Ester 1:1—22

  • Haşaýar patyşanyň oturylyşygy (1—9)

  • Şa aýaly Waşty buýrugy berjaý etmekden boýun gaçyrýar (10—12)

  • Patyşa emeldarlary bilen maslahatlaşýar (13—20)

  • Patyşanyň permany jar edilýär (21, 22)

1  Haşaýar* patyşa Hindistandan tä Efiopiýa* çenli 127 welaýata hökümdarlyk edýärdi+.  Şol döwür Haşaýar patyşa Şuşandaky*+ köşgünden höküm sürýärdi.  Ol hökümdarlygynyň üçünji ýylynda ähli han⁠-⁠begleri we köşk emeldarlary üçin oturylyşyk gurnady. Oturylyşyga Pars+ we Midiýa+ goşun serkerdeleri, töreleri, welaýat häkimleri geldiler.  Patyşa myhmanlara 180 günläp şan⁠-⁠şöhratyny, at⁠-⁠abraýyny we beýik patyşalygynyň baýlygyny görkezdi.  Soňra patyşa Şuşan galasynyň baýlary we garyplary üçin köşgüniň bagynda ýedi günläp oturylyşyk etdi.  Köşgüň bagy ak we mawy zygyr* perdeler bilen bezelendi. Perdeler ak ýüplükden we badam reňkli ýüňden örülen bagjyklar bilen mermer sütünleriň kümüş halkalaryna daňlandy. Ak, gyzyl, gara mermer we dürdäneler bilen bezelen ýanýodada altyn⁠-⁠kümüş kürsüler goýlandy.  Patyşanyň saçagyna köp şerap goýuldy. Gelen adamlara bir⁠-⁠birinden owadan altyn bulgurlarda şerap berildi.  Myhmanlary içmäge mejbur etmediler, sebäbi patyşa we köşk emeldarlary myhmanlaryň islegine görä şerap guýup bermegi tabşyrypdy.  Şa aýaly Waşty+ hem Haşaýar patyşanyň köşgünde zenanlar üçin oturylyşyk gurnady. 10  Ýedinji gün diýlende, şerapdan keýpi kök patyşa ýedi geňeşçisine*: Mehumana, Bizta, Harbona+, Bigta, Abagta, Zetara we Karkasa 11  aýaly Waştyny täjini geýdirip getirmegi buýurdy. Ol aýalynyň gözelligini myhmanlara we han⁠-⁠beglere görkezmek isledi, sebäbi patyşanyň aýaly örän owadandy. 12  Köşk emeldarlary patyşanyň buýrugyny Waşta ýetirdiler, emma ol buýrugy berjaý etmekden çürt⁠-⁠kesik boýun gaçyrdy. Muny eşiden patyşa gahardan ýaňa ýarylaýjak boldy. 13  Patyşa gadymy däp⁠-⁠dessurlary gowy bilýän akyldarlaryny çagyrdy. (Patyşa ähli meselelerde kanuny we kazyýeti gowy bilýän adamlar bilen maslahatlaşýardy. 14  Patyşanyň ýakyn maslahatçylary Karşen, Şetar, Admata, Tarşyş, Meras, Marsen, Memuhandy. Olar Pars we Midiýanyň ýedi hanydy+, patyşanyň ýokary wezipeli emeldarlarydy). 15  Patyşa olara: «Şa aýaly Waşty emeldarlarym arkaly beren buýrugyma tabyn bolmady. Kanuna görä nähili çäre görmeli?» diýdi. 16  Memuhan patyşanyň we hanlaryň öňünde şeýle diýdi: «Şa aýaly Waşty diňe patyşa däl, eýsem ähli han⁠-⁠beglere, Haşaýar patyşanyň golastyndaky welaýatlaryň halklaryna garşy günä etdi+. 17  Sebäbi şa aýalyň eden işini başga aýallar eşitse: „Haşaýar patyşa aýaly Waştyny huzuryna çagyrsa⁠-⁠da, ol barmady“ diýerler we ärlerini kemsidip başlarlar. 18  Indi şa aýaly sebäpli Pars we Midiýa han⁠-⁠begleriniň aýallary hem ärleri bilen şeýle gepleşer, olaryň maşgalasynda nägilelik we äsgermezçilik bolar. 19  Eger patyşa makul bilse, bir perman çykarsyn. Şa aýaly Waşty Haşaýar patyşanyň huzuryna barmasyn diýip, parslaryň we midiýalylaryň kanunyna girizilsin, hiç haçan üýtgedilmesin+. Goý, patyşa Waştynyň täjini mynasyp gyza geýdirsin. 20  Patyşanyň çykaran permany patyşalygyň ähli ýerlerinde yglan edilsin. Şonda baýlaryň⁠-⁠da, garyplaryň⁠-⁠da aýallary ärine hormat goýar». 21  Maslahat patyşanyň we hanlaryň göwnünden turdy. Patyşa Memuhanyň aýdyşy ýaly etdi. 22  Ol ähli welaýatlara+, olaryň hersine öz elipbiýinde*, ene dilinde hatlary ýollady. Patyşanyň permanynda her bir erkek adam öz öýüniň hojaýyny bolsun, öý⁠-⁠içerisi onuň dilinde geplesin diýip ýazylandy.

Çykgytlar

Beýik Dariý (Dariý Histaspis) patyşanyň ogly Kserks I barada gürrüň edilýän bolmaly. Käbir taryhy kitaplarda Ahaşweroş diýilýär.
Ýa⁠-⁠da: Kuşa.
Ýa⁠-⁠da: Suzadaky.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: maslahatçysyna; ynamdar hyzmatkärine.
Ýa⁠-⁠da: ýazuwynda.