Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

39-NJY SAPAK

Ysraýylyň ilkinji patyşasy

Ysraýylyň ilkinji patyşasy

Ýehowa serdarlary belleýärdi. Olar ysraýyl halkyna seredýärdi. Ýöne halk patyşanyň bolmagyny isleýärdi. Şonuň üçin olar Şamuwel pygambere: «Hemme halkyň patyşasy bar. Bize-de patyşa belle» diýýär. Ýöne Şamuwel halkyň aýdanyny edesi gelmedi. Şonuň üçinem ol Ýehowa doga edýär. Ýehowa Şamuwele şeýle diýýär: «Halk senden däl-de, menden ýüz öwürýär. Olaryň aýdyşy ýaly patyşa belle. Ýöne olar patyşa üçin köp zat etmeli bolar». Halk şonda-da Şamuwele: «Näme bolsa, şol bolsun. Bize patyşa belle!» diýýär.

Soňra Ýehowa Şamuwele kimi patyşa bellemelidigini aýdýar. Onuň ady Şawuldy. Ol Ysraýylyň ilkinji patyşasy bolmalydy. Bir gün Şawul Şamuweliň ýanyna gelýär. Ol Rama şäherindedi. Şonda ol Şawuly patyşa belleýär. Ol Şawulyň kellesine ýag guýýar.

Soňra Şamuwel halky bir ýere ýygnaýar. Olara täze patyşany görkezjek bolýar. Ýöne Şawuly hiç ýerden tapmaýarlar. Näme üçin? Ol goşlaryň arasynda gizlenipdir. Olar ahyry Şawuly tapýarlar. Ony halkyň öňüne getirýärler. Şawulyň boýy hemmelerden uzyndy. Özem owadandy. Şamuwel: «Ine, Ýehowanyň saýlany» diýdi. Adamlar hem: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyrdylar.

Başda Şawul patyşa Şamuweliň aýdanyny edýärdi. Ýehowa hemişe gulak asýardy. Ýöne wagt geçensoň üýtgeýär. Meselem, patyşalar Ýehowa gurbanlyk bermeli däldi. Bir gezek Şamuwel: «Şawul, barýançam garaş» diýýär. Ýöne Şamuwel wagty bilen gelmeýär. Şawul Ýehowa gurbanlyk berýär. Şonda Şamuwel: «Şawul, sen Ýehowa gulak asmadyň» diýýär. Şawul ýalňyşyna düşünip düzeldimi?

Bir gezek bolsa Şawul amalekler bilen söweşýär. Şamuwel oňa: «Hemmesini öldür» diýýär. Ýöne Şawul Agag patyşany öldürmeýär. Ýehowa Şamuwele: «Şawul indi maňa gulak asmaýar» diýýär. Şamuwel örän gynanýar. Ol Şawula: «Sen Ýehowa gulak asmadyň. Indi ol başga birini patyşa bellär» diýýär. Şamuwel gitmek üçin yzyna öwrülýär. Şonda Şawul onuň donundan ýapyşýar. Ýöne don elinden sypýar. Şamuwel pygamber Şawula: «Ýehowa-da patyşalygyňy şeýdip eliňden alar. Senden has gowy birini patyşa bellär. Ol Hudaýy söýer, oňa gulak asar» diýýär.

«Ýehowa gulak asmak ähli gurbanlykdan gowudyr» (1 Şamuwel 15:22).