Esasy materiala geçiň

Isa Gudratygüýçli Hudaýmy?

Isa Gudratygüýçli Hudaýmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Duşmanlary Isany özüni Hudaýa deňemekde aýypladylar (Ýahýa 5:18; 10:30—33). Emma Isa hiç wagt özüni Gudratygüýçli Hudaýa deňemeýärdi. Ol: «Atam menden beýikdir» diýdi (Ýahýa 14:28).

 I asyrdaky şägirtleri hem Isany Gudratygüýçli Hudaýa deňemeýärdi. Meselem, Isa direlenden soň, Pawlus resul: «Hudaý ony (Isany) juda beýgeltdi» diýip ýazdy. Dogrudanam, Pawlus Isany Gudratygüýçli Hudaý hasaplamaýardy. Eger şeýle bolsa, onda Hudaý Isany nädip beýgeldip bilerdi? (Filipililer 2:9)