşyrdy» diýýär.

10 Şeýtan näme üçin şeýle diýýär? ~ Ol Isany akylsyz hereket etmäge iterjek bolýar. Emma Isa ýene-de Şeýtana gulak asman: «„Öz Hudaýyň Ýehowany synama“ diýip ýazylgydyr» diýýär. Isa janyňy howp astyna salmagyň we Ýehowany synamagyň nädogrudygyny bilýärdi.

11 Emma Şeýtan şonda-da Isany synamagyny bes etmeýär. Ol Isany örän beýik bir dagyň depesine çykarýar. Şol ýerde ol dünýäniň bütin patyşalyklaryny, ýagny ýurtlary we olaryň şöhratyny görkezýär. Soňra Iblis: «Dyza çöküp, maňa sežde etseň, men şu zatlaryň hemmesini saňa bereýin» diýýär.

12 Gel, Iblisiň hödür eden zatlary barada oýlanyp göreli. Dünýädäki ähli patyşalyklar, ýagny ýurtlar, dogrudan-da, Şeýtanyňkymy? ~ Hawa, Isa-da muny bilýärdi. Eger patyşalyklar Şeýtanyňky bolmadyk bolsa, onda Isa olaryň Şeýtanyňky däldigini hökman aýdardy. Dogrudan-da, Iblis dünýädäki ähli halklaryň üstünden höküm sürýär. Hatda Mukaddes Ýazgylarda-da oňa: «Bu dünýäniň hökümdary» diýilýär (Ýahýa 12:31).

Şeýtan näme üçin Isa ähli patyşalyklary hödürleýär?

13 Eger Iblis saňa-da: «Maňa sežde etseň, bir zat bererin» diýse näme ederdiň? ~ Isa Iblisiň nähili sowgat berjekdigine garamazdan, oňa sežde etmegiň nädogrudygyny bilýärdi. Şol sebäpli Isa oňa: «Ýanymdan aýryl, Şeýtan! „Hudaýyň Ýehowa sežde et, diňe oňa gulluk et“ diýip ýazylgydyr» diýdi (Matta 4:1—10; Luka 4:1—13).

Sen synaga düşeniňde näme edersiň?

14—20. a) Ajyganymyzda nähili synaga düşmegimiz mümkin ýa-da bizi nähili erbet işlere iterip bilerler? b) Dogry işleri etmek haçan kyn bolýar, ýöne bize näme kömek eder?

14 Biz hem synaglara uçraýarys. Nähili synaglardygyny bilýärmiň? ~ Aýdaly, ejeň tort ýa-da süýji köke bişirýär. Ol saňa: «Nahar wagtyna çenli ony iýmeli dälsiň» diýýär. Emma sen gaty ajygyp, ondan bir bölejigini iýesiň gelýär. Sen ejeňe gulak asarmyň? ~ Şeýtan seniň ejeňe gulak asmagyňy islemeýär.

15 Ýadyňda bolsa, Isa-da gaty ajygypdy. Emma ol Hudaýa gulak asmagyň has wajypdygyny bilýärdi. Sen hem ejeňiň aýdan zatlaryny etseň, Isanyň göreldesine eýerersiň.

16 Çagalar saňa nas atmagy teklip edip bilerler. Olar saňa: «Nas atsaň, keýp alarsyň» diýmegi mümkin. Ýöne nas atmaklyk adamyň saglygy üçin örän zyýanly. Ýa-da saňa çilim çekmegi teklip edip bilerler. Emma çilimiň düzüminde saglyga zyýanly neşe serişdeleri bar. Şeýle ýagdaýda sen näme edersiň? ~

17 Isa bilen bolan wakany ýada salaly. Şeýtan onuň janyny howp astyna salmak üçin, ybadathananyň üstünden özüni aşak zyňmagy teklip edýär. Emma Isa ony ret edýär. Saňa-da biri janyňa howp salýan zady etdirjek bolsa näme edersiň? ~ Isa Şeýtana gulak asmady. Sen hem erbet iş etdirjek bolýan adamlara hiç haçan gulak asmaly dälsiň.

Şekillere näme üçin sežde etmeli däl?

18 Şeýle-de saňa mekdepde geçirilýän çärelerde we baýramçylyklarda kimdir birini ýa-da bir zady wasp edýän goşgyny okatjak, ýa-da aýdymy aýtdyrjak bolarlar. Olar saňa: «Muny etmeseň, seni mekdepden kowarys» diýmegi mümkin. Şonda sen näme edersiň? ~ Eger sen olaryň diýenini etseň, adama ýa-da bir zada sežde etdigiň bolar. Emma Mukaddes Ýazgylarda diňe Hudaýa sežde etmelidigi aýdylýar (Müsürden çykyş 20:4, 5).

19 Ähli adamlar dogry iş edenlerinde, saňa-da ony etmek aňsat bolýar. Emma adamlar saňa bir erbet zady etdirjek bolanlarynda, olara garşy durmak kyn bolýar. Şonda olar saňa: «Munuň hiç hili zyýany ýok» diýmegi mümkin. Emma bu zatlara Allatagalanyň nähili garaýandygyny bilmek has wajyp. Sebäbi Ýehowa adamlardan has gowy bilýär.

20 Adamlar näme diýseler-de, biz Hudaýyň nädogry hasaplaýan zatlaryny etmeli däl. Şeýlelikde, biz Iblisi gynandyryp, Hudaýy bolsa hemişe begendireris.

Şu aýatlardan synaglara nädip garşy durup bolýandygy barada köpräk bileris: Zebur 1:1, 2; Süleýmanyň tymsallary 1:10, 11; Matta 26:41 we 2 Timoteos 2:22.