Esasy materiala geçiň

Jynlar hakykatdan-da barmy?

Jynlar hakykatdan-da barmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Hawa. Jynlar — «günä eden perişdeler», olar Hudaýa garşy pitne turuzdylar (2 Petrus 2:4). Ilkinji günä eden perişde — Şeýtan Iblis. Mukaddes Kitapda oňa «jynlaryň hökümdary» diýilýär (Matta 12:24, 26).

Nuh pygamberiň döwründe turan pitne

 Mukaddes Kitapda Nuh pygamberiň döwründe perişdeleriň pitne turzandygy barada şeýle diýilýär: «Ylahy barlyklar bu ynsan gyzlarynyň owadanlygyny görüp, olardan öz halanlaryny aýallyga aldylar» (1 Musa 6:2). Bu zalym perişdeler gelin-gyzlar bilen ahlaksyzlyk etmek üçin gökde «ýaşaýan ýerlerini terk edip», ynsan keşbine girdiler (Ýahuda 6).

 Tupan başlananda, pitne turzan perişdeler ynsan keşbini taşlap, göge dolandylar. Emma Hudaý olary gökdäki maşgalasyndan kowdy. Gaýdyp olara ynsan keşbine girmäge rugsat berilmeýär (Efesliler 6:11, 12).