Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hudaýyň islegi şumydy?

Hudaýyň islegi şumydy?

ISLENDIK gazeti okasaň, telewizora seretseň ýa-da radio diňleseň jenaýatçylyk, uruş we terrorçylyk barada köp aýdylýar. Öz kynçylyklaryň barada hem oýlanyp gör. Mümkin, sen keselden ýa-da dogan-garyndaşlaryň ölüminden ýaňa gaýgy-hasrat çekýänsiň. Senem Eýýup pygamber ýaly: «Men... gaýgydan doýdum» diýýänsiň (Eýýup 10:15).

Oýlanyp gör:

  • Biziň şeýle ýaşamagymyzy Hudaý isledimikä?

  • Kynçylyklarymyzy çözer ýaly, kömegi nireden gözlemeli?

  • Haçanam bolsa ýer ýüzünde parahatlyk bolarmyka?

Bu soraglara Mukaddes Ýazgylar jogap berýär.

MUKADDES ÝAZGYLARDA HUDAÝYŇ ÝER ÝÜZÜNDE ŞU ÖZGERIŞLERI ETJEKDIGI AÝDYLÝAR:

«Hudaý olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar» (Ylham 21:4)

«Agsak adam keýik kimin böker» (Işaýa 35:6)

«Körleriň gözi... açylar» (Işaýa 35:5)

«Gabyrdakylaryň hemmesi... direler» (Ýahýa 5:28, 29)

«Ýaşaýjylaryň hiç biri: «Men ýaramok» diýmez» (Işaýa 33:24)

«Galla... ýurtda bol bolar» (Zebur 72:16)

MUKADDES ÝAZGYLARY ÖWRENMEGIŇ PEÝDASY

Ýokardaky aýdylanlara ýöne bir arzuwdyr öýtmäge howlukma. Çünki olar Hudaýyň wadasy, Mukaddes Ýazgylar onuň nädip ýerine ýetirjekdigini düşündirýär.

Galyberse-de, Mukaddes Ýazgylar häzirden durmuşyňy manyly edýär. Öz kynçylyklaryň we aladalaryň barada oýlan. Pul ýetmezçiligi, keselçilik, maşgala agzalalygy we dogan-garyndaşlaryň ölümi ýaly aladalar durmuşymyzy gaýgylandyrýar. Mukaddes Ýazgylar olaryň hötdesinden gelmäge kömek edip, teselli berýär hem-de şu wajyp soraglara jogap berýär:

  • Biz näme üçin horluk çekýäris?

  • Durmuşyň kynçylygyny nädip ýeňmeli?

  • Maşgalany nädip bagtly etmeli?

  • Adam ölende, oňa näme bolýar?

  • Haçanam bolsa ölen dogan-garyndaşlarymyz bilen duşuşarysmy?

  • Hudaýyň gelejekde ähli wadalaryny ýerine ýetirjekdigine näme üçin ynansa bolar?

Sen, şu kitaby okasaň, Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty bilesiň gelýändigini görkezersiň. Bu kitap Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýänini bilmäge kömek eder. Üns beren bolsaň, her abzasa degişli soraglar bar. Millionlarça adamlar Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Ýazgylary sorag-jogap arkaly öwrenýär. Bu usul saňa-da ýarar diýip umyt edýäris. Okuwyň üstünlikli geçmegini arzuw edýäris! Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýändigini bilmek üçin edýän yhlasyňa, goý, Hudaý ak pata bersin!