Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Mukaddes Ýazgylaryň wagt aralygy

Mukaddes Ýazgylaryň wagt aralygy
  1. «Başlangyçda...»

  2. b. e. öň 4026 ýyl Adam ata ýaradylýar

  3. 3096 ýyl Adam ata ölýär

  4. 2370 ýyl Tupan başlanýar

  5. 2018 ýyl Ybraýym dünýä inýär

  6. 1943 ýyl Ybraýym bilen baglaşylan äht

  7. 1750 ýyl Ýusup gulçulyga satylýar

  8. 1613 ýyldan öň Eýýup synalýar

  9. 1513 ýyl Müsürden çykyş

  10. 1473 ýyl Ýeşuwyň ýolbaşçylygynda ysraýyllylar Kengana girýär

  11. 1467 ýyl Kenganyň köp bölegi basylyp alynýar

  12. 1117 ýyl Saul patyşa saýlanýar

  13. 1070 ýyl Hudaý Dawuda Patyşalygy wada berýär

  14. 1037 ýyl Süleýman tagta geçýär

  15. 1027 ýyl Ybadathananyň gurluşygy tamamlanýar

  16. takmynan 1020 ýyl Süleýmanyň aýdymy ýazylýar

  17. 997 ýyl Ysraýyl iki patyşalyga bölünýär

  18. takmynan 717 ýyl Süleýmanyň tymsallary doly ýygnalýar

  19. 607 ýyl Iýerusalim weýran edilýär; halk Babyla sürgün edilýär

  20. 539 ýyl Babyly Kir basyp alýar

  21. 537 ýyl Ýewreýler sürgünden Iýerusalime dolanýarlar

  22. b. e. öň 455 ýyl Iýerusalimiň diwarlary dikeldilýär; 69 ýyl hepdesi başlanýar

  23. b. e. öň 443 ýyldan soň Malaki pygamberlik kitabyny ýazýar

  24. takmynan b. e.öň 2 ýyl Isa dünýä inýär

  25. b. e. 29 ýyly Isa suwda çokundyrylýar we Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edip başlaýar

  26. 31 ýyl Isa 12 resulyny saýlaýar; Dagdaky wagyz

  27. 32 ýyl Isa Lazary direldýär

  28. 14 nisan b. e. 33 ýyly 1 nisan Isa öldürilýär (Nisan aýy mart we aprel aýlaryna gabat gelýär)

  29. 16 nisan Isa direlýär

  30. 33 ýyl, 6 siwan Pentikost; mukaddes ruh dökülýär (Siwan aýy maý we iýun aýlaryna gabat gelýär)

  31. 36 ýyl Kornelius mesihçi bolýar

  32. takmynan 47, 48 ýyl Pawlusyň birinji syýahaty

  33. takmynan 49—52 ýyl Pawlusyň ikinji syýahaty

  34. takmynan 52—56 ýyl Pawlusyň üçünji syýahaty

  35. b. e. 60—61 ýyly Pawlus Rimde tussaglykdaka hatlaryny ýazýar

  36. 62 ýyldan öň Isanyň dogany Ýakup hatyny ýazýar

  37. 66 ýyl Ýehudylar Rime garşy gozgalaň turuzýar

  38. 70 ýyl Rimliler Iýerusalimi we onuň ybadathanasyny weýran edýär

  39. takmynan 96 ýyl Ýahýa Ylham kitabyny ýazýar

  40. takmynan b. e. 100 ýyly Soňky resul Ýahýa ölýär