Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitaby aslynda kimiň ýazandygyny bilýän adam barmy?

Mukaddes Kitaby aslynda kimiň ýazandygyny bilýän adam barmy?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Köp adamlara Mukaddes Kitaby kimiň ýazandygyny anyk bilip bolmaýar diýip öwredýärler. Emma Mukaddes Kitabyň köp ýerinde ony kimiň ýazandygy açyk aýdylýar. Ondaky kitaplaryň käbiri «Nehemýa, ine, şulary gürrüň berdi», «Işaýanyň... gören görnüşleri», «Ýowele Rebbiň şu sözi geldi» diýen ýaly sözler bilen başlanýar (Nehemýa 1:1; Işaýa 1:1; Ýowel 1:1).

 Mukaddes Kitaby ýazan adamlaryň köpüsi ýeke-täk hak Hudaý Ýehowanyň adyndan ýazandygyna we onuň görkezmesine görä hereket edendigine düşünýärdiler. Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylaryny ýazan adamlar 300-den gowrak gezek «Reb şeýle diýýär» diýip ýazypdyrlar (Amos 1:3; Mika 2:3; Nahum 1:12). Olaryň käbirine Hudaý öz habaryny perişdesi arkaly ýetiripdi (Zakarýa 1:7, 9).

 Mukaddes Kitap 1 600 ýylyň dowamynda 40-a golaý adam tarapyndan ýazyldy. Olaryň käbiri Mukaddes Kitabyň birnäçe kitabyny ýazdy. Mukaddes Kitaba 66 kitapdan ybarat bolan kiçijik kitaphana diýse bolar. Köplenç Köne äht diýip atlandyrylýan Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylarynda 39 kitap, Täze äht diýilýän Injilde bolsa 27 sany kitap bar.