Esasy materiala geçiň

Ýehowa kim?

Ýehowa kim?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, Ýehowa ähli zady ýaradan hak Hudaý (Ylham 4:11). Ol Ybraýym pygamberiň, Musa pygamberiň we Isa pygamberiň sežde eden Hudaýydyr (1 Musa 24:27; 2 Musa 15:1, 2; Ýahýa 20:17). Ol diňe bir halkyň däl-de, «bütin dünýäniň» Hudaýydyr (Zebur 47:2).

 Mukaddes Kitaba görä, Hudaýyň ýeke-täk ady Ýehowa (2 Musa 3:15; Zebur 83:18). Bu at «bolmak» diýen ýewreý işliginden gelip çykýar. Alymlaryň köpüsi bu adyň «boldurýar» diýen manyny berýändigine göz ýetirdiler. Emma onuň adynyň manysy Ýehowanyň älem-jahanyň Ýaradyjysydygyny we niýetini amala aşyrýan Hudaýdygyny gowy suratlandyrýar (Işaýa 55:10, 11). Şeýle-de Mukaddes Kitap bize Ýehowanyň nähili Hudaýdygyny we onuň esasy häsiýeti söýgi barada bilmäge kömek edýär (2 Musa 34:5—7; Luka 6:35; 1 Ýahýa 4:8).

 Hudaýyň Ýehowa ady gadymy ýewreý golýazmalarynda 4 harp יהוה (ÝHWH), ýagny tetragrammaton görnüşinde ýazylan. Gadymy ýewreý dilinde Hudaýyň adynyň dogry aýdylyşy näbelli. Emma iňlis dilinde «Ýehowa» diýen at ilkinji gezek 1530-njy ýylda çykarylan Uilýam Tindalyň terjime eden Mukaddes Kitabynda duş gelýär a.

Gadymy ýewreý dilinde Hudaýyň adynyň dogry aýdylyşy näme üçin näbelli?

 Gadymy ýewreý dilinde çekimli harplar ýazylmaýardy. Ýöne adamlar gerekli çekimli harplary ýerinde goýup okaýardylar. Ýewreý ýazgylary («Köne äht») ýazylyp gutarylandan soň, ýewreýleriň köpüsi yrym edip, Hudaýyň adyny tutmandyrlar. Olar Mukaddes Kitapdan Hudaýyň adynyň duş gelýän ýerlerini «Reb» ýa-da «Hudaý» diýen titullara çalşyp okapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen bu yrym giňden ýaýrap, Hudaýyň adynyň dogry tutulyşy näbelli bolup galypdyr b.

 Käbirleri Hudaýyň ady «Ýahwe», başgalar bolsa ol dürli-dürli bolupdyr diýip pikir edýärler. Öli deňzinden tapylan golýazmalarda grek dilinde ýazylan Lewiler kitabynyň bir böleginde Hudaýyň ady «lao» diýip ýazylan. Şeýle-de irki grek ýazyjylary Hudaýyň adynyň «lae», «labe» ýa-da «laue» diýip tutulmagyny teklip edipdirler. Emma bu atlaryň gadymy ýewreý golýazmalarynda ulanylandygyny görkezýän hiç hili subutnama ýok c.

Hudaýyň ady baradaky nädogry düşünjeler

 Nädogry düşünje: «Ýehowa» diýen ady Mukaddes Kitaba terjimeçiler goşdular.

 Delil: Hudaýyň ady bolan tetragrammaton görnüşindäki ýewreý sözi Mukaddes Kitapda 7 000 gezek duş gelýär d. Köp terjimelerden Hudaýyň adyny aýyrdylar ýa-da ony «Reb» diýen titula çalyşdylar.

 Nädogry düşünje: Ähli zada güýji ýetýän Hudaýa aýratyn at bilen ýüzlenmek hökman däl.

 Delil: Hudaýyň ylhamy bilen Mukaddes Kitaby ýazan adamlar onuň adyny müňlerçe gezek ulandylar. Hudaý öz adyny gullukçylarynyň tutmagyny isleýär (Işaýa 42:8; Ýowel 2:32; Melek 3:16; Rimliler 10:13). Ol geçmişde halkyna adyny unutdyrmak islän ýalan pygamberleri ýazgarypdy (Ýermeýa 23:27).

 Nädogry düşünje: Ýewreý däp-dessurlaryna görä, Hudaýyň adyny Mukaddes Kitapdan aýyrsa bolýar.

 Delil: Ýewreý ýazyjylarynyň käbiri Hudaýyň adyny ulanmasa-da, ony asyl nusgadaky Mukaddes Kitapdan aýyrmandyr. Nähili ýagdaý bolaýanda-da, Hudaý biziň tabşyryklaryna laýyk gelmeýän ynsan düşünjelerine eýermegimizi islemeýär (Matta 15:1—3).

 Nädogry düşünje: Ýewreý dilinde Hudaýyň adynyň dogry tutulyşy näbelli. Şol sebäpli onuň adyny Mukaddes Kitapdan aýyrmaly.

 Delil: Bu sözlere görä, adamlar dürli dilde gepleseler-de, Hudaý olardan öz adyny birmeňzeş tutmagyny talap edýär diýip pikir edýärler. Ýöne Mukaddes Kitapda dürli dilde gepleýän Hudaýyň geçmişdäki gullukçylarynyň hem birmeňzeş atlary öz diline görä tutandygy aýdylýar.

 Geliň, Ysraýyl kazysy Ýeşuwanyň mysalyna seredeliň. I asyrda ýaşan ýewreý dilinde gepleýän mesihçiler onuň adyny «Ýehoşua», grek dilinde gepleýän mesihçiler bolsa «Iesus» diýip tutan bolmaly. Mukaddes Kitapda Ýeşuwanyň ýewreý adynyň grekçe tutulyşy ýazylan. Diýmek, mesihçiler bu ady ene dilinde aýdylyşyna görä ulanypdyr (Resullar 7:45; Ýewreýler 4:8).

 Şu prinsip Hudaýyň adyny terjime edenimizde hem ýerlikli. Hudaýyň adynyň Mukaddes Kitapda durmaly ýerinde goýulmagy, onuň tutulyşyndan has wajypdyr.

a Tindal Mukaddes Kitabyň ilkinji bäş kitabyny terjime edende «Iehouah» diýip ulanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen iňlis diliniň üýtgändigi sebäpli Hudaýyň ady başgaça tutulyp başlandy. Mysal üçin, 1612-nji ýylda Genri Ainswors Zebur kitabyny terjime edende «Iehowah» diýip ulanypdyr. Ol 1639-njy ýylda terjimesine gaýtadan seredende «Ýehowa» diýip ýazýar. Edil şonuň ýaly, 1901-nji ýylda neşir edilen Mukaddes Kitabyň «Amerikan standart terjimesinde» Hudaýyň adynyň Ýewreý ýazgylarynda duş gelýän ýerinde «Ýehowa» diýlip ýazylan.

b «Täze katolik ensiklopediýasynda» (neşir II, XIV tom, sahypa 883, 884) şeýle diýilýär: «Wawilon ýesirliginden soňra „Ýahwe“ adyndan gorkup, onuň deregine ADONAÝ (Reb) ýa-da ELOHIM (Hudaý) diýen atlary ulanyp başlapdyrlar».

c Köpräk maglumat tapmak üçin Mukaddes Kitabyň «Täze Dünýä terjimesindäki» «Töwratda Hudaýyň ady» diýen A4 goşmaça maglumata serediň.

d Şeýle-de «Theological Lexicon of the Old Testament» II tom, 523, 524-nji sahypalaryna serediň.