Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

51-NJI SAPAK

Goşunbaşy bilen gyzjagaz

Goşunbaşy bilen gyzjagaz

Ysraýylda bir gyzjagaz bardy. Bir gün esgerler ony Siriýa äkidýär. Ol ýer uzakdady. Gyzjagaz bir goşunbaşynyň aýalyna hyzmat edýärdi. Goşunbaşynyň ady Nagymandy. Gyzjagaz Ýehowa sežde edýärdi. Ýöne Siriýadakylaryň hiç biri Ýehowa sežde etmeýärdi.

Bir gezek Nagyman erbet keselleýär. Onuň endamyna ýara çykýar, hemme ýeri agyrýar. Ysraýylly gyzjagazyň oňa kömek edesi gelýär. Ol Nagymanyň aýalyna: «Men Ysraýylda birini tanaýan. Ol hojaýyny sagaldyp bilýär. Ol Ýehowanyň pygamberi. Onuň ady Alyşa» diýýär.

Aýaly Nagymana gyzjagazyň aýdanlaryny gürrüň berýär. Nagyman sagalmak isleýärdi. Şonuň üçinem Ysraýyla gidýär. Ol Alyşa pygamberiň öýüne barýar. Ol pygamber öňünden çykyp, garşy alar öýdýär. Ýöne onuň öňünden Alyşa däl-de, hyzmatkäri çykýar. Alyşa hyzmatkärine: «Nagyman Iordan derýasyna gidip, ýedi gezek çümüp çyksyn. Şonda ol sagalar» diýipdi. Hyzmatkär hem Nagymana aýdýar.

Nagyman örän gynanýar. Ol: «Pygamber Hudaýyny çagyrar, soňra gudrat bilen meni sagaldar öýtdüm. Ol bolsa: „Iordana çümüp çyk“ diýipdir. Ýöne Siriýadaky derýalar has gowy. Şoňa çümüp çyksamam sagalaryn» diýýär. Nagyman gaharlanyp, Alyşanyň öýünden gaýdýar.

Hyzmatkärleri Nagymana gowy maslahat berip, ony köşeşdirýär. Olar: «Keseliňden sagalmak üçin näme et diýseler ederdiň. Pygamber saňa kyn zat et diýmedi. Diňe suwa çümüp çykaýmaly» diýýär. Nagyman olara gulak asýar. Ol Iordan derýasyna gidip, ýedi gezek suwa çümüp çykýar. Ýedinji gezekden soň, Nagyman sagalýar. Onuň hiç ýerinde ýara galmaýar. Ol begenip, Alyşa minnetdarlyk aýtmaga gidýär. Nagyman: «Ýehowa hak Hudaý eken» diýýär. Nagymanyň sagalanyna ysraýylly gyzjagaz begendimikä?

«Çagalar we bäbekler saňa alkyş aýdarlar» (Matta 21:16).