Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitap bergi etmek we pul bilen bagly kynçylyklary çözmäge kömek edermi?

Mukaddes Kitap bergi etmek we pul bilen bagly kynçylyklary çözmäge kömek edermi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Hawa. Mukaddes Kitapda bergi etmek we pul bilen bagly kynçylyklary çözmäge kömek edýän dört sany prinsip bar:

  1.   Çykdajylaryňyzy öňünden hasaplaň. «Işeňňir adamyň pikirleri diňe bolçulyga getirýändir; alňasak adamlaryň barysy diňe garyplyga barýandyr» (Nakyllar 21:5). Arzanladyşda goýlan zatlary almaga howlukmaň. Girdejiňizi öňünden hasaplap, şoňa görä hereket ediň.

  2.   Bergi etmekden gaça duruň. «Bergili karz bereniň hyzmatkäridir» (Nakyllar 22:7). Eger siz bergi edip, ony wagtynda berip bilmeýän bolsaňyz, onda bergidaryňyz bilen ony haçan berip biljekdigiňiz barada ýene-de gepleşiň. Tutanýerli boluň. Şeýle ýagdaýda pikirlenmän karz berip, üstüne jogapkärçilik alan adam bilen gepleşmek üçin Mukaddes Kitapdaky şu maslahaty ulanyň: «Goňşyň ýanynda özüňi kiçelt, gaýrat et. Gözleriňe uky, gabaklaryňa irkilme berme» (Nakyllar 6:1—5). Eger bu ilkibada başa barmasa, ýene-de gepleşip görüň.

  3.   Puluň guly bolmaň. «Açgöz adam baýlygyň yzynda hars urýandyr, başyna garyplygyň geljekdigini bilýän däldir» (Nakyllar 28:22). Göriplik we açgözlük diňe bir maddy taýdan kynçylyk döretmän, eýsem ruhy ýagdaýymyza-da täsir edip biler.

  4.   Bar zadyňyza kaýyl boluň. «Iýmäge, geýmäge zadymyz we ýaşara ýerimiz bar bolsa, biz muňa kaýyldyrys» (1 Timoteos 6:8). Bagty pul bilen satyn alyp bolmaýar. Hatda iň bagtly adamlaram baý däl. Emma olaryň maşgalasyna, dost-ýarlaryna söýgüsi we Hudaý bilen berk dostlugy bar (Nakyllar 15:17; 1 Petrus 5:6, 7).