Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Giriş

Giriş

«Iman we sabyrlylyk bilen wadalary miras alan adamlardan görelde alyň». ÝEWREÝLER 6:12

1, 2. Bir aýlanýan gözegçi Hudaýyň wepaly gullukçylary barada nädip gürrüň berýärdi we näme üçin olar biziň hem dostlarymyz bolup biler?

BIR uýa aýlanýan gartaşan gözegçiniň nutugyny diňlänsoň: «Ol Hudaýyň gadymy gullukçylary barada edil öz dosty ýaly gürrüň berýär» diýdi. Uýa örän dogry belläp geçdi. Sebäbi dogan Hudaýyň Sözüni köp ýyldan bäri çuňňur özleşdirip, ony adamlara öwredýär. Şol sebäpli Hudaýyň gadymy gullukçylary onuň bütin ömrüne tanaýan we ýakyn dostlary ýalydy.

2 Şeýle dostlaryň bolsa, gowy bolmazdymy näme?! Senem olary hakykatdan görýän ýaly göz öňüňe getirip bilýärmiň? Aýdaly, sen Nuh, Ybraýym pygamber, Rut, Ylýas we Ester ýaly Hudaýyň wepaly gullukçylary bilen gezelenç edip, gürrüňdeş bolýarsyň. Olar bilen köp wagtyňy geçirip, ýakyndan tanyşýarsyň. Olaryň berýän maslahatlary we ruhlandyryjy sözleri seniň durmuşyňa nähili täsir edip biljekdigi hakda oýlanyp gör! (Süleýmanyň tymsallary 13:20-ni oka).

3. a) Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýa wepaly gulluk eden erkekdir aýallaryň imanyndan näme öwrenip bileris? b) Biz haýsy soraglara serederis?

3 «Dogrular... direlende», biz Hudaýa wepaly gulluk eden erkekdir aýallar bilen, hakykatdanam, dostlaşarys (Res. iş. 24:15). Emma biz häzirem olaryň imanyndan köp zatlary öwrenip bileris. Nädip? Pawlus resul: «Iman we sabyrlylyk bilen wadalary miras alan adamlardan görelde alyň» diýýär (Ýewr. 6:12). Biz olaryň imany barada öwrenip başlamazdan öň, Pawlusyň aýdan sözlerini göz öňünde tutup, şu iki soraga seredeliň: Iman näme we ol bize näme üçin gerek? Biz Hudaýyň gadymy wepaly gullukçylarynyň göreldesine nädip eýerip bileris?

Iman näme we ol bize näme üçin gerek?

4. Köp adamlar iman barada näme pikir edýär we olar näme üçin ýalňyşýar?

4 Iman ajaýyp häsiýetdir. Şu kitapda gürrüň etjek Hudaýyň gullukçylary bu häsiýeti gymmat saýýardylar. Şu günler köp adamlar imanyň gadyryny bilmeýärler, sebäbi olar iman etmeklik hiç hili esassyz ynanmakdyr öýdýärler. Emma olar gaty ýalňyşýar. Iman ynanjaňlygy, ýöne bir duýgyny, şeýle-de Hudaýyň bardygyna ynanmagy aňlatmaýar. Ynanjaňlyk howpludyr. Sebäbi duýgy derrew döreýär-de, ýitip gidýär. Hatda Hudaýyň bardygyna ynanmak-da ýeterlikli däl. Sebäbi Hudaýyň bardygyna «jynlar hem ynanýar, sandyraşýar» (Ýakup 2:19).

5, 6. a) Imanymyz haýsy iki göze görünmeýän zada esaslanýar? b) Imanymyz nähili ynandyryjy delillere esaslanýar? Mysal getir.

5 Iman ynanjaňlykdan we Hudaýyň bardygyna ynanmakdan has köp zady aňladýar.Mukaddes Ýazgylarda onuň nämedigi düşündirilýär (Ýewreýler 11:1-i oka). Pawlus resul imanymyzyň görünmeýän iki zada esaslanýandygyny aýtdy. Birinjiden, muňa häzirki «görünmeýän» zatlarymyz degişli. Meselem, biz gözümiz bilen Ýehowa Hudaýy we onuň Ogluny hem-de häzir gökde höküm sürýän Hudaýyň Patyşalygyny görüp bilmeýäris. Ikinjiden, iman «umyt edilýän», ýagny gelejekde boljak zatlara esaslanýar. Mysal üçin, biz häzir gözümiz bilen täze dünýäde Hudaýyň Patyşalygynyň nämeleri etjekdigini görüp bilmeýäris. Onda görünmeýän zatlara iman etmegimiziň hiç hili delile esaslanmaýandygyny aňladýarmy?

6 Ýok, beýle diýip bolmaz! Pawlus resul imanyň ynandyryjy delile esaslanýandygyny aýtdy. Pawlusyň iman bu «umyt edýän zatlarymyzyň... hakykatdan-da, boljakdygyna ynanmakdyr» diýen sözlerini «eýeçilik hukugyny tassyklaýan dokument» diýip terjime etse hem bolar. Aýdaly, biri saňa jaý sowgat berýär. Elbetde, ol saňa: «Ine, seniň täze jaýyň» diýip, dokumendi berende, sen şol kagyzyň ýüzünde ýaşajakdygyňy aňlatmaýar. Emma dokument seniň kanun taýdan eýýäm jaýyň bardygyna ynandyrýar. Şonuň ýaly-da imanymyz Hudaýyň Sözündäki ähli wadalaryň doly ýerine ýetjekdigine ynandyrýar.

7. Hakyky iman nämäni aňladýar?

7 Biz Ýehowa barada bilim alanymyzda, ýüregimizde hakyky iman döreýär. Iman bize söýgüden doly Atamyzy görmäge we onuň wadalarynyň ählisiniň berjaý boljakdygyna ynanmaga kömek edýär. Emma hakyky iman köp zady aňladýar. Ähli janly-jandarlaryň iýmitlenişi ýaly, bizem imanymyzy «iýmitlendirip», ýagny berkidip durmaly. Iş ýüzünde görkezilmeýän iman ölüdir! (Ýakup 2:26).

8. Iman etmek näme üçin wajyp?

8 Iman etmek näme üçin wajyp? Pawlus resul bu soraga-da jogap berýär (Ýewreýler 11:6-ny oka). Biz iman etmesek, Hudaýa ýakynlaşyp, ony razy edip bilmeýäris. Hudaýyň niýetini amala aşyrmak üçin, biz iman etmeli. Hudaý biziň onuň bilen dostlaşmagymyzy we ony şöhratlandyrmagymyzy isleýär.

9. Ýehowa bize imanyň gerekdigini bilýändigini nädip görkezýär?

9 Ýehowa bize iman etmegiň örän gerekdigini bilýär. Şol sebäpli iman edip, ony iş ýüzünde görkezer ýaly, ol bize başgalaryň göreldesi arkaly öwredýär. Ol mesihçiler ýygnagyna ýolbaşçylyk edýän wepaly doganlary bermek bilen, bizi ýalkaýar. Hudaýyň Sözünde olaryň «imanlaryndan görelde alyň» diýilýär (Ýewr. 13:7). Mundan başga-da görelde galdyran adamlar kän. Pawlus resul «uly bulut kimin... şaýatlaryň», ýagny iman babatda görelde galdyran Hudaýyň gadymy wepaly gullukçylaryň bardygy barada ýazýar (Ýewr. 12:1). Ol Ýewreýler kitabynyň 11-nji babynda olaryň atlaryny sanap geçýär. Emma bu olaryň hemmesi däl. Mukaddes Ýazgylarda ýagdaýy biri-birinde tapawutlanýan, iman edip ýaşan erkekdir aýallaryň, garrydyr ýaşlaryň ençeme mysallary bar. Biz olardan häzir, ýagny adamlaryň Hudaýa iman etmeýän döwründe köp zatlary öwrenip bileris.

Biz başgalaryň imanyndan nädip görelde alyp bileris?

10. Şahsy okuw Hudaýyň gadymy wepaly gullukçylarynyň göreldesine eýermäge nädip kömek eder?

10 Biz adamy ýakyndan tanamasak, onuň göreldesine eýerip bilmeýäris. Şu kitaby okanyňda, Hudaýyň wepaly gullukçylary bilen seni tanyşdyrmak üçin nähili gözleg geçirilendigine düşünersiň. Özüňem gözleg geçirip, goşmaça maglumat tapsaň gowy bolar. Şahsy okuw geçireniňde, özüňde bar edebiýatlar arkaly Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmäge jan et. Okan zatlaryň barada oýlananyňda, Mukaddes Ýazgylardaky wakalary we onuň bolup geçýän döwrüni göz öňüne getirjek bol. Sen edil şol wakalara gatnaşýan ýaly sesleri eşidip, yslary duýjak bol. Esasanam, Hudaýyň wepaly gullukçylaryna duýgudaşlyk bildirmäge jan et. Olaryň duýgularyna düşündigiňçe, sen olary gözüň bilen gören ýaly bolarsyň we ýakyndan tanarsyň. Hatda olaryň käbiri ýakyn dostuň ýaly bolar.

11, 12. a) Ybraýym pygamber bilen Saranyň mysaly saňa haçan kömek edip biler? b) Hanna, Ylýas we Şamuweliň mysaly saňa näme üçin peýdaly bolar?

11 Sen Hudaýyň wepaly gullukçylaryny ýakyndan tanasaň, olaryň göreldesine eýermek islärsiň. Aýdaly, saňa täze ýumuş tabşyrýarlar. Ýehowanyň guramasy gullugyňy giňeltmegi teklip edýär. Belki, doganlar senden wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçüp, wagyz etmegi haýyş ederler. Ýa-da öň edip görmedik we saňa kyn bolup görünýän wagzyň başga görnüşine gatnaşmagy teklip ederler. Ýumşuň barada doga edip oýlananyňda, saňa Ybraýym pygamberiň göreldesi kömek edermi? Ol aýaly Sara bilen Ur şäheriniň amatly şertlerini goýup gaýtmaga taýyn bolup, bol bereket aldy. Senem olardan görelde alsaň, olary öňküdenem has gowy tanaýan ýaly bolarsyň.

12 Ýakyn dostlaryň biri ýamanlyk edendigi sebäpli göwnüçökgünlige düşseň, hatda duşuşyklara-da gidesiň gelmeýän bolsa näme? Onda Hannanyň mysalyny ýadyňa sal. Gündeşi Penina oňa ýamanlyk etse-de, ol Ýehowa sežde etmegini bes etmedi. Bu barada oýlanmak saňa dogry karara gelmäge kömek eder. Şonda Hanna seniň iň ýakyn joraň ýaly bolar. Eger sen özüňi dereksiz duýup, lapykeç bolsaň, onda Ylýas pygamberiň kyn ýagdaýa düşendigi we oňa Ýehowanyň nähili teselli berendigi barada bilseň, ol saňa has-da ýakyn görner. Şeýle-de ýaş mesihçileri klasdaşlary ahlaksyzlyk etmäge iterýän bolsa, onda olar Şamuweliň Ýehowanyň çadyrynda Eliniň ogullarynyň azgyn täsirine düşmändigini bilip, ony has gowy görerler.

13. Hudaýyň gadymy gullukçylarynyň imanyndan görelde alsaň, Ýehowa imanyňy gowşak hasaplarmy? Düşündir.

13 Hudaýyň gadymy gullukçylarynyň imanyndan görelde alsaň, onda Ýehowa seniň imanyňy gowşak hasaplarmy? Elbetde, ýok! Ýadyňda bolsa, Ýehowanyň Sözünde iman edýän adamlaryň göreldesine eýermelidigi aýdylýar (1 Kor. 4:16; 11:1; 2 Sel. 3:7, 9). Şu kitapda gürrüň berlen adamlaryň käbiri özünden öň ýaşan Hudaýyň wepaly gullukçylaryň göreldesine eýeripdiler. Meselem, 17-nji bapda Merýem eden dogasynda Hannanyň sözlerini gaýtalaýar. Bu Merýemiň imany Hannanyňkydan gowşak bolandygyny aňladýarmy? Ýok, Hannanyň göreldesi Merýeme imanyny berkitmäge we Ýehowa Hudaýyň öňünde ýagşy at gazanmaga kömek etdi.

14, 15. Bu kitabyň nähili aýratynlygy bar we ol saňa nädip has köp peýda getirip biler?

14 Bu kitap imanyňy berkitmek üçin ýazyldy. Kitapdaky baplar «Garawul diňi» žurnalynda «Olaryň imanyndan görelde alyň» atly yzygiderli çap edilen makalalardan alyndy. Emma muňa goşmaça maglumatlar, ara alyp maslahatlaşmaga we durmuşda ulanmaga kömek edýän soraglar hem goşuldy. Bu kitapda çuňňur oýlanyp çekilen reňkli suratlar bar. Öňki suratlar bolsa ulaldylyp, täzeden üstünde işlenildi. Şeýle-de kitapda kartalar we wagt çyzgysy bar. Şu kitap şahsy, maşgala okuwy hem-de ýygnakda öwrenmek üçin niýetlendi. Maşgalalaryň köpüsi ony bile okap, lezzet alyp biler.

15 Goý, bu kitap saňa Ýehowanyň gadymy wepaly gullukçylarynyň imanyndan görelde almaga kömek etsin. Şeýle-de imanyňy berkidip, gökdäki Ýehowa Atamyz bilen dostlaşmaga ýardam etsin!