Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Mukaddes Kitabyň sözlügi

A B Ç D E Ä F G H I J K L M N O Ö P R S Ş T U Ü W Y Ý Z

A

  • Aw.

    Wawilon ýesirliginden soň, ýehudylaryň dini senenamasy boýunça 5-nji aý, ekerançylyk senenamasy boýunça 11-nji aý. Iýulyň ortasyndan awgustyň ortasyna çenli dowam edýär. Mukaddes Kitapda aýyň ady agzalman, diňe «bäşinji aý» diýilýär (4Ms 33:38; Hyd 7:9). Goşmaça maglumata serediň: B15.

  • Abyp.

    Ýehudylaryň dini senenamasy boýunça 1-nji aýyň, ekerançylyk senenamasy boýunça 7-nji aýyň öňki ady. «Ýaşyl sümmül» diýmegi aňladýar. Martyň ortasyndan apreliň ortasyna çenli dowam edýär. Wawilon ýesirliginden soň, nisan aýy diýildi (5Ms 16:1). Goşmaça maglumata serediň: B15.

  • Adar.

    Wawilon ýesirliginden soň, ýehudylaryň dini senenamasy boýunça 12-nji aý, ekerançylyk senenamasy boýunça 6-njy aý. Fewralyň ortasyndan martyň ortasyna çenli dowam edýär (Est 3:7). Goşmaça maglumata serediň: B15.

  • Agşam nahary.

    Isanyň ölüminiň ýatlama agşamy. Şol agşam iýilýän hamyrmaýasyz çörek Isanyň bedenini, içilýän şerap bolsa ganyny aňladýar. Mesihçilere Isanyň ölümini ýatlamak tabşyrylypdy. Şonuň üçin oňa «Ýatlama agşamy» hem diýilýär (1Kr 11:20, 23—26).

  • Agta.

    Erkeklik agzasynyň mäzleri aýrylan, biçilen adam. Agta adamlar köşkde patyşanyň aýalyna we gyrnaklaryna hyzmat edýärdiler. Käbir aýatlarda göni manyda agta adam däl-de, köşk emeldary göz öňünde tutulýar. Hudaýa has köp gulluk etmek üçin, özüne erk edip, durmuş gurmaýan adama «Patyşalyk üçin agta» diýilýär (Mat 19:12; Est 2:15; Res 8:27).

  • Agy aýdymy.

    Ýakynyň ýa-da dostuň aradan çykanda, hasrat çekip aýdylýan gynançly aýdym. Ýas aýdymy hem diýilýär (2Şm 1:17; Zb 7:Sözb).

  • Agyr muşakgat.

    Serediň: ULY BETBAGTÇYLYK.

  • Agyz beklemek.

    Belli bir wagt aralygynda hiç zat iýip içmezlik. Ysraýyllar Günä geçilýän günde, hasrat çekende we Hudaýdan maslahat soramaly bolanda agyz bekleýärdiler. Ýehudylar kyn günlerini ýatlamak üçin, ýylda dört gezek agyz bekleýärdiler. Mesihçilerden agyz beklemek talap edilmeýär (Hyd 8:21; Işa 58:6; Luk 18:12).

  • Ahaýýa.

    Injilde agzalýan Rim imperiýasynyň welaýaty. Gresiýanyň günortasynda ýerleşýärdi, merkezi şäheri Korinfdi. Gresiýanyň merkezi bölegi we Peloponnes hem Ahaýýa degişlidi (Res 18:12). Goşmaça maglumata serediň: B13.

  • Ahlaksyz aýal; azgyn erkek.

    Pul üçin jynsy gatnaşyk edýän adam. Grekçe «porne» sözi «satmak» diýmegi aňladýar. Mukaddes Kitapda köplenç aýallara degişli ulanylýar, ýöne azgyn erkekler barada hem aýdylýar. Töwratda ahlaksyzlyk gadagan edilipdi. Ahlaksyzlyk edip gazanylan puly Ýehowanyň öýüne sadaka bermek bolmaýardy. Buthanalarda bolsa erkekler we aýallar ahlaksyzlyk edip pul gazanýardylar (5Ms 23:17, 18; 1Pa 14:24). Mukaddes Kitapda şol jümle göçme manyda hem ulanylýar. Özlerini hudaýhon hasaplap, butparazlyk edýän adamlar, halklar we guramalar ahlaksyz aýala meňzedilýär. Meselem, ähli ýalan dinleri aňladýan «Beýik Wawilona» Ylham kitabynda «ahlaksyz aýal» diýilýär, sebäbi ýalan dinler täsirini güýçlendirmek we pul gazanmak üçin dünýäniň hökümdarlary bilen ýakyndan iş salyşýarlar (Ylh 17:1—5; 18:3; 1Tr 5:25).

  • Ahlaksyzlyk.

    Grekçe «porneýa». Hudaýyň gadagan eden ahlaksyz işlerini aňladýar. Zyna, gomoseksualizm, jelepçilik, nikadan öň jynsy gatnaşyk ýa-da haýwanlar bilen jynsy gatnaşyk etmek degişli. Ylham kitabynda «Beýik Wawilonyň», ýagny ýalan dinleriň göçme manyda ahlaksyzlyk edýändigi aýdylýar. Ýalan dinler täsirini güýçlendirmek we pul gazanmak üçin dünýäniň hökümdarlary bilen ýakyndan iş salyşýarlar (Ylh 14:8; 17:2; 18:3; Mat 5:32; Res 15:29; Gal 5:19). Serediň: AHLAKSYZ AÝAL; AZGYN ERKEK.

  • Alamat.

    Häzirki ýa-da geljekki wakalary görkezýän zat, hereket, ýagdaý we görnüş (1Ms 9:12, 13; 2Pa 20:9; Mat 24:3; Ylh 1:1).

  • Alamut.

    Aýdym-saz bilen bagly söz. «Gelin-gyzlar» diýmegi aňladýar. Belent ses bilen aýdym aýdýan gelin-gyzlar göz öňünde tutulýan bolmaly. Aýdymyň bir bendiniň ýa-da gaýtalamagynyň ýokary heňde aýdylmagyny görkezýär (1Tr 15:20; Zb 46:Sözb).

  • Alebastr.

    Alebastr daşyndan ýasalan kiçijik küýze. Müsüriň Alebastron şäheriniň golaýyndan tapylan daşdan ýasalypdyr. Gymmatbaha ýag ýa-da atyr dökülmez ýaly, küýzäniň bokurdagy inçe edilýärdi (Mar 14:3).

  • Alfa we Omega.

    Grek elipbiýiniň birinji we soňky harplary. Ylham kitabynda Hudaýyň tituly hökmünde üç gezek duş gelýär. «Ilkinji we soňky» hem-de «başlangyç we ahyrky» diýmegi aňladýar (Ylh 1:8; 21:6; 22:13).

  • Alla.

    Gudratygüýçli Hudaý, Ýaradan. Ýewreýçe «Elohim» sözi «Ýaradan» diýmegi aňladýar. Mukaddes Kitapda «Elohim» sözi «Hudaý» we «Alla» diýip terjime edildi. Türkmen diliniň sözlüginde «Alla» sözi Hudaý, Taňry we Biribar diýip düşündirilýär.

  • Allatagala.

    «Belent mertebeli» ýa-da «Beýik Hudaý» diýmegi aňladýar. «Tagala» diýen söz Ýehowanyň hemmelerden beýikdigini görkezýär (Zb 83:18). «Allatagala» sözi ilkinji gezek 1 Musa 14:18—20-nji aýatlarda duş gelýär. Şol aýatlarda Mäliksadyga «Allatagalanyň ruhanysy» diýilýär. Ol Ybraýym pygambere Allatagalanyň adyndan ak pata berip, Allatagalany şöhratlandyrdy (5Ms 32:8; Dan 7:25; Zb 78:56; Res 7:48).

  • Ant içmek.

    Bir zadyň dogrudygyny tassyklamak, bir işi etmek ýa-da etmezlik üçin berilýän wada. Wezipeli adamyň, esasan-da, Hudaýyň öňünde ant içilýärdi. Ýehowa hem Ybraýym pygamber bilen baglaşan ähtini tassyklamak üçin ant içipdi (1Ms 14:22; Ýew 6:16, 17).

  • Araçy.

    Iki tarapy ýaraşdyrýan adam. Mukaddes Kitapda Musa pygambere Kanun ähtiniň, Isa pygambere täze ähtiň araçysy diýilýär (Gal 3:19; 1Tm 2:5).

  • Aram; arameýler.

    Samyň ogly Aramyň nesli. Olar Liwan daglaryndan Mesopotamiýa çenli, demirgazykda ýerleşýän Toros daglaryndan Damasga we onuň günortasyna çenli aralykda ýaşapdyrlar. Şol aralyga ýewreýler Aram diýýän eken. Soňra Aram ýurduna Siriýa, ilatyna bolsa siriýalylar diýlipdir (1Ms 25:20; 5Ms 26:5; Hoş 12:12).

  • Arameý dili.

    Ýewreý diline ýakyn dil, elipbiýi hem meňzeş. Başda diňe arameýleriň dili hasaplanýardy, soňra halkara dile öwrüldi. Assiriýa we Wawilon imperiýalarynda söwda-satykda we gepleşikde ulanylypdyr. Pars imperiýasynyň hem döwlet dilidi (Hyd 4:7). Hydyr, Ýermeýa we Danyýar kitaplarynyň käbir aýatlary arameý dilinde ýazylypdyr (Hyd 4:8—6:18; 7:12—26; Ýer 10:11; Dan 2:4b—7:28).

  • Ares.

    Afinadaky beýik depäniň ady. Akropolisiň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär. Şol ýerde kazyýet mejlisi ýa-da ýygnaklar geçirilýärdi. Stoik we epikurçy filosoflar Pawlusyň dini ynançlaryny diňlemek üçin, ony Ares depesine getiripdi (Res 17:19).

  • Armageddon.

    Ýewreýçe «Har-Megiddon». «Megiddo dagy» diýmegi aňladýar. «Gudratygüýçli Hudaýyň beýik gününde boljak söweşe» Armageddon diýilýär. Şonda «bütin ýer ýüzüniň patyşalary» Ýehowa garşy söweşe çykarlar (Ylh 16:14, 16; 19:11—21). Serediň: ULY BETBAGTÇYLYK.

  • Aselgeýa.

    Serediň: HAÝASYZLYK.

  • Asman melikesi.

    Ýermeýa pygamberiň döwründe Hudaýdan ýüz öwren ysraýyllaryň sežde eden aýal taňrysynyň tituly. Käbirleriniň aýtmagyna görä, wawilonlylaryň aýal taňrysy Iştar (Astarta) bolmagy mümkin. Şumerleriň Innin taňrysynyň ady hem «Asman melikesi» diýmegi aňladýar. Ady asman bilen bagly bolsa-da, hasyl taňrysy hasaplanypdyr. Gadymy Müsür ýazgylarynda Astarta «Asmanyň soltany» hem diýilýär (Ýer 44:19).

  • Aştoret.

    Kenganlaryň aýal taňrysy. Söweş we hasyl taňrysy hasaplanýardy, Bagal taňrysynyň aýaly (1Şm 7:3).

  • Aýdymçylaryň ýolbaşçysy.

    Zebur kitabyna görä, aýdymlaryň gowy aýdylmagyna gözegçilik eden adam. Ol aýdymçy lewilere aýdym aýtmagy öwredýärdi, taýýarlaýardy we wajyp çäreleri gurnaýardy. Käbir terjimelerde «baş sazanda» we «aýdym-saz ýolbaşçysy» hem diýilýär (Zb 4:Sözb; 5:Sözb).

  • Azat adam; azatlyga çykan.

    «Azat adam» — Rim imperiýasynda azat bolup doglan we raýatlyk hukugyndan doly peýdalanyp bilýän adam. «Azatlyga çykan» diýlende, gulçulykdan boşadylan adam göz öňünde tutulýar. Kanun esasynda azatlyga çykansoň, ol Rimiň raýaty bolýardy, ýöne ýokary wezipeleri eýeläp bilmeýärdi. Azatlyga kanun esasynda çykmadyk adam bolsa raýatlyk hukugyndan doly peýdalanyp bilmeýärdi (1Kr 7:22).

  • Azatlyk ýyly.

    Ysraýyllar Wada edilen ýurda baransoň, her 50-nji ýyl Azatlyk ýyly hasaplanýardy. Şol ýyl ekin ekilmeýärdi, ýewreý gullary azatlyga çykarylýardy. Mülküni satan adam yzyna alyp bilýärdi. Azatlyk ýyly baýramçylyk ýylydy. Şol ýyl halkyň käbir hukuklary dikeldilýärdi (3Ms 25:10).

  • Azazyl.

    Ýewreý dilindäki şu söz «ýitip gidýän geçi» diýmegi aňladýan bolmaly. Günä geçilýän gün bir geçini saýlap, halkyň günälerini boýnuna ýükleýärdiler. Azazyl geçisini çöle goýberýärdiler (3Ms 16:8, 10).

  • Aziýa.

    Injilde «Aziýa» diýlende, Rimiň welaýaty göz öňünde tutulýar. Häzirki Türkiýäniň günbatar tarapy. Samos we Patmos ýaly adalaryň kenarýakalary hem degişlidi. Merkezi şäheri Efesdi (Res 20:16; Ylh 1:4). Goşmaça maglumata serediň: B13.

B

  • Bagal.

    Kenganlaryň taňrysy. Asmanyň hojaýyny, ýagşyň we hasylyň taňrysy hasaplanýardy. Başga-da käbir taňrylara «Bagal» diýilýärdi. Ýewreý dilinde «hojaýyn, eýe» diýmegi aňladýar (1Pa 18:21; Rim 11:4).

  • Baş perişde.

    Mukaddes Kitapda birlik sanda ulanylyp, ýekeje baş perişdäniň bardygyny görkezýär. Baş perişdäniň ady Mikaýyl (Dan 12:1; Ýhd 9; Ylh 12:7).

  • Baş ruhany.

    Musanyň kanunyna görä, halkyň adyndan Hudaýa hyzmat eden ruhany. Beýleki ruhanylara-da ýolbaşçylyk edýärdi. «Uly ruhany» hem diýilýär (2Tr 26:20; Hyd 7:5). Çadyryň we ybadathananyň iň mukaddes otagyna diňe baş ruhany girip bilýärdi. Emma ol ýylda bir gezek, ýagny Günä geçilýän gün girmelidi. Isa Mesihe-de «baş ruhany» diýilýär (3Ms 16:2, 17; 21:10; Mat 26:3; Ýew 4:14).

  • Baş Ýolbaşçy.

    Isa Mesihiň wajyp ornuny görkezýär. Ol Hudaýa wepaly adamlary günäden we ölümden azat edip, ebedi ýaşaýşa ýetirer (Res 3:15; 5:31; Ýew 2:10; 12:2).

  • Batman.

    Ýehudylaryň iň uly agyrlyk ölçegi we pul birligi. Agramy 34,2 kg. Grekleriň batmany kiçiräkdi. Agramy 20,4 kg (1Tr 22:14; Mat 18:24). Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • Batyrgaý geplemek.

    Grekçe «parresia». Dini ynançlaryň hakda çekinmän wagyz etmegi ýa-da gürrüň bermegi aňladýar. Ynamly bolup, batyrgaý we gaýduwsyz hereket etmegi aňladýar. Şeýle adam Ýehowanyň öňünde arassa ynsaply bolany üçin, arkaýyn öwredip bilýär. Şol grek sözüniň manysy giň. Hudaý bilen dostlugyňa ynamly bolmagy hem aňladýar (Res 28:31; Efs 3:12; 1Tm 3:13).

  • Bellemek.

    Ýewreý dilinde şu sözüň «guýmak, çalmak» diýen manysy bar. Adamy jogapkärli wezipä bellemek üçin başyna ýag guýulýardy. Hudaýa bagyş edilýän zatlara-da ýag çalynýardy. Injilde gökde ýaşamak üçin saýlananlaryň mukaddes ruh bilen bellenendigi aýdylýar (2Ms 28:41; 1Şm 16:13; 2Kr 1:21).

  • Beýelzebul.

    Jynlaryň hökümdary we baştutany Şeýtanyň ady. Piliştlileriň Ekronda sežde eden Bagal-zebup taňrysynyň adyndan dörän bolmaly (2Pa 1:3; Mat 12:24).

  • Bije.

    Bir zady anyklamak üçin ulanylan kiçijik daşlar ýa-da çöpler. Olary eşigiň etegine ýa-da gaba salyp garyşdyrýardylar. Ýere gaçan ýa-da çekilen bije esasynda karara gelinýärdi. Bije atylanda, köplenç doga-dileg edilýärdi. «Bije» sözi göni we göçme manyda ulanylyp, «paý» diýmegi aňladýar (Ýuş 14:2; Zb 16:5; Nak 16:33; Mat 27:35).

  • Bilgiç.

    Gelejegi aýdýan adam. Mukaddes Kitapda jadygöýlik edýän ruhanylar, palçylar, müneçjimler we şuňa meňzeş başga-da adamlar agzalýar (3Ms 19:31; 5Ms 18:11; Res 16:16).

  • Biwepalyk.

    Serediň: AHLAKSYZLYK.

  • Boýuntyryk.

    Her tarapyndan ýük asylyp, adamyň egnine goýulýan ýogyn agaç. Ýer sürlende, azaly ýa-da arabany çekmek üçin iki malyň boýnuna hem geýdirilýärdi. Köplenç gullar boýuntyryk bilen agyr ýükleri göterýärdiler. Şonuň üçin «boýuntyryk» sözi gulçulygy, biriniň golastynda bolmagy, ezilmegi we jebir çekmegi aňladýar. Boýuntyrygyň aýrylmagy ýa-da döwülmegi gulçulykdan, horlukdan we görgüden azat bolmagy aňladýar (3Ms 26:13; Mat 11:29, 30).

  • Bul.

    Ýehudylaryň dini senenamasy boýunça 8-nji aý, ekerançylyk senenamasy boýunça 2-nji aý. «Miwe, hasyl» diýen sözlerden gelip çykypdyr. Oktýabryň ortasyndan noýabryň ortasyna çenli dowam edýär (1Pa 6:38). Goşmaça maglumata serediň: B15.

  • But; butparazlyk.

    But — sežde edilýän şekil. Hyýaly zadyň şekili hem bolup biler. Butparazlyk buta çuňňur hormat goýup, ýürekden sežde ýa-da tagzym etmegi aňladýar (Zb 115:4; Res 17:16; 1Kr 10:14).

  • Büdremek; büdredýän daş.

    Köplenç göçme manyda ulanylýar. Her aýatda manysyna görä terjime edildi. Günä etmegi, öýke-kine sebäpli imandan dänmegi ýa-da bir zada doly düşünmän gaharlanmagy aňladýar. Şeýle-de birine günä etdirmegi, imanyny gowşatmagy, Hudaýa, Isa we olaryň bellän adamlaryna ynamyny gaçyrmagy aňladýar (Zb 119:165; Mat 18:6—8; 26:31; Ýah 6:61; 2Kr 6:3; Ýak 3:2).

Ç

  • Çakrym.

    Uzynlyk ölçegi. Injiliň asyl nusgasynda bir gezek Matta 5:41-de duş gelýär. Rimlileriň ölçeg birligi göz öňünde tutulýan bolmaly. Bir çakrym 1 479,5 metre deň. Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • Çarçuwa.

    Penjiräniň gözenegi ýalydy. Mukaddes çadyrdaky ruhanylar zygyr matanyň ýüzüne keşdelenen keruplary çarçuwadan görüp bilýärdi.

  • Çatma baýramy.

    Çadyr baýramy we Hasyl baýramy hem diýilýärdi. Etanym aýynyň 15-den 21-ne çenli dowam edýärdi. Ýylyň ahyrynda, hasyl ýygymy gutaranda bellenýärdi. Ysraýyllar şatlyk-şagalaň edip, Ýehowanyň beren berekedine minnetdarlyk bildirýärdiler. Baýramçylyk günleri halk çatmada ýaşaýardy. Şeýdip, olar Müsürden çykan wagtyny ýatlaýardy. Esasy üç baýramçylygyň biridi, erkek adamlar hökman Iýerusalime gitmelidi (3Ms 23:34; Hyd 3:4).

  • Çekirtge.

    Topar bolup uçýan mör-möjek. Musanyň kanunyna görä, iýip bolýan halal jandar. Çekirtge sürüsi öňünden çykan zady ýalmap ýuwudýardy. Çekirtge ýagmagy betbagtçylyk hasaplanýardy (2Ms 10:14; Mat 3:4).

  • Çelek.

    Suwuklyk ölçegi. Takmynan 22 litr. Gazuw-agtaryş işlerinde tapylan küýzelerde şol ölçeg birligi bar. Mukaddes Kitapda başga-da suwuklyk we galla ölçegleri çelek bilen ölçenilýär (1Pa 7:38; Hyz 45:14). Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • Çiş.

    Serediň: ÇOPAN TAÝAGY.

  • Çopan.

    Goýun-geçileri bakýan we goraýan adam. Ýehowa mähir bilen sürüsiniň, ýagny halkynyň aladasyny edýän çopana meňzedilýär. Şeýle-de Isa pygambere «gowy çopan» diýilýär. «Çopan» sözi käte Hudaýa wepaly bolan ýa-da dönüklik eden Ysraýylyň häkimlerini ýa-da ýolbaşçylaryny aňladýar (Zb 23:1, 2; Ýer 2:8; 3:15; Ýah 10:11).

  • Çopan taýagy.

    Çopanyň mal bakmak üçin ulanýan uzyn taýagy. Ujunda çiş ýaly ýiti demir bolýar. Çopan taýagy paýhasly maslahata eýermäge höweslendirýän sözlere meňzedilýär. «Çopan taýagyny depmek» diýlende, çopanyň taýagyny depip, garşylyk görkezýän we özüne zyýan ýetirýän süsek öküz suratlandyrylýar (Res 26:14; Ser 3:31).

  • Çowdary.

    Hili pes bugdaý. Dänesiniň gabygyny aýyrmak kyn bolýar (2Ms 9:32).

  • Çuwal.

    Galla ölçegi ýa-da gap. Çelek ýaly, 22 litre deň (2Ms 16:36; Hyz 45:10). Goşmaça maglumata serediň: B14.

D

  • Dagon.

    Piliştlileriň taňrysy. Sözüň manysy anyk belli däl. Alymlaryň aýtmagyna görä, ýewreýçe «dagh» (balyk) diýen sözden gelip çykan bolmaly (Ser 16:23; 1Şm 5:4).

  • Daň ýyldyzy.

    Gün dogmazyndan öň, gündogar tarapdan dogýan soňky ýyldyz. Täze günüň başlanjakdygyny aňladýar (Ylh 22:16; 2Pe 1:19).

  • Darik.

    Pars altyn teňňesi. Agramy 8,4 gram (1Tr 29:7). Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • Dawudyň şäheri.

    Dawudyň ýabuslardan basyp alyp, köşgüni guran şäheri. «Sion» hem diýilýär. Iýerusalimiň günorta-gündogarynda ýerleşýän köne etraby (2Şm 5:7; 1Tr 11:4, 5).

  • Dawut Ogly.

    Köplenç Isa göz öňünde tutulýar. Dawut bilen baglaşylan ähte görä, Dawudyň neslinden dörejek Patyşanyň Isadygyny görkezýär (Mat 12:23; 21:9).

  • Deçjal.

    Serediň: MESIHIŇ DUŞMANY.

  • Degirmen daşy.

    Dänäni üwäp, un etmek üçin ulanylýan iki sany tegelek daş. Aşaky daşyň deşigine kakylýan togalak agaç ýokarky daşy hem saklaýardy. Gadymy döwürde köp öýlerde aýallar el degirmenini ulanypdyrlar. Musanyň kanunynda degirmeni ýa-da ýokarky daşyny girewine almak gadagandy, sebäbi her maşgala günde degirmende galla üwäp, çörek bişirýärdi. Uly degirmen daşyny malyň kömegi bilen aýlaýardylar (5Ms 24:6; Mar 9:42).

  • Dekapolis.

    Grekçe «deka» we «polis». «On şäher» diýmegi aňladýar. Dekapolisde grekleriň on şäheri bardy. Şäherleriň köpüsi Jelile deňziniň we Iordan derýasynyň gündogarynda ýerleşýärdi. Şol aralyga-da Dekapolis diýilýärdi. Dekapolis ellinizm medeniýetiniň we söwda-satygyň merkezidi. Isa şol töwereklerden geçenem bolsa, şol şäherlere barandygy hakda hiç zat aýdylmaýar (Mat 4:25; Mar 5:20). Goşmaça maglumata serediň: A7 we B10.

  • Dikeldiş baýramy.

    Antioh Epifan ybadathanany haram edipdi. Ybadathanany arassalap, Hudaýa gaýtadan bagyş etdiler. Şonuň şanyna her ýyl baýramçylyk bellenýärdi. Baýramçylyk kislew aýynyň 25-den başlap, sekiz gün dowam edýärdi (Ýah 10:22).

  • Dinar.

    Rim kümüş teňňesi. Agramy 3,85 gram. Bir tarapynda Sezaryň suraty bardy. Işçiniň bir günlük iş haky. Ýehudylaryň rimlilere «salgyt» hökmünde töleýän teňňesi (Mat 22:17; Luk 20:24). Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • Dini topar.

    Serediň: SEKTA.

  • Direliş.

    Ölümden direlmek. Grekçe «anastasis». «Turmak, ýeriňden galmak» diýmegi aňladýar. Mukaddes Kitapda dokuz direliş barada aýdylýar, Isanyň direlişi hem şolara degişli. Isany Ýehowa direltdi, galanlaryny Ylýas, Alyşa, Isa, Petrus we Pawlus direltdi. Olar muny Hudaýyň güýji bilen etdiler. Hudaý ölen adamlaryň direlmegini isleýär. Gelejekde «dogruçyllar hem-de erbetler» ýer ýüzünde ýaşamak üçin direler (Res 24:15). Mukaddes Kitapda gökde ýaşamak üçin direljekler barada hem aýdylýar. Oňa «ilkinji» ýa-da «birinji» direliş diýilýär. Isanyň mukaddes ruh bilen saýlanan şägirtleri gökde ýaşamak üçin direler (Flp 3:11; Ylh 20:5, 6; Ýah 5:28, 29; 11:25).

  • Dogruçyllyk.

    Hudaýyň ýagşy-ýaman babatdaky kada-kanunlaryna laýyk ýaşamak. Käbir aýatlarda «hudaýhon», «halal», «adalatlylyk» hem diýilýär (1Ms 15:6; 5Ms 6:25; Nak 11:4; Sep 2:3; Mat 6:33; 2Pe 3:13).

  • Döwür.

    Grekçe «aýon». Belli bir wagty, eýýamy ýa-da asyry aňladýar. Mukaddes Kitapda «häzirki döwür» diýlende, dünýäniň ýagdaýy we Hudaýy tanamaýan adamlaryň ýaşaýşy göz öňünde tutulýar (2Tm 4:10). Käbirleriniň aýtmagyna görä, Hudaý ysraýyl halky bilen Kanun ähtini baglaşanda, ysraýyllaryň ýa-da ýehudylaryň döwri başlandy. Isa Mesih janyny gurban berenden soň, gökde ýaşamak üçin saýlanan mesihçileriň döwri başlandy. Şeýlelikde, gelejekde boljak zatlaryň kölegesi bolan Kanun ähti ýatyrylyp, täze döwür başlandy. «Döwür» sözi dürli döwürde bolan ýa-da boljak wakalary hem aňladýar (Mat 24:3; Mar 4:19; Rim 12:2; 1Kr 10:11).

  • Drahma.

    Injilde grekleriň 3,4 gramlyk kümüş teňňesi. Töwratda bolsa altyn drahma barada aýdylýar. Altyn drahma Pars darigine deňdi (Neh 7:70; Mat 17:24). Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • Dünýäniň soňy.

    Mesihiň gelendigini görkezýän döwür we Şeýtanyň dünýäsiniň ýok ediljek wagtyna çenli döwür. Şol döwürde perişdeler Isanyň ýolbaşçylygynda «dogruçyl adamlaryň arasyndan erbetleri saýlap» ýok ederler (Mat 13:40—42, 49). Isanyň şägirtleri hem dünýäniň «soňy» hakda bilmek isleýärdiler (Mat 24:3). Göge galmazyndan öň, Isa şägirtlerine dünýäniň soňuna çenli olar bilen boljakdygyny wada berdi (Mat 28:20).

  • Düýp daşy.

    Jaýyň burçundaky ýa-da çüňkündäki daş. Iki diwary birleşdirmek we berkitmek üçin goýulýardy. Jaýyň düýbünde goýulýan düýp daşy esasy daş hasaplanýardy. Uly jaýlaryň we şäheriň diwarlarynyň düýbünde has berk daş goýulýardy. Göçme manyda ýeriň binýadyny aňladýar. Isa Mesihe-de mesihçiler ýygnagynyň, ýagny ruhy öýüň «düýp daşy» diýilýär (Efs 2:20; Eýp 38:6).

  • Düýpsüz çuňluk.

    Grekçe «abisos». «Örän çuň» ýa-da «ölçegsiz, çäksiz» diýen manysy bar. Injil kitabynda tussaglykda saklanmagy ýa-da mazary aňladýar, ýöne manysy has giň (Luk 8:31; Rim 10:7; Ylh 20:3).

E

  • Edom.

    Yshagyň ogly Ysawyň ikinji ady. Ysawyň nesli Segir daglarynda ýaşapdyr. Öli deňzi bilen Akaba aýlagynyň arasynda ýerleşýän şol ýere Edom ýurdy diýilýärdi (1Ms 25:30; 36:8). Goşmaça maglumata serediň: B3 we B4.

  • Efiopiýa.

    Müsüriň günortasynda ýaşan halk. Olaryň ýurdy häzirki Müsüriň günortasynda we Sudanyň çäginde ýerleşýärdi. Ýewreýçe «Kuş» hem diýilýär (Est 1:1).

  • Efraýym.

    Ýusubyň ikinji ogly. Ysraýylyň bir taýpasy. Ysraýyl patyşalygy bölünenden soň, efraýym abraýly taýpa bolany üçin, tutuş on taýpa-da efraýym diýlipdir (1Ms 41:52; Ýer 7:15).

  • El goýmak.

    Birini jogapkärli borja bellemek, ak pata bermek, sagaltmak ýa-da mukaddes ruhuň inmegi üçin, başyna el goýýardylar. Käwagt gurbanlyk beriljek mallaryň hem kellesine el goýýardylar (2Ms 29:15; 4Ms 27:18; Res 19:6; 1Tm 5:22).

  • Elul.

    Wawilon ýesirliginden soň, ýehudylaryň dini senenamasy boýunça 6-njy aý, ekerançylyk senenamasy boýunça 12-nji aý. Awgustyň ortasyndan sentýabryň ortasyna çenli dowam edýär (Neh 6:15). Goşmaça maglumata serediň: B15.

  • Emir.

    Wawilon we Pars imperiýasynda welaýat häkimi ýa-da baştutan. Patyşa emiri ýurdy dolandyrmaga belläpdir (Hyd 8:36; Dan 6:1).

  • Epikurçy filosoflar.

    B. e. öň 341—270-nji ýyllarda ýaşan grek filosofy Epikuryň şägirtleri. Olar diňe keýpi-sapada ýaşamaly diýen düşünjä eýerýärdiler (Res 17:18).

  • Eriş⁠-⁠argaç.

    Mata dokamak üçin ulanylýan ýüp ýa-da ýüplük. Dokma guralynda uzynlygyna çekdirilip goýlan ýüplere eriş, erşiň arasyndan keseligine geçýän ýüplere bolsa argaç diýilýär (3Ms 13:48).

  • Esasy daş.

    Serediň: DÜÝP DAŞY.

  • Etanym.

    Ýehudylaryň dini senenamasy boýunça 7-nji aý, ekerançylyk senenamasy boýunça 1-nji aý. Sentýabryň ortasyndan oktýabryň ortasyna çenli dowam edýär. Wawilon ýesirliginden soň, tişri aýy diýildi (1Pa 8:2). Goşmaça maglumata serediň: B15.

Ä

  • Äht.

    Hudaý bilen adamlaryň ýa-da iki adamyň arasyndaky ylalaşyk, şertnama. Bir zady etmek ýa-da etmezlik üçin äht baglaşylýardy. Käte ähtiň şertini diňe bir tarap, ýagny wada beren tarap berjaý etmelidi. Şeýle ähte birtaraplaýyn äht diýilýärdi. Käwagt bolsa ähtiň şertini iki tarap hem berjaý etmelidi, oňa ikitaraplaýyn äht diýilýärdi. Mukaddes Kitapda Hudaýyň adamlar bilen baglaşan ähtlerinden başga-da adamlaryň, taýpalaryň, milletleriň we halklaryň arasyndaky ähtler hakda aýdylýar. Uzak wagtlyk ähtler: Hudaýyň Ybraýym, Dawut bilen baglaşan ähti, Hudaýyň ysraýyl halky bilen baglaşan Kanun ähti we Hudaýyň Ysraýyly bilen baglaşylan täze äht (1Ms 9:11; 15:18; 21:27; 2Ms 24:7; 2Tr 21:7).

  • Äht sandygy.

    Akasiýa agajyndan ýasalyp, altyna gaplanan sandyk. Mukaddes çadyryň iň mukaddes otagynda durýardy. Soňra Süleýmanyň guran ybadathanasynyň iň mukaddes otagynda goýuldy. Sandygyň altyn gapagynyň üstünde bir-birine bakyp duran iki kerup bardy. Sandygyň içinde on tabşyryk ýazylgy äht daşlary goýlupdy (5Ms 31:26; 1Pa 6:19; Ýew 9:4). Goşmaça maglumata serediň: B5 we B8.

F

  • Faraon.

    Müsür patyşasynyň tituly. Mukaddes Kitapda Şişak, Sog, Tirkahan, Neho we Hopra diýen bäş faraonyň ady agzalýar. Ybraýymyň, Musanyň, Ýusubyň döwründäki we beýleki faraonlaryň ady agzalmaýar (2Ms 15:4; Rim 9:17).

  • Fariseýler.

    B. e. I asyrynda ýehudylaryň ady belli dini topary. Olar ruhanylaryň neslinden bolmasa-da, Töwradyň ujypsyz talaplaryna berk eýerýärdiler. Töwratda ýazylmadyk däp-dessurlary hem girizip, kanun ýaly hasaplaýardylar (Mat 23:23). Olar grek medeniýetine garşy çykýardylar. Töwrady we däp-dessurlary gowy bilýärdiler, halkyň üstünden agalyk edýärdiler (Mat 23:2—6). Fariseýleriň käbiri Mejlisiň agzasydy. Olar Isany Sabat gününi bellemeýär, däp-dessurlary berjaý etmeýär, günäkärler we salgytçylar bilen gatnaşýar diýip aýyplaýardylar. Emma tarsusly Sawul ýaly käbir fariseýler mesihçi boldy (Mat 9:11; 12:14; Mar 7:5; Luk 6:2; Res 26:5).

G

  • Gaçybatalga şäherleri.

    Lewilere berlen şäherler. Eger biri tötänden adam öldürse, gan algylydan gaçyp, şol şäherleriň birine baryp bilýärdi. Ýehowa Wada edilen ýurtdan alty şäheri saýlamagy Musa bilen Ýuşa tabşyrypdy. Ganhor gaçybatalga şäherine baryp, bolan ýagdaýy derwezäniň agzynda ýaşululara gürrüň bermelidi. Olar hem şol adamy gowy garşy almalydy. Ýöne bilgeşleýin adam öldüren ganhor gaçybatalga şäherine girmeli däldi. Ilki bilen ganhoryň bigünädigini anyklamalydy. Ony adam öldüren şäherine eltip, derňew geçirmelidi. Eger ol bigünä bolsa, ony ýene-de gaçybatalga şäherine getirýärdiler. Ol galan ömrüne ýa-da baş ruhany ölýänçä, gaçybatalga şäheriniň çäginden çykmaly däldi (4Ms 35:6, 11—15, 22—29; Ýuş 20:2—8).

  • Gadak.

    Hyzkyl kitabynda «mane» hem diýilýär. Ikisiniň agramy we hümmeti deň. Gazuw-agtaryş işlerine görä, bir gadak 50 şekel, bir şekel 11,4 gram. Diýmek, Töwratdaky gadagyň agramy 570 gram. Köşkde ulanylýan ýörite gadak we tirsek ölçegi bardy. Injildäki gadagyň hümmeti 100 drahma deň. Agramy 340 gram. Altmyş gadak bir batmana deň (Hyd 2:69; Luk 19:13). Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • Gamçylamak.

    Ujy tikenli ýa-da düwmeli gamçy bilen ýençmegi, urmagy aňladýar (Ýah 19:1).

  • Gamyş.

    Suwda ösýän ösümlik. Köp aýatlarda uly gamyş (Arundo donax) göz öňünde tutulýar (Eýp 8:11; Işa 42:3; Mat 11:7; Ylh 11:1). Serediň: ÖLÇEG TAÝAGY.

  • Ganar.

    Galla ölçegi. Hum bilen deň. Çelegiň göwrümine görä ölçeseň, 220 litre deň (3Ms 27:16). Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • Gandal.

    Tussaglary baglamak ýa-da jezalandyrmak üçin ulanylýardy. Käwagt tussagyň diňe aýagyna gandal salýardylar. Käte bolsa eline, aýagyna we boýnuna gandal salyp, adamy iki büküler ýaly edýärdiler (Ýer 20:2; Res 16:24).

  • Garawul.

    Halky ýa-da emlägi goraýan adam. Köplenç gije garawulçylyk edip, abanýan howpy duýdurýardy. Garawullar şäheriň diwarynda we diňlerinde durup, şähere gelýän adamy uzakdan görüp bilýärdiler. Goşunda garawulçylyk edýänlere bolsa sakçy diýilýärdi. Pygamberler hem göçme manyda garawul ýaly, ysraýyl halkyna gelejekde boljak betbagtçylygy duýdurýardy (2Pa 9:20; Hyz 3:17).

  • Garyndaşlyk borjy.

    Eger biri ogly bolmanka aradan çyksa, dogany onuň neslini dowam etmek üçin, dul galan aýalyna öýlenýärdi. Töwratda hem şeýle düzgün bardy (1Ms 38:8; 5Ms 25:5).

  • Garyş.

    Uzynlyk ölçegi. Eliňi giň açanyňda, başam barmak bilen külbikäniň aralygy. Tirsek 44,5 santimetr bolsa, diýmek, garyş 22,2 santimetr (2Ms 28:16; 1Şm 17:4). Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • Gera.

    Agyrlyk ölçegi. 0,57 gram. Bir şekel 20 gera deň (3Ms 27:25). Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • Germes.

    Grekleriň taňrysy. Zews taňrysynyň ogly. Listrada Pawlusa taňrylaryň iberen habarçysy we dilewarlyk taňrysydyr öýdüp, Germes diýdiler (Res 14:12).

  • Gilead.

    Iordan derýasynyň gündogaryndaky mes toprakly ýer. Ýabok jülgesiniň demirgazygyndan günortasyna çenli aralyk. Käbir aýatlarda ysraýyllaryň ruben, gad taýpasyna we manaşa taýpasynyň ýarysyna Iordanyň gündogaryndan berlen mülk göz öňünde tutulýar (4Ms 32:1; Ýuş 12:2; 2Pa 10:33). Goşmaça maglumata serediň: B4.

  • Girew.

    Wagtlaýyn karz alnan zadyň deregine goýulýan zat. Girew goýýan adam alan karzyny hökman gaýtarjakdygyny görkezýärdi. «Kepil geçmek» hem diýilýär. Töwratda Allatagala garyplaryň we ejiz adamlaryň aladasyny edip, girew barada anyk tabşyryklary berdi (2Ms 22:26; Hyz 18:7).

  • Gitit.

    Aýdym-saz bilen bagly söz. Manysy anyk belli däl. Ýewreýçe «gat» sözünden gelip çykan bolmaly. Käbirleriniň aýtmagyna görä, gitit — şerap ýasalanda aýdylan aýdymyň heňi, sebäbi «gat» sözüniň «üzüm sykmak» diýen manysy bar (Zb 81:Sözb).

  • Golýazma.

    Bir tarapyna hat ýazylan uzyn kagyz. Pergament ýa-da papirus görnüşinde bolýardy. Köplenç golýazmany taýaga düýrleýärdiler. Gadymy döwürde mukaddes kitaplary ýazmak we göçürmek üçin golýazmalar ulanylýardy (Ýer 36:4, 18, 23; Luk 4:17—20; 2Tm 4:13).

  • Gowulyk.

    Ýagşy häsiýetli, päk ahlakly, asylly we halal bolmagy aňladýar. Şeýle adamyň ýüreginde erbetlik, ýamanlyk we hilegärlik bolmaýar, gaýtam başgalaryň peýdasyny gözleýär we ýagşylyk etmegi halaýar. Käbir aýatlarda «ýagşylyk, bereket» diýip terjime edildi (Zb 16:2; Nak 11:10; Gal 5:22; Efs 5:9).

  • Goýun.

    Mukaddes Kitapda göçme manyda ulanylanda, köplenç Ýehowanyň ejiz, sada we ezilen halkyny aňladýar. Isa pesgöwünli we gulak asýan şägirtlerini goýunlara meňzedipdir (Zb 44:11, 22; 95:7; Mat 10:6, 16; Rim 8:36).

  • Görgür.

    Hudaý tarapyn görnüş görýän adam. Ol gizlin zatlary ýa-da gelejekde boljak zatlary görüp bilýärdi, ýöne ýalan görgürler hem bardy (2Şm 24:11; Mik 3:7).

  • Görnüş.

    Hudaý bir wakany ýa-da ýagdaýy gudrat bilen pygamberlerine görkezýärdi. Görnüş gije ýa-da gündiz berilýärdi. Adam görnüşi bir zadyň täsiri astynda ýa-da düýşünde görýärdi.

  • Göterme sadakasy.

    Eýläk-beýläk galgadylýan sadaka. Ruhany gurbanlyk berýän adamyň elindäki sadakany onuň bilen bile iki ýana galgadýardy. Ruhanynyň ýeke özi galgadan bolmagy hem mümkin. Şeýle edilmegi sadakanyň Ýehowa hödürlenýändigini görkezýärdi (3Ms 7:30).

  • Gözbagçy.

    Jynlaryň güýji bilen gudrat görkezýän adam (2Tr 33:6).

  • Gözegçi.

    Ýygnaklara gözegçilik we çopançylyk etmek üçin bellenen dogan. Grekçe «episkopos». Goramak maksady bilen gözegçilik etmegi aňladýar. Mesihçiler ýygnagyndaky «gözegçi» we «ýaşuly» (grekçe «presbitoros») doganlaryň hem şeýle jogapkärçiligi bar. «Ýaşuly» diýilse, ruhy taýdan ösen doganyň häsiýetlerine üns çekilýär; «gözegçi» diýilse, doganyň borçlaryna üns çekilýär (Res 20:28; 1Tm 3:2—7; 1Pe 5:2).

  • Grek.

    Gresiýanyň halky ýa-da şol ýerde doglan adamlar. Grekleriň dili hem göz öňünde tutulýar. Injilde diline, medeniýetine grekleriň täsiri ýeten adamlary we ýehudy bolmadyk halklary hem aňladýar (Ýow 3:6; Ýah 12:20).

  • Gudrat.

    Adatdan daşary güýjüň täsiri bilen bolýan hadysa. Mukaddes Kitapda «alamat» we «görnüş» diýen manydaş sözler hem ulanylýar (2Ms 4:21; Res 4:22; Ýew 2:4).

  • Gulaç.

    Suwuň çuňlugyny bilmek üçin ulanylan ölçeg birligi. Bir gulaç 1,8 metre deň (Res 27:28). Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • Gurbanlyk bermek.

    Hudaýa minnetdarlyk bildirmek, günäňi boýun almak we Hudaýy razy etmek üçin gurbanlyk berilýärdi. Habyldan başlap, köp adamlar öz islegi bilen mal-mülkünden Hudaýa gurbanlyk beripdirler. Töwratda bolsa gurbanlyk bermek hakda tabşyryk berildi. Isa kämil janyny gurban berenden soň, mal gurbanlyklary bermek talap edilmeýär. Indi mesihçiler Hudaýa öwgi gurbanlary berýärler (1Ms 4:4; Ýew 13:15, 16; 1Ýh 4:10).

  • Gurbanlyk ojagy.

    Palçykdan, daşdan ýa-da agaçdan ýasalýardy. Agaçdan ýasalan ojaklary altyna we mise gaplaýardylar. Üstünde gurbanlyk ýakylýardy. Mukaddes çadyryň we ybadathananyň howlusynda ýakma gurbanlyklary üçin ullakan «mis ojak» bardy (2Ms 27:1; 39:39; 1Ms 8:20; 2Tr 4:1). Goşmaça maglumata serediň: B5 we B8.

  • Gurbanlyk ojagynyň şahlary.

    Gurbanlyk ojagynyň dört burçundan çykyp duran ýeri (3Ms 8:15; 1Pa 2:28). Goşmaça maglumata serediň: B5 we B8.

  • Gursakça.

    Gymmatbaha gaşly bezeg şaýy. Ysraýyllaryň baş ruhanysy mukaddes otaga girende, gursakçany döşüne dakýardy. «Höküm gursakçasy» hem diýilýärdi, sebäbi gursakçanyň içinde urym bilen tummym bardy. Olary Ýehowanyň hökümlerini bilmek üçin ulanýardylar (2Ms 28:15—30). Goşmaça maglumata serediň: B5.

  • Günä geçilýän gün.

    Ysraýyllar üçin örän wajyp we mukaddes gün. Etanym aýynyň 10-na geçirilýärdi. Baş ruhany ýylda bir gezek diňe şol gün çadyryň we ybadathananyň iň mukaddes otagyna girýärdi. Ol özüniň, lewileriň we halkyň günäleri üçin berlen gurbanlyklaryň ganyny alyp girýärdi. Şol gün mukaddes ýygnak geçirilip, agyz beklenýärdi we Sabat günündäki ýaly hiç hili iş edilmeýärdi (3Ms 23:27, 28).

  • Günä gurbanlygy.

    Bikämillik sebäpli bilmän günä eden adamyň berýän gurbanlygy. Günä eden adam ýagdaýyna görä öküzden başlap, kepderä çenli her dürli maly gurbanlyk berip bilýärdi (3Ms 4:27, 29; Ýew 10:8).

  • Günäden arassalanmak.

    Hudaýy razy etmek we sežde etmek üçin gurbanlyk bermegi aňladýar. Töwrada görä, günäli adamlary Hudaý bilen ýaraşdyrmak üçin, Günä geçilýän gün gurbanlyk berilýärdi. Şol gurbanlyklar Isanyň beren töleg gurbanyny aňladýardy. Isa bir gezekde hemişelik gurban berip, adamlary günäden arassalady we Ýehowa bilen ýaraşdyrdy (3Ms 5:10; 23:28; Kol 1:20; Ýew 9:12).

  • Gyrgynçylyk.

    Mergini, keseli ýa-da betbagtçylygy aňladýar. Ýehowa Hudaýyň gulak asmaýan adamlara berýän jezasy (4Ms 16:49).

  • Gyrnak.

    Hyzmatkär gyz ýa-da aýal. Köplenç ikinji aýal edip alýardylar (2Ms 21:8; 2Şm 5:13; 1Pa 11:3).

  • Gysgyç.

    Altyndan ýasalan gural. Ätişgire meňzeş bolmaly. Mukaddes çadyrda we ybadathanada şemleri öçürmek üçin ulanylýardy (2Ms 37:23).

H

  • Hak Hudaý.

    Asyl nusgada ulanylýan ýewreý jümlesi diňe Ýehowanyň hak Hudaýdygyny görkezýär we Hudaýy ýalan taňrylardan tapawutlandyrýar. Şol ýewreý jümlesiniň doly manysyny bermek üçin köp aýatlarda «hak Hudaý» diýip terjime edildi (1Ms 5:22, 24; 46:3; 5Ms 4:39).

  • Halal; arassa.

    Beden we ahlak taýdan arassa bolmak. Diňe bir göni manydaky arassalygy däl-de, kemçiliksiz, aýypsyz, çirksiz bolmagy we zyna ýaly her hili hapalykdan gaça durmagy aňladýar. Musanyň kanunyna görä, ýörite tämizleniş döwri hem bolupdyr (3Ms 10:10; Zb 51:7; 1Kr 6:11).

  • Haldeý; haldeýler.

    Tigr we Ýewfrat derýalarynyň golaýynda ýerleşýän ýurt hem-de şol ýurduň halky. Wawilon ýurduna Haldeý, halkyna bolsa haldeýler diýlipdir. Haldeýler ylmy, taryhy, dilleri we astronomiýany öwrenýän bilimli halk bolupdyr. Olar jadygöýlik we müneçjimlik bilen hem meşgullanypdyr (Hyd 5:12; Dan 4:7; Res 7:4).

  • Halypa.

    Adama ýüz tutulanda sylag-hormat bilen aýdylan söz. Isa Mesihi «Halypasy» hasaplaýan adam onuň tutýan ornuna düşünip, doly tabyn bolýar.

  • Hamyrmaýa.

    Bir bölek turşy hamyr. Hamyry turşatmak üçin goşulýardy. Mukaddes Kitapda köplenç günäni, erbetligi ýa-da göze görünmeýän ösüşi aňladýar (2Ms 12:20; Mat 13:33; Gal 5:9).

  • Hapa; haram.

    Beden taýdan hapalygy ýa-da ahlak kadalary bozmagy aňladýar. Musanyň kanunynda gadagan edilen ýa-da arassa hasaplanmaýan zatlar hem degişli (3Ms 5:2; 13:45; Res 10:14; Efs 5:5).

  • Harman döwmek.

    Gallany döwüp, samandan arassalamak. Gallany taýak bilen döwýärdiler. Galla köp bolsa, mallaryň kömegi bilen aýlanýan enjam arkaly ýa-da harman döwülýän tagta bilen döwýärdiler. Soňra samanyny ýele sowurýardylar (3Ms 26:5; Işa 41:15; Mat 3:12).

  • Harunyň ogullary.

    Lewiniň agtygy Harunyň nesli. Töwrada görä, Harun ilkinji baş ruhany bolupdy. Harunyň nesli mukaddes çadyrda we ybadathanada ruhany bolup hyzmat edýärdi (1Tr 23:28).

  • Hasrat.

    Ölüm ýa-da betbagtçylyk sebäpli döreýän gam-gussa. Gadymy döwürde uzak wagtlap ýas tutýardylar. Hasrat çekýän adamlar diňe bir ses edip aglaman, ýas eşigini geýip, başyndan kül sowrup, ýakasyny ýyrtyp, gursagyna urýardylar. Käwagt ýasa ýörite agyçylary hem çagyrýardylar (1Ms 23:2; Est 4:3; Ylh 21:4).

  • Hasyl baýramy; Hepdeler baýramy.

    Serediň: PENTIKOST BAÝRAMY.

  • Haýasyzlyk.

    Grekçe «aselgeýa». Hudaýyň kanunlaryny bilgeşleýin bozup, haýasyzlyk bilen edilýän agyr günäleri aňladýar. Ýöne bir ýalňyşmagy däl-de, kada-kanunlary we häkimiýeti bilgeşleýin äsgermezlik etmegi aňladýar (Gal 5:19; 2Pe 2:7).

  • Heň bilen çüýremek.

    Ösümlikleriň kömelek keseli bilen çüýremegi. Mukaddes Kitapda «heň bilen çüýremek» diýlende, ösümlikleriň baldagynyň garalyp çüýremegini aňladýan bolmaly (Puccinia graminis) (1Pa 8:37).

  • Heýwere.

    Ýokanç deri keseli. Mukaddes Kitapda «heýwere» diýlende, diňe bir deri keseli däl, egin-eşigiň we jaýlaryň heňlemegi hem göz öňünde tutulýar. Deri keseli degen adama heýwere keselli diýilýär (3Ms 14:54, 55; Luk 5:12).

  • Higaýon.

    Aýdym-saz bilen bagly söz. Zebur 9:16-a görä, arfa çalnanda säginmegi ýa-da oýlanmak üçin säginmegi aňladýan bolmaly.

  • Hirodes.

    Ýehudylaryň üstünden höküm süren şa nesliniň ady. Şol hökümdarlary Rim imperiýasy belleýärdi. Beýik Hirodes Iýerusalimdäki ybadathanada bejeriş işlerini geçiripdi. Ol Isany öldürmek üçin çagalary hem öldüripdi (Mat 2:16; Luk 1:5). Beýik Hirodesiň ogullary Hirodes Arhelas we Hirodes Antipas kakasynyň golastyndaky käbir ýerlere gözegçilik edýärdi (Mt 2:22). Antipas häkimdi (tetrarhdy). Isanyň üç ýarym ýyl gulluk eden döwri we Resullar kitabynyň 12-nji babyna çenli oňa «patyşa» hem diýilýär (Mar 6:14—17; Luk 3:1, 19, 20; 13:31, 32; 23:6—15; Res 4:27; 13:1). Soňra Beýik Hirodesiň agtygy Hirodes Agrippa I patyşa bolýar. Emma biraz wagtdan Hudaýyň perişdesi oňa jeza berýär (Res 12:1—6, 18—23). Ýerine ogly Hirodes Agrippa II patyşa bolýar. Ol ýehudylaryň Rime garşy gozgalaň turzan wagtyna çenli höküm sürýär (Res 23:35; 25:13, 22—27; 26:1, 2, 19—32).

  • Hirodesiň tarapdarlary.

    Hirodesçiler hem diýilýärdi. Rimi we Hirodesiň syýasatyny goldan watansöýüji adamlar. Käbir saddukeýler hem şol topara degişli bolan bolmaly. Hirodesçiler fariseýlere goşulyp, Isa garşy çykypdy (Mar 3:6).

  • Horep; Horep dagy.

    Sinaý dagynyň töweregindäki daglar. Sinaý dagynyň beýleki ady (2Ms 3:1; 5Ms 5:2). Goşmaça maglumata serediň: B3.

  • Hoş habar.

    Injilde aýdylýan şatlykly habar. Hudaýyň Patyşalygy we Isa Mesih arkaly halas bolmak baradaky habar (Luk 4:18, 43; Res 5:42; Ylh 14:6).

  • Hoşa çöplemek.

    Hasyl ýygnalanda gaçyp galan däneleri ýa-da ýörite goýlan desseleri çöplemek. Musanyň kanunynda ekiniň gyrasyny doly ormazlyk we zeýtunlary, üzümleri doly ýygmazlyk tabşyrylypdy. Hudaýyň tabşyrygyna görä, olary garyplara, mätäçlere, gelmişeklere, ýetimlere we dul aýallara goýmalydy (Rut 2:7).

  • Howly.

    Töweregine haýat ýa-da diwar aýlanan ýer. Mukaddes çadyryň howlusynyň daşyna haýat, ybadathananyň daşyna bolsa diwar aýlanypdy. Çadyryň howlusynda, ybadathananyň hem içki howlusynda ýakma gurbanlyk ojagy bardy (Goşmaça maglumata serediň: B5, B8, B11). Mukaddes Kitapda jaýlaryň we köşkleriň howlusy barada hem aýdylýar (2Ms 8:13; 27:9; 1Pa 7:12; Est 4:11; Mat 26:3).

  • Hödür çöregi.

    Mukaddes çadyryň we ybadathananyň mukaddes otagynda goýlan 12 çörek. Stoluň üstünde alty-altydan iki hatar edip goýulýardy. «Hudaýa hödürlenen çörek» hem diýilýär. Hödür çöreklerini her Sabat güni täzeleýärdiler. Öňki çörekleri diňe ruhanylar iýip bilýärdi (2Tr 2:4; Mat 12:4; 2Ms 25:30; 3Ms 24:5—9; Ýew 9:2). Goşmaça maglumata serediň: B5.

  • Höküm güni.

    Serediň: KYÝAMAT GÜNI.

  • Höküm kürsüsi.

    Wezipeli adamlaryň oturýan ýeri. Belentdigi üçin basgançak bilen çykylýardy. Köplenç daşarda goýulýardy. Wezipeli adamlar höküm kürsüsinde märekä ýüzlenip, çykaran hökümini aýdýardy. «Hudaýyň höküm kürsüsi» we «Mesihiň höküm kürsüsi» diýlende, Ýehowanyň adamlara höküm çykarjakdygyny görkezýär (Rim 14:10; 2Kr 5:10; Ýah 19:13).

  • Hudaýyň Patyşalygy.

    Hudaýyň hökümdarlygy. Patyşasy — Hudaýyň Ogly Isa Mesih (Mat 12:28; Luk 4:43; 1Kr 15:50).

  • Hum.

    Galla ölçegi we suwuklyk ölçegi. Çelegiň göwrümine görä ölçeseň, 220 litre deň (1Pa 5:11). Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • Hyzmatçy; ýygnagyň hyzmatçysy.

    Grekçe «diakonos». «Gullukçy» ýa-da «hyzmatçy» diýmegi aňladýar. «Hyzmatçy» diýlende, ýygnagyň ýaşulular maslahatyna kömek edýän dogan göz öňünde tutulýar. Hyzmatçy bolmak isleýän dogan Mukaddes Kitapdaky talaplara laýyk gelmeli (1Tm 3:8—10, 12).

I

  • Iblis.

    Injilde Şeýtanyň ady. «Töhmetçi» diýmegi aňladýar. Şeýtan Ýehowa, sözüne we mukaddes adyna garşy çykyp, Hudaýy aýyplan ilkinji töhmetçidi. Şol sebäpli oňa «Iblis» diýildi (Mat 4:1; Ýah 8:44; Ylh 12:9).

  • Ilkinji miwe.

    Hasylyň ilkinji miwesi; bir zadyň ilkinji önümi. Adam, mal ýa hasyl bolsun, ysraýyllar ähli zadyň ilkinji miwesini Ýehowa bagyş etmelidi. Petir baýramynda we Pentikost baýramynda hasylyň ilkinji miwesi Hudaýa sadaka berilýärdi. Isa pygambere we gökde ýaşamak üçin saýlanan şägirtlerine göçme manyda «ilkinji miwe» diýilýär (1Kr 15:23; 4Ms 15:21; Nak 3:9; Ylh 14:4).

  • Illiriýa.

    Rim imperiýasynyň bir welaýaty. Gresiýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär. Pawlusyň Illiriýa çenli wagyz edendigi aýdylsa-da, şol şäherde wagyz edendigi anyk belli däl (Rim 15:19). Goşmaça maglumata serediň: B13.

  • Imandan dänmek.

    Grek dilinde «aýry durmak» diýen işlikden gelip çykypdyr. «Ýüz öwürmek, taşlamak, garşy çykmak» diýen manysy hem bar. Injilde «imandan dänmek» diýlende, hakyky seždeden ýüz öwürmek göz öňünde tutulýar (Nak 11:9; Res 21:21; 2Sl 2:3).

  • Iň mukaddes otag.

    Mukaddes çadyryň we ybadathananyň içki otagy. Şol otagda äht sandygy goýulýardy. Iň mukaddes ýer hem diýilýär. Töwrada görä, iň mukaddes otaga diňe baş ruhany girip bilýärdi. Ol ýylda bir gezek, ýagny Günä geçilýän gün girmelidi (2Ms 26:33; 3Ms 16:2, 17; 1Pa 6:16; Ýew 9:3).

  • Isanyň gelmegi.

    Injiliň käbir aýatlarynda Isanyň gökde Patyşa bolan wagtyny aňladýar. Şonda dünýäniň soňky günleri başlanypdy. «Isanyň gelmegi» diýlende, az wagtlyk gelip gitjekdigini däl-de, belli bir döwri aňladýar (Mat 24:3).

  • Issop oty.

    Baldagy gür ýaprakly ösümlik. Tämizleniş döwri gan ýa-da suw sepelemek üçin ulanylýardy. «Maýoran» ösümligi (Origanum maru; Origanum syriasum) bolmagy mümkin. Ýahýa 19:29-daky «issop» agajyň şahasyna ýa-da sorga ösümligine (Sorghum vulgare) berkidilen maýoran bolmaly. Sorganyň şahasy uzyn bolandygy üçin, turşy şeraba batyrylan pagtany şoňa berkidip, Isa uzadandyrlar (2Ms 12:22; Zb 51:7).

J

  • Jadygöý.

    Ölüleriň ruhuny çagyrýan adam (3Ms 20:27; 5Ms 18:10—12; 2Pa 21:6).

  • Jadygöýlik.

    Jynlary çagyrmak. Köpler ölen adamyň ruhy ýaşaýar diýip pikir edýärler. Ölüler bilen gepleşip bolýandyr öýdýärler. Jadygöýlik ölüleriň ruhuny çagyrmagy hem aňladýar. «Jadygöýlik» diýip terjime edilýän grekçe «formakiýa» sözi «neşe çekmegi» aňladýar. Öňler jadygöýler jynlary çagyranda, neşe çekipdirler (Gal 5:20; Ylh 21:8).

  • Jam.

    Galla ölçegi. 2,2 litre ýa-da çuwalyň ondan bir bölegine deň (2Ms 16:16, 18). Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • Jan.

    Ýewreýçe «nefeş», grekçe «psihi». Mukaddes Kitapdaky aýatlardan «jan» diýen sözüň 1) adamlary, 2) haýwanlary we 3) adamyň ýa-da haýwanyň ýaşaýşyny aňladýandygyny bilse bolýar (1Ms 1:20; 2:7; 1Pe 3:20). «Nefeş» we «psihi» diýen sözler ýer ýüzünde ýaradylan, elläp bolýan, göze görünýän we ölýän zatlary aňladýar. Asyl nusgada ulanylýan şol sözler her aýatda manysyna görä terjime edildi. Meselem, «ýaşaýyş», «janly-jandar», «adam», «jan-ten» ýaly sözler ýa-da at çalyşmalar ulanyldy. Köp aýatlarda «jan» sözi çykgytda görkezilýär. Bir zady «bütin janyň bilen» etmek diýlende, bütin ýüregiň, janyň-teniň bilen, yhlas bilen etmegi aňladýar (5Ms 6:5; Mat 22:37). Käbir aýatlarda «isleg» we «işdä» diýip terjime edildi. «Jan» sözi ölen adamy ýa-da jesedi hem aňladyp bilýär (4Ms 6:6; Nak 23:2; Işa 56:11; Hag 2:13).

  • Jebir pürsi.

    Grekçe «stawros». Dik agaç ýa-da pürs. Isa pygamberi hem pürse çüýläpdiler. Şol grek sözi Isadan ençeme asyr öň ýaşan butparazlaryň atanak görnüşli haçyny aňlatmaýar. «Jebir pürsi» Isanyň şägirtleriniň hem jebir çekip, horluk görjekdigini we masgaralanjakdygyny aňladýar (Mat 16:24; Ýew 12:2). Serediň: PÜRS.

  • Jemagat; ýygnak.

    Ýörite bir çäre, waka ýa-da baýramçylyk üçin ýygnanan adamlar. Töwratda dini çäre ýa baýramçylyk üçin ýygnanan ysraýyl halkyny aňladýar. Injilde bolsa mesihçileriň aýry-aýry ýygnaklaryny ýa-da tutuş mesihçiler ýygnagyny aňladýar (5Ms 16:8; 1Pa 8:5, 22; Res 9:31; Rim 16:5).

  • Jennet.

    Owadan seýilgäh ýa-da bagy-bossanlyk. Ýehowa Hudaý Jenneti, ýagny Erem bagyny ilkinji ynsan jübüti üçin ýaradypdy. Isa pygamber ýanynda pürse çüýlenen jenaýatça ýer ýüzünde Jennet boljakdygyny aýdypdy. 2 Korinfliler 12:4-de gelejekde boljak Jennet barada, Ylham 2:7-de bolsa gökdäki Jennet barada aýdylýan bolmaly (Aýd 4:13; Luk 23:43).

  • Jähennem.

    Hennem jülgesiniň ady. Gadymy Iýerusalimiň günorta-günbatarynda ýerleşýärdi (Ýer 7:31). Şol jülgä jeset taşlanjakdygy pygamberlik edilipdi (Ýer 7:32; 19:6). Emma haýwanlary we adamlary diriligine ýakmak ýa-da gynamak üçin Jähenneme taşlanandygy hakda hiç ýerde aýdylmaýar. Jähennem ölen adamyň otda baky gynalýan ýeri däl. Isa bilen şägirtleri «Jähennem» diýende, ebedilik ýok edilmegi göz öňünde tutupdy. Başgaça «ikinji ölüm» hem diýilýär (Ylh 20:14; Mat 5:22; 10:28).

  • Jul.

    Galyň mata. Halta we çuwal tikmek üçin ulanylypdyr. Hasrat çekýän adamlar jul geýýärdi. July köplenç gara geçiniň ýüňünden dokaýardylar (1Ms 37:34; Luk 10:13). Emma diňe ýas tutýan adamlar däl-de, günäsine toba edýän, gynanýan we ökünýän adamlar hem geýýärdi. Şeýle-de pygamberler Hudaýyň höküm habaryny aýdanda jul geýipdirler. Kyn ýagdaýa düşen ýa-da şum habar eşiden adamlar hem käwagt jul geýýärdi (2Pa 19:2; Zb 35:13; Dan 9:3).

  • Jülge; dere.

    Iki dagyň uzalyp gidýän giň aralygy; ýagyşly möwsümde suw akýan oý ýer ýa-da çaý. Derýanyň we çeşmäniň boýundaky bag-bakjalygy hem aňladýar (1Ms 26:19; 4Ms 34:5; 5Ms 8:7; 1Pa 18:5; Eýp 6:15).

  • Jynlar.

    Göze görünmeýän we adamlardan has güýçli zalym ruhlar. 1 Musa 6:2-de olara «hak Hudaýyň ogullary», Ýahuda 6-da «perişdeler» diýilýär. Hudaý şol perişdeleri zalym edip ýaratmandy. Emma Nuh pygamberiň döwründe olar Hudaýa gulak asman, duşman boldular. Ýehowa garşy çykyp, Şeýtanyň tarapyna geçdiler (5Ms 32:17; Luk 8:30; Res 16:16; Ýak 2:19).

K

  • Kanunçy.

    Isanyň döwründe Hudaýyň kanunyny gowy bilýän adamlara «kanunçy» diýýärdiler. Olar Isa garşy çykýardylar (Mar 12:38, 39; 14:1).

  • Kemoş.

    Mowaplaryň baş taňrysy (1Pa 11:33).

  • Kengan.

    Nuh pygamberiň agtygy. Hamyň dördünji ogly. Kengandan 11 taýpa döredi. Olar Ortaýer deňziniň gündogar tarapynda, Müsür bilen Siriýanyň aralygynda ýaşapdyrlar. Şol aralyga «Kengan ýurdy» diýilýärdi (3Ms 18:3; 1Ms 9:18; Res 13:19). Goşmaça maglumata serediň: B4.

  • Keramatly pürs.

    Ýewreýçe «aşera». Kenganlaryň aýal taňrysy Aşeranyň butuny ýa-da keramatly pürsüni aňladýar. Aşera hasyl taňrysy hasaplanýardy. Keramatly pürsüň hemme ýeri ýa-da bir bölegi agaçdan ýasalyp, dikligine goýulýardy. Ýonulmadyk agajy hem keramatly pürs edip ulanýardylar (5Ms 16:21; Ser 6:26; 1Pa 15:13).

  • Keramatly sütün.

    Dik sütün. Köplenç daşdan ýasalýardy. Bagalyň ýa-da başga ýalan taňrylaryň jyns agzasyny aňladýan bolmaly (2Ms 23:24).

  • Kersen.

    Galla ölçegi. Çelegiň göwrümine görä ölçeseň, 7,33 litre deň (2Pa 7:1). Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • Keruplar.

    Aýratyn borçlary ýerine ýetirýän ýokary wezipeli perişdeler. Seraplardan tapawutlanýar (1Ms 3:24; 2Ms 25:20; Işa 37:16; Ýew 9:5).

  • Kislew.

    Wawilon ýesirliginden soň, ýehudylaryň dini senenamasy boýunça 9-njy aý, ekerançylyk senenamasy boýunça 3-nji aý. Noýabryň ortasyndan dekabryň ortasyna çenli dowam edýär (Neh 1:1; Zek 7:1). Goşmaça maglumata serediň: B15.

  • Köşk garawullary.

    Rim imperatoryny goran esgerler. Wagtyň geçmegi bilen, olaryň imperatory goldamaga-da, tagtdan düşürmäge-de ygtyýary bolupdyr (Flp 1:13).

  • Külatar.

    Altyndan, kümüşden ýa-da misden ýasalan gap. Mukaddes çadyrda we ybadathanada tütetgi ýakmak, gurbanlyk ojagynyň külüni aýyrmak, altyn şemdanyň peltelerini aýyrmak üçin ulanylýardy. Tütetgi gaby hem diýilýär (2Ms 37:23; 2Tr 26:19; Ýew 9:4).

  • Küýze.

    Suwuklyk ölçegi. 3,67 litre deň (2Ms 29:40). Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • Küýzegär.

    Toýundan küýze we gap-gaç ýasaýan ussa. Ýewreý dilinde «şekil beriji» diýen manysy bar. Küýzegär toýundan islän zadyny ýasap bilýär. Ýehowa «Küýzegär» diýilmegi, Hudaýyň halklaryň we her bir adamyň üstünden ygtyýarynyň bardygyny görkezýär (Işa 64:8; Rim 9:21).

  • Kyýamat güni.

    Belli bir toparyň, halkyň ýa ähli adamlaryň Hudaýyň öňünde jogap berjek wagty we höküm ediljek güni. Şonda ölüme mynasyp adamlara jeza berler, beýlekiler bolsa halas bolup, ebedi ýaşar. Isa Mesih we resullary «Kyýamat gününde» hatda ölen adamlaryň hem Hudaýyň öňünde jogap berjekdigini aýtdylar (Mat 12:36).

L

  • Ladan.

    Bosweliýa toparyna degişli agaçlardan alynýan şepbik. Ýakylanda, hoşboý ys çykýardy. Mukaddes çadyrda we ybadathanada tütetgi ýakylanda ulanylýardy. Galla sadakasynyň we mukaddes otagdaky hödür çörekleriň her hatarynyň üstüne-de goýulýardy (2Ms 30:34—36; 3Ms 2:1; 24:7; Mat 2:11).

  • Lepta.

    Misden ýa-da bürünçden ýasalan teňňe. Injiliň ýazylan döwri ýehudylaryň iň kiçi teňňesi hasaplanýardy (Mar 12:42; Luk 21:2). Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • Lewi; lewiler.

    Ýakubyň aýaly Leýadan bolan üçünji ogly. Ysraýylyň bir taýpasy. Lewiniň üç oglundan lewileriň esasy üç tiresi döredi. «Lewiler» diýlende, tutuş lewi taýpasy we Harunyň neslinden ruhanylar göz öňünde tutulýar. Wada edilen ýurtdan ýer paýlananda, lewi taýpasyna mülk berilmedi. Olara beýleki taýpalaryň mülkünden 48 şäher berildi (5Ms 10:8; 1Tr 6:1; Ýew 7:11).

  • Liwan daglary.

    Liwan ýurdundaky iki dag gerşiniň biri. Liwan dagy günbatarda, Anti-Liwan dagy bolsa gündogarda ýerleşýär. Iki dagyň arasyndan uzyn we bag-bakjaly jülge geçýär. Liwan daglary Ortaýer deňziniň kenaryndan ýokarlygyna uzalyp, beýikligi 1 800 we 2 100 metre çenli ýetýär. Gadymy döwürde Liwanda beýik kedr agaçlary bolupdyr. Şol töwerekde ýaşan halklar kedr agaçlaryny gymmat hasaplaýardylar (5Ms 1:7; Zb 29:6; 92:12). Goşmaça maglumata serediň: B7.

  • Liwýatan.

    Suwda ýaşaýan jandar bolmaly. Eýýup 3:8; 41:1-nji aýatlarda krokodil ýa-da başga bir äpet we güýçli suw jandary göz öňünde tutulýan bolmaly. Zebur 104:26-da bolsa läheňi aňladýan bolmaly. Käbir aýatlarda göçme manyda ulanylyp, hiç bir jandary aňlatmaýar (Zb 74:14; Işa 27:1).

M

  • Mahalot.

    Aýdym-saz bilen bagly söz. Zebur kitabynyň 53, 88-nji baplarynda duş gelýär. Ýewreýleriň «ejizlemek, syrkawlamak» diýen işliginden gelip çykan bolmaly. Şol aýdymlaryň ikisi-de gynançly. Şonuň üçin «mahalot» pessaý çalynýan gamgyn saz bolmagy mümkin.

  • Makedoniýa.

    Gresiýanyň demirgazygynda ýerleşýärdi. Isgender Zülkarneýniň höküm süren döwri ady belli döwletdi. Rimliler basyp alýança, garaşsyz döwlet bolupdyr. Pawlus resul Ýewropa ilkinji gezek syýahat edende, Makedoniýa Rimiň welaýatydy. Pawlus şol ýere üç gezek barypdy (Res 16:9). Goşmaça maglumata serediň: B13.

  • Malkam.

    Ammonlaryň baş taňrysy Molek bolmaly (Sep 1:5). Serediň: MOLEK.

  • Manna.

    Ysraýyllar 40 ýyl çölde bolanda, Ýehowanyň beren çöregi. Her gün irden ýere düşen çyg gudrat arkaly manna öwrülýärdi. Manna diňe Sabat güni bolmaýardy. Ysraýyllar mannany ilkinji gezek görende: «Bu näme?», ýewreýçe «man hu?» diýipdiler (2Ms 16:13—15, 35). Käbir aýatlarda «asmanyň gallasy» (Zb 78:24), «gökden çörek» (Zb 105:40), «perişdeleriň çöregi» (Zb 78:25) hem diýilýär. Isa «manna» sözüni göçme manyda ulanypdy (Ýah 6:49, 50).

  • Maskil.

    Manysy belli bolmadyk ýewreý sözi. Zebur 13-nji babyň sözbaşynda duş gelýär. «Oýlanma goşgusy» diýmegi aňladýan bolmaly. Käbirleriniň aýtmagyna görä, şol sözüň manysy «gullugyny paýhasly ýerine ýetirýän» diýen jümlä meňzeş (2Tr 30:22; Zb 32:Sözb).

  • Maşgala butlary.

    Ýewreýçe «terafim». Pal atyp, maslahat soralýan butlar (Hyz 21:21). Käbiriniň ululygy we şekili adamyňky ýaly, käbiri bolsa kiçiräk bolupdyr (1Ms 31:34; 1Şm 19:13, 16). Mesopotamiýadaky gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, maşgala butlary kimde dursa, maşgalanyň mirasynyň hem şoňa galýandygy anyklandy. Rahel kakasynyň maşgala butlaryny şonuň üçin alan bolmaly. Ysraýylda serdarlaryň we patyşalaryň höküm süren döwründe bolsa maşgala butlaryny diňe sežde etmek üçin ulanypdyrlar. Ýoşyýa patyşa Hudaýyň ýigrenýän zatlaryny ýok edende, maşgala butlaryny hem aýrypdyr (Ser 17:5; 2Pa 23:24; Hoş 3:4).

  • Mazar.

    Bir adamyň ýa-da ähli adamlaryň jaýlanýan ýeri. Ýewreýçe «şeol», grekçe «gades». Hereket edip ýa-da pikirlenip bolmaýan ýeri aňladýar (1Ms 37:35; Eýp 14:13; Zb 16:10; Nak 27:20; Nes 9:10; Işa 5:14; Mat 16:18; Res 2:31; Ylh 20:13). Grekçe «mnemeýon» sözi hem «mazar» diýip terjime edilýär. Şol söz «ýada salmak» diýen işlikden gelip çykyp, ölen adamlaryň ýada salynjakdygyny görkezýär (Ýah 5:28, 29).

  • Mejlis.

    Ýehudylaryň Iýerusalimdäki ýokary kazyýeti. Isanyň döwründe 71 adamdan ybaratdy. Baş ruhany, öňki baş ruhanylar, baş ruhanynyň maşgala agzalary, ýaşulular, taýpa baştutanlary, tirebaşylar we kanunçylar Mejlisiň agzasy bolupdyr (Mar 15:1; Res 5:34; 23:1, 6).

  • Merdek.

    Wawilon şäheriniň baş taňrysy. Kanun düzüji Hammurapi patyşa Wawilony Wawiloniýanyň paýtagty edýär. Şonda Merdek (Marduk) taňrysy öňki taňrylardan has meşhur bolup, Wawiloniýanyň baş taňrysy hasaplanypdyr. Soňra Merdek (Marduk) taňrysynyň adyna «Belu» (Hojaýyn) goýlupdyr. Şonuň üçin oňa köplenç Bel taňrysy diýilýär (Ýer 50:2).

  • Mergi.

    Çalt ýaýraýan, ölüm howply ýokanç kesel. Köp aýatlarda Hudaýyň mergi bilen jeza berendigi aýdylýar (4Ms 14:12; Hyz 38:22, 23; Ams 4:10).

  • Merhemet.

    Serediň: ÝAGŞYLYK.

  • Merjen.

    Kiçijik deňiz jandarlarynyň çökündilerinden emele gelýän dürdäne. Daş ýaly gaty bolýar. Ummanlarda gyzyl, ak, gara görnüşleri bar. Gyzyl deňizde köp duş gelýär. Gadymy döwürde gyzyl merjen has gymmat hasaplanypdyr, ondan monjuk we dürli şaý-sepler ýasalypdyr (Nak 8:11).

  • Mesih.

    Ýewreýçe «Maşiýah», grekçe «Hristos». «Bellenen» diýmegi aňladýar. Birini jogapkärli borja bellemek üçin başyna ýag guýýardylar. Isa pygambere «Mesih» diýilýär (Mat 1:16; Ýah 1:41; Dan 9:25; Ýew 11:26).

  • Mesihçi.

    Hudaýyň Isa Mesihiň şägirtlerine beren ady (Res 11:26; 26:28).

  • Mesihiň duşmany.

    Grek dilinde iki manyda ulanylýar: 1) Mesihe garşy çykmak; 2) Mesihiň ornuny eýelejek bolýan ýalan Mesih. Özüni Mesih ýa-da onuň wekili hasaplaýan, Mesihe hem-de şägirtlerine garşy çykýan adamlara, guramalara we toparlara Mesihiň duşmany ýa-da deçjal diýilýär (1Ýh 2:22).

  • Meşik.

    Şerap guýmak üçin geçiniň ýa-da goýnuň derisinden ýasalan gap. Şerap turşanda, meşik çişýärdi. Şonda täze meşikler giňeýärdi, köne meşikler bolsa gaty bolandygy üçin ýyrtylýardy. Şol sebäpli şeraby täze meşiklere guýýardylar (Ýuş 9:4; Mat 9:17).

  • Meýdança.

    Serediň: ŞÄHER MEÝDANÇASY.

  • Midiýa; midiýalylar.

    Eýranyň daglarynda ýerleşýän ýurt. Ýafetiň ogly Madaýyň nesli ýaşapdyr. Olara midiýalylar diýlipdir. Midiýalylar wawilonlylara goşulyp, Assiriýa çozdular. Şol wagtlar Pars döwleti Midiýanyň golastynda bolupdy. Emma Kir patyşa gozgalaň turzansoň, şol iki döwlet birleşip, Midiýa-Pars imperiýasy döreýär. B. e. öň 539-njy ýylda olar Täze Wawilon imperiýasyny basyp alýarlar. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost baýramynda Iýerusalime midiýalylar hem gelipdi (Dan 5:28, 31; Res 2:9). Goşmaça maglumata serediň: B9.

  • Miktam.

    Ýewreý sözi. Zebur kitabynyň alty babynyň sözbaşynda duş gelýär (Zb 16; 56—60). Manysy anyk belli däl. «Şanyna» diýmegi aňladýan bolmaly.

  • Milkom.

    Ammonlaryň sežde eden taňrysy. Molek taňrysy bolmagy mümkin (1Pa 11:5, 7). Süleýman patyşa hökümdarlygynyň ahyrynda şol ýalan taňry üçin seždegähleri gurdy. Serediň: MOLEK.

  • Molek.

    Ammonlaryň taňrysy. Malkam, Milkom ýa-da Moloh taňrysy bolmagy mümkin. Taňrynyň adyny däl-de, lakamyny aňladýan bolmaly. Töwratda çagasyny Molek taňrysyna gurban beren adam ölüme höküm edilýärdi (3Ms 20:2; Ýer 32:35; Res 7:43).

  • Moloh.

    Serediň: MOLEK.

  • Möhür.

    Bir zadyň eýesini, ynama mynasypdygyny görkezmek ýa-da şertnamany tassyklamak üçin goýulýan bellik. Köplenç toýnuň ýa-da mumuň ýüzüne basylýardy. Öňler möhüri daşdan, piliň süňkünden ýa-da agaçdan ýasap, ýüzüne harplary ýa-da şekilleri oýup ýazýardylar. «Möhür» sözi göçme manyda ynama mynasyp, gizlin saklanýan ýa-da birine degişli zady aňladýar (2Ms 28:11; Neh 9:38; Ylh 5:1; 9:4).

  • Möhürli ýüzük.

    Barmaga ýa-da ýüp bilen boýna dakylýan möhür. Patyşanyň ýa-da baştutanyň häkimiýetini aňladýar (1Ms 41:42). Serediň: MÖHÜR.

  • Mukaddes çadyr.

    Müsürden çykanlaryndan soň, ysraýyllaryň Hudaýa sežde etmek üçin ulanan çadyry. Çadyry söküp-düzüp bolýardy, içinde Ýehowanyň äht sandygy goýulýardy, sandyk halkyň arasynda Hudaýyň bardygyny görkezýärdi. Mukaddes çadyr Hudaýa gurbanlyk berilýän we sežde edilýän ýerdi. «Ýygnak çadyry» hem diýilýärdi. Çadyr agaç çarçuwalardan ýasalyp, zygyr mata bilen örtülipdi. Matanyň ýüzi keruplaryň şekili bilen keşdelenipdi. Çadyryň iki otagy bardy, birinjisine mukaddes otag, ikinjisine iň mukaddes otag diýilýärdi (Ýuş 18:1; 2Ms 25:9). Goşmaça maglumata serediň: B5.

  • Mukaddes gulluk.

    Adamyň Hudaý üçin edýän mukaddes hyzmaty ýa-da işi (Rim 12:1; Ylh 7:15).

  • Mukaddes kitaplar.

    Hudaýyň pygamberlere ýazdyran kitaplary. «Mukaddes kitaplar» diýen jümle diňe Injilde duş gelýär (Luk 24:27; 2Tm 3:16).

  • Mukaddes otag.

    Çadyryň we ybadathananyň birinji uly otagy. Içki otagdan, ýagny iň mukaddes otagdan tapawutlanýar. Çadyryň mukaddes otagynda altyn şemdan, altyndan ýasalan tütetgi ojagy, hödür çörek goýulýan stol we altyn gap-gaçlar bardy. Ybadathananyň mukaddes otagynda bolsa altyn ojak, on sany altyn şemdan we hödür çörek goýulýan on sany stol bardy (2Ms 26:33; Ýew 9:2). Goşmaça maglumata serediň: B5 we B8.

  • Mukaddes ruh.

    Hudaýyň güýji. Hudaý göze görünmeýän güýji arkaly islegini amala aşyrýar. Ýehowa arassalygyň we dogruçyllygyň gözbaşy, güýjüni hem mukaddes işleri etmek üçin ulanýar. Şol sebäpli Hudaýyň güýjüne mukaddes diýilýär (Luk 1:35; Res 1:8).

  • Mukaddes syr.

    Hudaýyň belli bir wagta çenli saklan syry. Wagty gelende, Hudaý şol syry diňe saýlan adamlaryna açýar (Mar 4:11; Kol 1:26).

  • Mukaddes ýer.

    Hudaýa sežde edilýän ýer. Mukaddes çadyry ýa-da Iýerusalimdäki ybadathanany aňladýar. Käbir aýatlarda Hudaýyň gökdäki mekany göz öňünde tutulýar (2Ms 25:8, 9; 1Tr 28:10; Ylh 11:19).

  • Mukaddes; mukaddeslik.

    Ýehowa mahsus häsiýet. Ahlak taýdan arassalyk we päklik (2Ms 28:36; 1Şm 2:2; Nak 9:10; Işa 6:3). Adamlara (2Ms 19:6; 2Pa 4:9), haýwanlara (4Ms 18:17), zatlara (2Ms 28:38; 30:25; 3Ms 27:14), ýerlere (2Ms 3:5; Işa 27:13), döwürlere (2Ms 16:23; 3Ms 25:12), işlere (2Ms 36:4) degişli ulanylanda, asyl nusgadaky ýewreý sözi mukaddes Hudaýa bagyş edilmegi, aýrylyp goýulmagy ýa-da mukaddes edilmegi aňladýar. Mukaddeslik diňe Ýehowanyň hyzmatynda bolmagy aňladýar. Injilde-de «mukaddes» sözi Hudaýa bütinleý bagyş edilmegi we erbet işlerden gaça durmagy aňladýar (Efs 1:4; 2Kr 7:1; 1Pe 1:15, 16).

  • Mukaddesligiň alamaty.

    Sap altyndan lowurdap duran maňlaýlyk. Ýüzüne ýewreý dilinde «Ýehowa mukaddesdir» diýip ýazylgydy. Baş ruhanynyň sellesine dakylýardy (2Ms 39:30). Goşmaça maglumata serediň: B5.

  • Musanyň kanuny.

    Ýehowanyň ysraýyllara Musa pygamber arkaly beren kanuny. Töwrat hem diýilýär. B. e. öň 1513-nji ýylda Sinaý çölünde berlipdi (Ýuş 23:6; Luk 24:44).

  • Mutlaben.

    Zebur 9-njy babyň sözbaşynda duş gelýär. «Ogluň ölümi hakda» diýmegi aňladýar. Käbirleriniň aýtmagyna görä, meşhur aýdymyň ady ýa-da sözbaşy bolmaly. Zebury şol meşhur aýdymyň heňinde aýtmalydygyny görkezýär.

  • Müneçjim.

    Günüň, Aýyň we ýyldyzlaryň ugruna görä, boljak wakalary öňünden kesgitleýän adam (Dan 2:27; Mat 2:1).

  • Mür.

    Tikenli ösümlikden ýa-da kamfar maşgalasyna degişli kiçi agaçlardan alynýan ýakymly ysly şepbik. Mukaddes ýaga mür goşulýardy. Egin-eşige we düşege hoşboý ys bermek üçin sepilýärdi. Endamyňy owkalamak üçin çalynýan ýaga we melheme goşulýardy. Jaýlamazdan öň, ölen adama-da çalynýardy (2Ms 30:23; Nak 7:17; Ýah 19:39).

  • Mürze.

    Köşkde patyşanyň hat-ýazuw işlerini ýöredýän emeldar ýa-da Töwrady göçürip alýan adam (2Pa 19:2; 2Tr 24:11; Hyd 7:6).

N

  • Nakyl.

    Öwüt-nesihat bermek üçin aýdylýan parasatly ýa-da çuň manyly sözler. Mukaddes Kitapda nakyl tapmaça ýa-da matal görnüşinde hem duş gelýär. Nakyllarda köplenç meňzetme ulanylyp, wajyp hakykat şahyrana sözler bilen düşündirilýär. Il arasynda birini ýaňsylap ýa-da kemsidip aýdylýan sözlerem nakyl bolup galypdyr (Nes 12:9; 2Pe 2:22).

  • Nazaretli.

    Isa Nazaret şäherinden bolandygy üçin nazaretli diýýärdiler. Işaýa 11:1-de «şaha» diýip terjime edilen ýewreý sözi bilen bagly bolmaly. Isanyň şägirtlerine-de nazaretli diýýärdiler (Mat 2:23; Res 24:5).

  • Nehilot.

    Manysy belli däl. Zebur 5-nji babyň sözbaşynda duş gelýär. Käbirleriniň aýtmagyna görä, manysy «halil» (tüýdük) diýen ýewreý sözüne meňzeş. Üflenip çalynýan saz guraly ýa-da bir aýdymy aňladýan bolmaly.

  • Nezir.

    Ýewreý sözünden gelip çykyp, «saýlanan, bagyş edilen, aýratyn goýlan» diýmegi aňladýar. Nezirleriň iki görnüşi bardy: öz islegi bilen nezir bolanlar we Hudaý tarapyn bellenenler. Erkek ýa aýal Ýehowa söz berip, belli bir wagta çenli nezir bolýardy. Öz islegi bilen nezir bolan adam üç zatdan gaça durmalydy: 1) şerap içmeli däldi ýa-da üzüm iýmeli däldi, 2) saçyny gyrkmaly däldi, 3) jesede degmeli däldi. Hudaý tarapyn bellenen nezirler bütin ömrüne nezir bolýardy we olaryň nämeden gaça durmalydygyny Ýehowa anyk aýdýardy (4Ms 6:2—7; Ser 13:5).

  • Nälet.

    Birine ýa-da bir zada aýdylýan gargyş. Ýöne gahar-gazap bilen sögünmek däl. Höküm yglan edilende ýa-da erbet habar öňünden aýdylanda, gargyş okalýardy. Hudaýyň ýa-da ygtyýarly adamyň aýdan näleti pygamberlik ýaly ýerine ýetýärdi (1Ms 12:3; 4Ms 22:12; Gal 3:10).

  • Nisan.

    Wawilon ýesirliginden soň, abyp aýynyň täze ady. Ýehudylaryň dini senenamasy boýunça 1-nji aý, ekerançylyk senenamasy boýunça 7-nji aý. Martyň ortasyndan apreliň ortasyna çenli dowam edýär (Neh 2:1). Goşmaça maglumata serediň: B15.

  • Nowbahar.

    Maşgalada uly ogul. Gadymy döwürde nowbahar ogul maşgalada iň sylanýan adamdy. Kakasy ýogalansoň, ol maşgalabaşy bolmalydy. Nowbaharlara «ilkinji doglan» erkek mallar hem girýär (2Ms 11:5; 13:12; 1Ms 25:33; Kol 1:15).

O

  • Okara.

    Galla ölçegi. Çelegiň göwrümine görä ölçeseň, 1,22 litre deň (2Pa 6:25). Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • Olja.

    Duşmandan üstün çykylanda alynýan goş-golam, mal-gara we gymmatbaha zatlar (Ýuş 7:21; 22:8; Ýew 7:4).

  • Omyn.

    «Goý, şeýle bolsun» ýa-da «hak söz» diýmegi aňladýar. Ýewreýçe «aman» (wepadar, ynamdar) sözünden gelip çykypdyr. «Omyn» diýýän adam edilen kasam, doga ýa-da aýdylan söz bilen ylalaşýandygyny görkezýärdi. Ylham kitabynda Isanyň tituly hökmünde ulanylýar (5Ms 27:26; 1Tr 16:36; Ylh 3:14).

  • Ondan bir bölek.

    Ysraýyllarda ähli zadyň on göterimi sadaka ýa-da zekat hökmünde berilýärdi (Mel 3:10; 5Ms 26:12; Mat 23:23). Musanyň kanunynda her ýyl hasylyň we mal-garanyň ondan bir bölegi lewilere berilýärdi. Lewiler hem şol zatlaryň ondan bir bölegini Harunyň neslinden ruhanylara berýärdi. Sadaka hökmünde berilýän başga-da «ondan bir bölek» bardy. Emma mesihçilerden ondan bir bölegi sadaka bermek talap edilmeýär.

  • Oniks.

    Gymmatbaha daş. Agat daşynyň gaty görnüşi ýa-da zolakly halsedon daşy. Oniks daşynda ak reňk gara, goňur, gyzyl, çal ýa-da ýaşyl reňk bilen utgaşyp gidýär. Baş ruhanynyň eşigine-de oniks daşy dakylýardy (2Ms 28:9, 12; 1Tr 29:2; Eýp 28:16).

  • Ot köli.

    Göçme manyda kükürt bilen ot ýanýan ýer. «Ikinji ölümi» aňladýar. Toba etmeýän günäkärler, Iblis, ölüm we mazar ot kölüne zyňlar. Ruhy şahsyýetleri, ölümi we mazary göni manyda otda ýakyp bolmaýandygy üçin, «ot köli» hemişelik gynalýan ýeri däl-de, ebedilik ýok edilmegi aňladýar (Ylh 19:20; 20:14, 15; 21:8).

  • Ot söndürgiç.

    Mukaddes çadyrda we ybadathanada ulanylan altyn ýa-da mis gural. Çyranyň pelteleri kesilýän gaýça meňzeş bolmaly (2Pa 25:14).

Ö

P

  • Palçy.

    Jynlaryň kömegi bilen gelejegi aýdýan adam. Mukaddes Kitapda jadygöý ruhanylar, palçylar, müneçjimler, bilgiçler we başga-da şuňa meňzeş işleri edýän adamlar hakda aýdylýar (3Ms 19:31; 5Ms 18:11; Res 16:16).

  • Papirus.

    Suwda ösýän gamşa meňzeş ösümlik. Papirusdan sebet, gap we gaýyk ýaly zatlar ýasalýardy. Hat ýazmak üçin kagyz hökmünde hem ulanylýardy (2Ms 2:3).

  • Parahatlyk gurbanlygy.

    Ýehowany razy etmek üçin berilýän gurbanlyk. Gurbanlyk berýän adam, tutuş maşgalasy, gurbanlygy hödürleýän ruhany we hyzmat edýän beýleki ruhanylar gurbanlykdan iýip bilýärdi. Ýehowa hamala ýakylýan ýagyň ýakymly ysyny alýan ýalydy. Ýaşaýşy aňladýan gan hem Hudaýa berilýärdi. Ruhanylar we gurbanlyk berýän adamlar hamala Ýehowa bilen bir saçakdan naharlanýan ýalydy. Bir saçakda oturmak agzybirligiň alamatydy (3Ms 7:29, 32; 5Ms 27:7).

  • Pars; parslar.

    Köplenç Midiýa bilen agzalýan ýurt ýa-da halk. Parslar bilen midiýalylaryň asly bir bolmagy mümkin. Parslar ilki Eýranyň daglarynyň günorta-günbatarynda ýaşapdyr. Beýik Kir patyşanyň ýolbaşçylygynda parslar midiýalylary boýun egdiripdir. Ýöne imperiýada iki halkyň hem ygtyýary güýçli bolupdyr. Taryhçylaryň aýtmagyna görä, Kir patyşanyň kakasy pars, ejesi midiýalydy. B. e. öň 539-njy ýylda Kir Wawilon imperiýasyny basyp alyp, ýesirlikdäki ýehudylary watanyna iberýär. Pars imperiýasynyň mülkleri gündogardaky Hind derýasyndan başlap, günbatardaky Egeý deňzine çenli uzalýardy. B. e. öň 331-nji ýylda Isgender Zülkarneýn parslary derbi-dagyn edýänçä, ýehudylar olaryň golastynda bolupdyr. Danyýar pygamber Pars imperiýasynyň dörejekdigi hakda görnüş görüpdi. Hydyr, Nehemýa we Ester kitaplarynda-da Pars imperiýasy barada aýdylýar (Hyd 1:1; Dan 5:28; 8:20). Goşmaça maglumata serediň: B9.

  • Pasha.

    Ysraýyllaryň Müsürden çykan wagtyny ýatladýan baýramçylyk. Abyp, ýagny nisan aýynyň 14-ne bellenýärdi. Baýramçylykda guzynyň ýa-da owlagyň etini gowrup, ajy otlar we hamyrmaýasyz çörek bilen iýýärdiler (2Ms 12:27; Ýah 6:4; 1Kr 5:7).

  • Patyşalyk hasasy.

    Patyşanyň elindäki hasa ýa-da taýak. Patyşalyk häkimiýetiniň nyşanydy (1Ms 49:10; Ýew 1:8).

  • Pentikost baýramy.

    Üç uly baýramçylygyň ikinjisi. «Ellinji (gün)» diýmegi aňladýar. Ýehudylaryň ähli erkekleri baýramçylygy Iýerusalimde bellemelidi. Injilde Pentikost baýramy, Töwratda Galla baýramy we Hepdeler baýramy diýilýär. 16-njy nisandan hasaplasaň, 50-nji gün bellenýärdi (2Ms 23:16; 34:22; Res 2:1).

  • Pergament.

    Goýnuň, geçiniň ýa-da göläniň derisinden ýasalyp, hat ýazmak üçin ulanylýardy. Papirusdan has berk hasaplanýardy. Mukaddes kitaplar hem pergamentlere ýazylypdy. Pawlus resul Timoteosa Töwradyň käbir pergament golýazmalaryny getirmegi haýyş eden bolmaly. Öli deňzinden tapylan käbir golýazmalar pergamentlere ýazylandy (2Tm 4:13).

  • Perişdeler.

    Ýewreýçe «malak», grekçe «aggelos». «Habarçy» diýmegi aňladýar. Ruhy şahsyýetler barada aýdylanda, «perişde» diýilýär (1Ms 16:7; 32:3; Ýak 2:25; Ylh 22:8). Perişdeler — güýçli ruhy şahsyýetler. Hudaý olary adamlardan has öň ýaradypdy. Mukaddes Kitapda olara «müňlerçe mukaddesler», «Hudaýyň ogullary» we «daň ýyldyzlary» hem diýilýär (5Ms 33:2; Eýp 1:6; 38:7). Perişdelere nesil öndürmek ukyby berilmedi, şonuň üçin olaryň hersi aýratyn ýaradyldy. Olaryň sany ýüz milliondan hem gowrakdyr (Dan 7:10). Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, perişdeleriň hersiniň öz ady we häsiýetleri bar. Emma olar pesgöwünli bolup, özlerine sežde etdirmeýär, köpüsi hatda adyny hem aýtmaýar (1Ms 32:29; Luk 1:26; Ylh 22:8, 9). Olaryň hersiniň öz orny we ýerine ýetirmeli borçlary bar. Perişdeler Ýehowanyň tagtynyň öňünde hyzmat edýärler, adamlara Hudaýyň habaryny ýetirýärler, Ýehowanyň ýer ýüzündäki gullukçylaryny goraýarlar, Hudaýyň hökümini amala aşyrýarlar we hoş habary wagyz etmäge kömek edýärler (2Pa 19:35; Zb 34:7; Luk 1:30, 31; Ylh 5:11; 14:6). Gelejekde bolsa Armageddon söweşinde Isany goldarlar (Ylh 19:14, 15).

  • Petir baýramy.

    Ysraýyllaryň her ýyl bellän üç baýramçylygynyň birinjisi. Pashanyň ertesi güni, ýagny nisan aýynyň 15-den başlap, ýedi gün dowam edýärdi. Baýramçylyk günleri halk diňe petir çörek iýip, Müsürden çykan wagtyny ýatlaýardy (2Ms 23:15; Mar 14:1).

  • Pilişt; piliştliler.

    Ysraýylyň günortasynda ýerleşýän ýurt. Kritden şol ýere göçüp gelen adamlara piliştliler diýlipdir. Dawut patyşa olary boýun egdiripdi. Olar şonda-da garaşsyz döwlet bolup, hemişe ysraýyllara duşman boldular (2Ms 13:17; 1Şm 17:4; Ams 9:7). Goşmaça maglumata serediň: B4.

  • Pilmahmytlar.

    Ýewreýçe «nefilim». «Ýykýanlar» diýmegi aňladýan bolmaly. Adam keşbine giren perişdeleriň we ynsan gyzlarynyň ogullary. Nuh pygamberiň döwründe bolan tupandan öň ýaşan zalym hem äpet adamlar (1Ms 6:4).

  • Pim.

    Agyrlyk ölçegi we pul birligi. Piliştliler her dürli gurallary ýiteldip bereni üçin bir pim alýardylar. Gazuw-agtaryş işlerinde Ysraýylda birnäçe çeküw daşy tapyldy. Olaryň ýüzünde ýewreýçe «pim» diýip ýazylgy. Pim şekeliň üçden iki bölegine deň. Agramy ortaça 7,8 gram (1Şm 13:20, 21).

  • Porneýa.

    Serediň: AHLAKSYZLYK.

  • Prokonsul.

    Rim Senatynyň (Ýokary geňeşiniň) gözegçiligindäki welaýat häkimi. Harby güýji we kazylyk etmäge ygtyýary bolupdyr. Senatyň gözegçiligi astynda bolsa-da, welaýatda ygtyýary güýçlüdi (Res 13:7; 18:12).

  • Purym.

    Her ýyl adar aýynyň 14-ne we 15-ne bellenilýän baýramçylyk. Şa aýaly Esteriň döwründe ölümden halas bolan ýehudylaryň şanyna bellenýärdi. «Purym» diýen söz «bijeler» diýmegi aňladýar. Haman ýehudylary gyrjak gününi bije atyp kesgitläpdi. Şonuň üçin baýramçylygyň adyna Purym, ýagny Bije baýramy diýlipdir (Est 3:7; 9:26).

  • Pürs.

    Dik agaç. Käbir halklar jenaýatçyny pürse çüýleýärdiler ýa-da jesedini pürsden asyp goýýardylar. Jenaýatçyny köpçüligiň öňünde masgara etmek we başgalara sapak bermek üçin şeýle edýärdiler. Zalym assiriýalylar ýesirleri ujy ýiti pürsden asýardylar. Pürsi adamyň garnyndan döşüne çenli sokýardylar. Ýehudylaryň kanunyna görä, Hudaýa dil ýetiren ýa-da butparaz adamy ilki daşlap ýa-da başga usul bilen öldürýärdiler. Soňra başgalara sapak bolsun diýip, jenaýatçynyň jesedini pürsden ýa-da agaçdan asýardylar (5Ms 21:22, 23; 2Şm 21:6, 9). Rimliler käte jenaýatçyny pürse daňyp goýýardylar. Ol agyrydan, suwsuzlykdan, açlykdan ýa Günüň jöwzasyndan ölýänçä, birnäçe günläp asylgy durýardy. Käwagt bolsa Isany edişleri ýaly, adamyň el-aýagyny pürse çüýleýärdiler (Luk 24:20; Ýah 19:14—16; 20:25; Res 2:23, 36). Serediň: JEBIR PÜRSI.

  • Pygamber.

    Hudaýyň habaryny aýdýan adam. Pygamberler Hudaýyň adyndan gepläp, diňe bir gelejekde boljak zatlary aýtman, Ýehowanyň kanunlaryny, tabşyryklaryny we hökümlerini-de aýdýardy (Ams 3:7; 2Pe 1:21).

  • Pygamberlik.

    Hudaýdan gelen habar, Hudaýyň islegi. Hudaý pygamberlik arkaly ahlak kadalaryny öwredýärdi, tabşyrygyny ýa-da hökümini aýdýardy, gelejekde boljak zatlary duýdurýardy (Hyz 37:9, 10; Dan 9:24; Mat 13:14; 2Pe 1:20, 21).

R

  • Rahaw.

    Eýýup, Zebur we Işaýa kitaplarynda göçme manyda ulanylanda, Ýuşa kitabyndaky Rahaw atly aýaly aňlatmaýar. Eýýup kitabyndan Rahawyň deňiz jandaryny aňladýandygyny bilse bolýar. Başga aýatlarda bolsa şol deňiz jandary Müsüre degişli ulanylýar (Eýp 9:13; Zb 87:4; Işa 30:7; 51:9, 10).

  • Resul.

    «Iberilen» diýmegi aňladýar. Isa pygamberiň we käbir adamlaryň başgalara hyzmat etmek üçin iberilendigini görkezýär. Esasan, Isanyň saýlan 12 şägirdi göz öňünde tutulýar (Mar 3:14; Res 14:14).

  • Ruh.

    Ýewreýçe «ruah», grekçe «pnewma». Köplenç «ruh» diýip terjime edilýän sözleriň birnäçe manysy bar. Ruh göze görünmeýär, ýöne bardygyny duýsa bolýar. Ýewreý we grek sözleri 1) şemaly, 2) ýer ýüzündäki janly-jandarlaryň ýaşaýyş demini, 3) adamyň garaýşyny, bir zat etmäge islegini ýa-da yhlasyny, 4) Hudaýyň güýji arkaly pygamberlik etmegi, 5) perişdeleri we 6) Hudaýyň güýjüni ýa-da mukaddes ruhuny aňladýar (2Ms 35:21; Zb 104:29; Mat 12:43; Luk 11:13).

  • Ruhany.

    Hudaýyň wekili hökmünde hyzmat eden adam. Ruhanylar halka Hudaý we kanunlary hakda öwredýärdi. Halkyň adyndan Hudaýa gurbanlyk hödürläp, olaryň günäleri üçin doga-dileg edýärdi. Musanyň kanuny berilmänkä, maşgalabaşylar öz maşgalasy üçin ruhany ýaly bolupdyr. Soňra Töwrada görä, lewi taýpasyndan Harunyň neslindäki erkek adamlar ruhany bellendi. Lewileriň beýleki erkekleri bolsa olara kömek etmelidi. Täze äht baglaşylanda, Isa Mesih Baş ruhany, ruhy Ysraýylyň agzalary bolsa ruhanylar boldy (2Ms 28:41; Ýew 9:24; Ylh 5:10).

S

  • Sabat güni.

    Ýehudylarda hepdäniň ýedinji güni. Ýewreý sözünden gelip çykyp, «dynç almak, bes etmek» diýmegi aňladýar. Anna güni Gün batansoň başlap, şenbe güni Gün batýança dowam edýärdi. Baýramçylyk günlerine, her 7-nji we 50-nji ýyllara-da «Sabat» diýilýärdi. Sabat güni hiç hili iş etmeli däldi, diňe ruhanylar Hudaýyň öýünde hyzmat edip bilýärdi. Sabat ýyllary ekin ekilmeýärdi, ildeşine karz beren ýehudylar algysyny geçmelidi. Töwratda Sabat güni bilen bagly berlen düzgünler kyn däldi. Emma dini ýolbaşçylar özleriçe birgiden düzgünleri girizdiler. Isanyň döwründe halka şol düzgünleri berjaý etmek juda kyn bolýardy (2Ms 20:8; 3Ms 25:4; Luk 13:14—16; Kol 2:16).

  • Saddukeýler.

    Ýehudylaryň ady belli dini topary. Şol topara at-abraýly adamlar we ybadathanadaky işlere gözegçilik eden ruhanylar giripdir. Saddukeýler fariseýleriň girizen däp-dessurlaryna eýermeýärdi, dini ynançlary hem tapawutlanýardy. Saddukeýler direlişe we perişdelere ynanmaýardy. Olar Isa garşy çykýardy (Mat 16:1; Res 23:8).

  • Salgyt.

    Bir döwletiň ýa-da patyşanyň golastyndaky ýurtdan talap edilýän töleg. Urşuň öňüni almak we halky goramak üçin hem salgyt tölenýärdi (2Pa 3:4; 18:14—16; 2Tr 17:11). «Salgyt» hökümetiň her bir raýatdan talap edýän tölegini hem aňladýar (Neh 5:4; Rim 13:7).

  • Saman.

    Ýele sowrulan ýa-da döwlen gallanyň gabygy. «Saman» sözi göçme manyda derde ýaramaýan we gerekmejek zady aňladýar (Zb 1:4; Mat 3:12).

  • Samariýa.

    Ysraýylyň on taýpaly demirgazyk patyşalygynyň paýtagty. Takmynan 200 ýyllap paýtagt şäher bolupdyr. Tutuş patyşalyga-da Samariýa diýlipdir. Şäher Samariýa dagynyň üstünde gurlupdy. Isanyň döwründe Samariýa bir welaýatyň ady bolupdyr. Samariýanyň demirgazygynda Jelile, günortasynda bolsa Ýahuda ýerleşýärdi. Isa Samariýada wagyz etmese-de, içinden geçmeli bolanda, adamlar bilen gürrüňdeş bolýardy. Petrus resul Patyşalygyň ikinji açaryny ulananda, samariýalylara mukaddes ruh indi (1Pa 16:24; Ýah 4:7; Res 8:14). Goşmaça maglumata serediň: B10.

  • Samariýalylar.

    On taýpaly demirgazyk patyşalygyndaky ysraýyllar. B. e. öň 740-njy ýylda assiriýalylar Samariýany basyp alyp, başga halklary göçürip getirdiler. Soňra olara-da samariýalylar diýlipdir. Isanyň döwründe belli bir milleti ýa-da döwleti däl-de, gadymy Şekemiň we Samariýanyň golaýynda ýaşan dini topary aňladýardy. Olaryň dini ynançlary ýehudylaryňkydan düýbünden tapawutlanýardy (Ýah 8:48).

  • Sapan.

    Daş atmak üçin deriden edilen enjam. Iki ýany işilen uzyn ýüpli bolupdyr. Daşy sapanyň ortasyna salýardylar. Iki ýüpüniň ujuny bir eliň bilen tutup, ýokarda batly aýlamalydy. Soňra daşy atmak üçin ýüpüň bir ujuny eliňden sypdyrmalydy. Gadymy döwürde goşunda sapan atýan esgerler bardy (Ser 20:16; 1Şm 17:50).

  • Saýlanmak.

    Serediň: BELLEMEK.

  • Seždegäh.

    Ybadat edilýän ýer. Baýyrda, dagda ýa-da emeli depede bolýardy. Hudaýa sežde etmek üçin ulanylsa-da, köplenç ýalan taňrylara sežde edilýärdi (4Ms 33:52; 1Pa 3:2; Ýer 19:5).

  • Sekta.

    Bir düşünjä ýa-da adama uýýan dini topar. Olaryň öz dini ynançlary bolýar. Ýehudy dininiň esasy iki topary: fariseýler we saddukeýlerdi. Mesihçileri hem ýehudy dinini taşlan topar hasaplap, olara «nazaretlileriň» sektasy diýýärdiler. Wagtyň geçmegi bilen, mesihçiler ýygnagynda hem sektalar döräpdir. Ylham kitabynda «Nikolawusyň» sektasy barada aýdylýar (Res 5:17; 15:5; 24:5; 28:22; Ylh 2:6; 2Pe 2:1).

  • Sela.

    Aýdym-saz bilen bagly söz. Zebur we Habakuk kitaplarynda duş gelýär. Aýdym aýdylanda ýa-da saz çalnanda säginmegi aňladýan bolmaly. Aýdymyň sözleri ýürege täsir eder ýaly ýa-da oýlanar ýaly säginilýärdi. «Grek Septuagintasynda» ulanylýan «diapsalma» sözi «aýdymda säginmek» diýmegi aňladýar (Zb 3:4; Hab 3:3).

  • Selle.

    Kellä oralýan uzyn mata. Telpek ýaly bolupdyr. Baş ruhanynyň sellesi nepis zygyr matadandy. Selläniň öňüne gök ýüp bilen altyn maňlaýlyk dakylýardy. Patyşalar hem täjiniň aşagyndan selle oraýardy. Eýýup pygamber öz adalatlylygyny selle bilen deňeşdirdi (2Ms 28:36, 37; Eýp 29:14; Hyz 21:26).

  • Seraplar.

    Gökde Ýehowanyň tagtynyň töwereginde durýan perişdeler. Ýewreýçe «serapim». «Ýanyp duranlar» diýmegi aňladýar (Işa 6:2, 6).

  • Serdarlar.

    Ysraýylda heniz patyşa ýokka, Ýehowanyň öz halkyny halas etmek üçin bellän adamlary (Ser 2:16).

  • Sezar.

    Rim imperatorynyň tituly. Mukaddes Kitapda Awgust, Tiberiýus we Klawdiý ýaly imperatorlaryň ady agzalýar. Neronyň ady agzalmasa-da, oňa-da Sezar diýilýär. Injilde «Sezar» diýlende, wezipeli we ygtyýarly adamlar göz öňünde tutulýar (Mar 12:17; Res 25:12).

  • Sinagoga.

    «Ýygnak, ýygnanyşmak» diýmegi aňladýar. Köp aýatlarda «sinagoga» diýlende, ýehudylaryň Hudaýyň sözüni okamak, öwrenmek, wagyz etmek, doga etmek üçin ýygnanyşan ýeri ýa-da jaýy göz öňünde tutulýar. Isanyň döwründe Ysraýylyň kiçi şäherlerinde bir sinagoga, uly şäherlerinde bolsa birnäçe sinagoga bardy (Luk 4:16; Res 13:14, 15).

  • Sion; Sion dagy.

    Ýabuslaryň Ýabus galasynyň ady. Iýerusalimiň günorta-gündogaryndaky depede ýerleşýärdi. Dawut patyşa galany basyp alyp, köşgüni gurdy. Şondan soň «Dawudyň şäheri» diýildi (2Şm 5:7, 9). Sion dagy Ýehowa üçin mukaddes dag boldy, sebäbi Dawut äht sandygyny şol dagda goýupdy. Moryýa dagynda gurlan ybadathana hem Siona degişli hasaplanýardy. Tutuş Iýerusalim şäherine-de Sion diýilýärdi. Injilde köplenç göçme manyda ulanylýar (Zb 2:6; 1Pe 2:6; Ylh 14:1).

  • Siriýa; siriýalylar.

    Serediň: ARAM; ARAMEÝLER.

  • Sirt.

    Demirgazyk Afrikada ýerleşýän Liwiýanyň kenarýakasyndaky iki uly aýlag. Öňler deňizçiler şol ýerden geçmäge gorkýardy, sebäbi tolkunlardan ýaňa aýlagyň kenaryndaky ýalpak ýerler üýtgäp durýardy (Res 27:17). Goşmaça maglumata serediň: B13.

  • Siwan.

    Wawilon ýesirliginden soň, ýehudylaryň dini senenamasy boýunça 3-nji aý, ekerançylyk senenamasy boýunça 9-njy aý. Maýyň ortasyndan iýunyň ortasyna çenli dowam edýär (Est 8:9). Goşmaça maglumata serediň: B15.

  • Soňky günler.

    Mukaddes Kitapda «soňky günler» we «dünýäniň ahyry» diýlende, dünýäniň soňunda boljak wakalar göz öňünde tutulýar (Hyz 38:16; Dan 10:14; Res 2:17). Pygamberlige görä, birnäçe ýyly ýa-da köp ýyly aňladyp bilýär. Isa gökde patyşa bolanda, soňky günler başlandy (2Tm 3:1; Ýak 5:3; 2Pe 3:3).

  • Söweş arabasy.

    Söweşde ulanylýan, iki tigirli, atly araba (2Ms 14:23; Ser 4:13; Res 8:28).

  • Söweş ýaraglary.

    Esgeri goraýan esbaplar: tuwulga, sowut, guşak, dyzlyk we galkan (1Şm 31:9; Efs 6:13—17).

  • Sözbaşy.

    Zebur kitabyndaky aýdymlaryň başynda ýazylan gysgaça maglumat. Sözbaşyda şol aýdymy kimiň ýazandygy, geçmişde bolan waka, aýdym-saz bilen bagly görkezme ýa-da aýdymyň maksady barada aýdylýar (Zb 3; 4; 5; 6; 7; 30; 38; 60; 92; 102-nji baplaryň sözbaşylaryna serediň).

  • Stoik filosoflary.

    Grek filosofiýasyna eýerýän adamlar. Olaryň pikiriçe, bagtly bolmak üçin adam düşünjeli bolmaly we tebigatyň kanunyna görä ýaşamaly; paýhasly adam agyra we lezzete biperwaý garamaly (Res 17:18).

  • Surnaý.

    Duýduryş bermek we saz çalmak üçin ulanylan gural. 4 Musa 10:2-de Ýehowa Musa pygambere kümüşden iki surnaý ýasamagy tabşyrýar. Halky ýygnamak, çadyrlaryny sökdürmek ýa-da söweşe taýýarlamak üçin surnaý çalynýardy. Surnaýlaryň käbiri turba görnüşli bolupdyr. Malyň şahyndan ýasalan surnaýlar bolsa egri bolupdyr. Ybadathanadaky saz gurallarynyň arasynda surnaý hem bardy. Ýöne olaryň nähili görnüşde bolandygy aýdylmaýar. Göçme manyda surnaý çalynmagy Ýehowanyň hökümleriniň we wajyp wakalaryň yglan edilmegini aňladýar (2Tr 29:26; Hyd 3:10; 1Kr 15:52; Ylh 8:7—11:15).

  • Suwa çümdürilmek.

    Suwa doly çümüp çykmagy aňladýar. Isa şägirtlerine suwa çümdürilmegi tabşyrdy. Injilde Ýahýanyň suwa çümdürmegi, mukaddes ruh we ot bilen çümdürilmek barada hem aýdylýar (Mat 3:11, 16; 28:19; Ýah 3:23; 1Pe 3:21).

  • Süleýmanyň sütünleri.

    Isanyň döwründäki ybadathananyň howlusynyň üsti ýapyk geçelgesi. Ybadathananyň gündogar tarapynda ýerleşýärdi. Olar Süleýmanyň guran ybadathanasyndan galan sütünler hasaplanýardy. Isa «gyş paslynda» şol ýere barypdy. I asyrdaky mesihçiler hem Hudaýa sežde etmek üçin «Süleýmanyň sütünleri» diýen ýerde ýygnanyşýardylar (Ýah 10:22, 23; Res 5:12). Goşmaça maglumata serediň: B11.

  • Sünbül ýagy.

    Sünbül ösümliginden alynýan açyk gyzyl reňkli, atyr ysly gymmatbaha ýag (Nardostashys jatamansi). Bahasy gymmat bolany üçin, köplenç arzan ýag goşulýardy ýa-da ýasama edilýärdi. Isanyň üstüne guýlan ýaga Markus bilen Ýahýanyň «sap sünbül ýagy» diýmegi geň galdyrmaýar (Mar 14:3; Ýah 12:3).

  • Sünnet.

    Erkeklik agzasynyň pürçügini kesip aýyrmak. Ybraýyma we nesline sünnetlenmek tabşyrylypdy, ýöne mesihçilerden talap edilmeýär. Käbir aýatlarda göçme manyda ulanylýar (1Ms 17:10; 1Kr 7:19; Flp 3:3).

  • Sürgün.

    Watanyňdan ýa-da öýüňden ýesirlige äkidilmek. Köplenç duşmanlar basyp alan ýurdunyň ilatyny sürgün edýärdi. Ýewreý dilinde «gitmek» diýen manysy bar. Ysraýyllar iki gezek köpçülikleýin sürgün edilipdi. On taýpaly demirgazyk patyşalygy assiriýalylar, iki taýpaly günorta patyşalygy bolsa wawilonlylar sürgün edipdi. Pars patyşasy Kir sürgün edilen adamlardan diri galanlary watanyna ugratdy (2Pa 17:6; 24:16; Hyd 6:21).

  • Sütün.

    Jaýyň diregi. Käwagt wajyp wakany ýa-da işi ýatladyp durar ýaly sütün goýulýardy. Süleýman patyşanyň guran ybadathanasynda we köşgünde sütünler bardy. Butparaz halklar ýalan taňrylara sežde etmek üçin keramatly sütünleri dikipdir. Soňabaka ysraýyllar hem şeýle edip başladylar (Ser 16:29; 1Pa 7:21; 14:23).

Ş

  • Şah.

    Malyň şahy. Içgi, ýag, syýa we sürme guýulýardy. Saz çalmak we halka duýduryş bermek üçin ulanylýardy (1Şm 16:1, 13; 1Pa 1:39; Hyz 9:2). Şah görnüşli saz guralyna «bory» hem diýilýär. «Şah» sözi göçme manyda güýç-kuwwaty, derbi-dagyn etmegi we ýeňşi aňladýar (5Ms 33:17; Mik 4:13; Zek 1:19).

  • Şakäse.

    Mukaddes Kitapda agzalýan iň kiçi suwuklyk ölçegi. Ýehudylaryň Talmud kitabynda aýdylmagyna görä, 12 şakäse bir küýzä deň. Şoňa esaslansak, bir şakäse 0,31 litr bolmaly (3Ms 14:10). Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • Şaýatlyk daşy.

    «Äht daşy» hem diýilýär. Hudaýyň Musa pygambere beren iki daşy. Olaryň ýüzüne on tabşyryk ýazylgydy (2Ms 31:18).

  • Şebat.

    Wawilon ýesirliginden soň, ýehudylaryň dini senenamasy boýunça 11-nji aý, ekerançylyk senenamasy boýunça 5-nji aý. Ýanwaryň ortasyndan fewralyň ortasyna çenli dowam edýär (Zek 1:7). Goşmaça maglumata serediň: B15.

  • Şekel.

    Ýewreýleriň agyrlyk ölçegi we pul birligi. Agramy 11,4 gram. «Mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg» diýlende, tereziniň dogry bolmalydygyny ýa-da mukaddes çadyrda ulanylan şekel bilen ölçemelidigini görkezýärdi. Köşkde ulanylýan şekel hem bardy. Köşk şekeliniň agramy adaty şekelden tapawutlanýardy (2Ms 30:13).

  • Şeminit.

    Aýdym-saz bilen bagly söz. «Sekizinji» diýmegi aňladýar. Ýogyn sesli saz gurallaryny ýuwaşlyk bilen çalmagy ýa-da aýdymy pes heňde aýtmagy görkezýän bolmaly (1Tr 15:21; Zb 6:Sözb; 12:Sözb).

  • Şerap sadakasy.

    Köp gurbanlyklaryň ýany bilen hödürlenen sadaka. Gurbanlyk ojagynyň üstüne dökülýärdi. Pawlus resul şol jümläni göçme manyda ulanyp, imandaşlary üçin janyndan hem geçmäge taýyndygyny görkezdi (4Ms 15:5, 7; Flp 2:17).

  • Şeýtan.

    Ýewreý dilinde «Duşman» diýmegi aňladýar. Asyl nusgada baş harp bilen ýazylanda, Hudaýyň duşmany Şeýtan Iblisi aňladýar (Eýp 1:6; Mat 4:10; Ylh 12:9).

  • Şäher häkimi.

    Wawilon imperiýasynyň golastyndaky ýerlere bellän ýolbaşçysy. Olar kanuny gowy bilýän adamlardy, emma ygtyýary çäklidi. Rimiň golastyndaky ýurtlarda hökümet ýolbaşçylary hasaplanýardy. Olar tertip-düzgüni saklamaga, gazna gözegçilik etmäge, kanuny bozýanlary soraga çekip, jeza bermäge jogapkärdi (Dan 3:2; Res 16:20).

  • Şäher meýdançasy.

    Şäher derwezesiniň agzyndaky giň ýer. Adamlar söwda etmek ýa-da Hudaýyň kanunyny diňlemek üçin şäher meýdançasyna üýşýärdiler (1Ms 23:10—18; Neh 8:1—3; Ýer 5:1). Ýaşulular hem wajyp meseleleri şäher meýdançasynda çözýärdi (Rut 4:1, 2, 11).

  • Şükür gurbanlygy.

    Hudaýyň beren berekedi we eden ýagşylygy üçin berilýän parahatlyk gurbanlygy. Gurbanlygyň etini hamyrmaýaly ýa-da hamyrmaýasyz çörek bilen iýse bolýardy. Ýöne gurbanlygyň etini diňe şol gün iýmelidi (2Tr 29:31).

T

  • Tammuz.

    1) Iýerusalimde ýewreý aýallaryň dady-perýat eden taňrysy. Aýtmaklaryna görä, Tammuz atly bir patyşa bolupdyr. Ol aradan çykansoň, adamlar ony taňry hasaplap, sežde edip başlapdyrlar. Şumer ýazgylarynda Dumuzi hem diýilýär. Wawilonlylaryň aýal taňrysy Inniniň (Iştaryň) äri ýa-da söýgülisi bolmaly (Hyz 8:14). 2) Wawilon ýesirliginden soň, ýehudylaryň dini senenamasy boýunça 4-nji aý, ekerançylyk senenamasy boýunça 10-njy aý. Iýunyň ortasyndan iýulyň ortasyna çenli dowam edýär. Goşmaça maglumata serediň: B15.

  • Tara.

    Mata dokamak üçin ulanylan dokmaçylyk guraly (Işa 19:9).

  • Tarşyş gämileri.

    Ilkibaşda Tarşyşa (häzirki Ispaniýa) gatnan gämiler. Soňra uzak ýola gidýän uly gämileriň ählisine Tarşyş gämileri diýlipdir. Süleýman we Ýehoşapat patyşa söwda-satyk etmek üçin Tarşyş gämilerini ýasadypdy (1Pa 9:26; 10:22; 22:48).

  • Tartar.

    Tussaglykda saklanmagy we biabraý bolmagy aňladýar. Nuh pygamberiň döwründe Hudaýa gulak asmadyk perişdeler şol ýere zyňlypdy. 2 Petrus 2:4-de ulanylýan «tartaro», ýagny «Tartara zyňmak» işligi «günä eden perişdeleriň» butparazlaryň rowaýatyndaky Tartara zyňlandygyny aňlatmaýar. Butparazlaryň pikiriçe, Tartar ýeriň aşagyndaky türmäni we pes derejeli taňrylaryň zyňylýan garaňky ýerini aňladýar. Ýöne Mukaddes Kitaba görä, Tartar Hudaýyň şol perişdeleri gökdäki mekanyndan kowandygyny we olaryň hormatly borçlaryny ýitirendigini aňladýar. Şeýle-de Hudaýyň niýetine düşünmez ýaly, olaryň aň-düşünjesiniň kütelendigini görkezýär. Gelejekde şol zalym perişdeler we olaryň baştutany Şeýtan Iblis hemişelik ýok ediler. Şeýlelikde, «Tartar» Hudaýa gulak asmadyk perişdeleriň biabraý bolmagyny aňladýar. Ol Ylham 20:1—3-nji aýatlardaky «düýpsüz çuňluk» däl.

  • Taýýarlyk görülýän gün.

    Sabat gününiň öň ýanyndaky gün. Ýehudylar Sabat gününe taýýarlyk görýärdiler. Anna güni Gün ýaşanda, taýýarlyk görülýän gün tamamlanyp, Sabat güni başlanýardy. Ýehudylar üçin täze gün Gün batandan soň başlanýardy (Mar 15:42; Luk 23:54).

  • Tebet.

    Wawilon ýesirliginden soň, ýehudylaryň dini senenamasy boýunça 10-njy aý, ekerançylyk senenamasy boýunça 4-nji aý. Dekabryň ortasyndan ýanwaryň ortasyna çenli dowam edýär. Köp aýatlarda ýöne «onunjy aý» diýilýär (Est 2:16). Goşmaça maglumata serediň: B15.

  • Täze aý.

    Ýehudylaryň senenamasy boýunça her aýyň birinji güni. Şol gün halk ýygnanyp, baýram edýärdi we Hudaýa gurbanlyk berýärdi. Wagtyň geçmegi bilen, milli baýramçylyga öwrüldi, şol gün işlemeli däldi (4Ms 10:10; 2Tr 8:13; Kol 2:16).

  • Tirsek.

    Uzynlyk ölçegi. Tirsekden orta barmagyň ujuna çenli aralyk. Ysraýyllar «tirsek» we «gez» diýen ölçeg birlikleri ulanýardylar. Tirsek 44,5 santimetr, gez bolsa dört barmak uzyn bolup, 51,8 santimetr (1Ms 6:15; Luk 12:25). Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • Tişri.

    Serediň: ETANYM. Goşmaça maglumata serediň: B15.

  • Toba etmek.

    Mukaddes Kitapda «toba etmek» diýlende, erbet işleriňe ýürekden ökünip, garaýşyňy we durmuşyňy üýtgetmegi aňladýar. Ýürekden toba edýän adam öňki erbet işlerini gaýtalamaýar (Mat 3:8; Res 3:19; 2Pe 3:9).

  • Töleg.

    Adamy tussaglykdan, jezadan, horlukdan, günäden ýa-da jogapkärçilikden azat etmek üçin tölenýän hak. Hemişe pul bilen tölenmeýär (Işa 43:3). Töleg her hili bolýardy. Meselem, Ysraýylda nowbahar ogullar we ilkinji doglan erkek mallar Ýehowa berilmelidi. Emma Ýehowa bütinleý bagyş edilen nowbahar ogullary we mallary yzyna satyn alyp ýa-da töleg bilen azat edip bolýardy (4Ms 3:45, 46; 18:15, 16). Eger bir adam süsek öküzini daňyp saklamasa, ol hem birini süsüp öldürse, onda eýesi ölüm jezasyndan azat bolmak üçin töleg tölemelidi (2Ms 21:29, 30). Emma bilgeşleýin adam öldüren ganhor üçin töleg alynmaýardy (4Ms 35:31). Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň öz janyny gurban berip, adamlary günäden we ölümden halas etmek üçin töleg töländigi aýdylýar (Zb 49:7, 8; Mat 20:28; Efs 1:7).

  • Töwrat.

    Mukaddes Kitabyň ilkinji bäş kitaby. Musa pygamberiň ýazan bäş kitabyna «Töwrat» diýilýär (Ýuş 1:8; 8:31; 2Tr 25:4). Injilde «Töwrat» diýlende, Töwrat, Zebur we pygamberleriň beýleki kitaplary hem göz öňünde tutulýar (Ýah 12:34; 15:25).

  • Tuty.

    Owadan dokalan we keruplaryň şekili bilen keşdelenen mata. Çadyrda we ybadathanada mukaddes otag bilen iň mukaddes otagyň arasyny bölýärdi (2Ms 26:31; 2Tr 3:14; Mat 27:51; Ýew 9:3). Goşmaça maglumata serediň: B5.

  • Tütetgi.

    Hoşboý ysly şepbik we melhem garylyp ýasalýardy. Tütedeniňde hoşboý ys ýaýraýardy. Mukaddes çadyrda we ybadathanada ulanylan tütetgä dört zat goşulýardy. Her gün irden we agşam mukaddes otagdaky tütetgi ojagynda tütetgi ýakylýardy. Günä geçilýän gün bolsa iň mukaddes otagda ýakylýardy. Tütetgi Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň doga-dileglerini hem aňladýardy. Mesihçilerden tütetgi ýakmak talap edilmeýär (2Ms 30:34, 35; 3Ms 16:13; Ylh 5:8).

  • Tütetgi ojagy.

    Agaçdan ýasalyp, altyna gaplanýardy. Mukaddes çadyryň we ybadathananyň birinji otagynda tütetgi ýakmak üçin ulanylýardy (2Ms 39:38; 1Pa 6:20; Luk 1:11). Goşmaça maglumata serediň: B5.

U

  • Uly betbagtçylyk.

    Grek dilinde «betbagtçylyk» diýen söz kyn ýagdaýda ejir çekmegi ýa-da görgi görmegi aňladýar. Isa «uly betbagtçylyk» diýende, Iýerusalim şäherine injek we gelejekde «uly şöhrat bilen gelende» boljak betbagtçylygy göz öňünde tutupdy (Mat 24:21, 29—31). Pawlus resul şol betbagtçylykda «Hudaýy tanamaýanlara we Halypamyz Isa baradaky hoş habara gulak asmaýanlara» Hudaýyň jeza berjekdigini aýtdy. Ylham kitabynyň 19-njy babynda bolsa Isanyň gökdäki goşuny bilen «wagşy haýwana, ýer ýüzüniň patyşalaryna we goşunlaryna» garşy çykjakdygy aýdylýar (2Sl 1:6—8; Ylh 19:11—21). Şol betbagtçylykda «uly märeke» halas bolar (Ylh 7:9, 14). Serediň: ARMAGEDDON.

  • Uly ruhany.

    Töwratda «baş ruhany» manyda hem ulanylýar. Injilde «uly ruhanylar» diýlende, baş ruhanylyk borjundan aýrylan ruhanylar we ruhanylaryň 24 toparynyň baştutanlary göz öňünde tutulýan bolmaly (2Tr 26:20; Hyd 7:5; Mat 2:4; Mar 8:31).

  • Urym we tummym.

    Bije atmak üçin ulanylan daşjagazlar bolmaly. Baş ruhany Hudaýyň islegini bilmek üçin, urym bilen tummymy ulanyp, bije atýardy. Urym we tummym arkaly halk üçin Ýehowadan maslahat soralýardy. Baş ruhany mukaddes çadyra girende, urym bilen tummymy gursakçasynyň içine salýardy. Wawilonlylar Iýerusalimi weýran edýänçä ulanylan bolmaly (2Ms 28:30; Neh 7:65).

Ü

  • Üzüm sykylýan çukur.

    Daşdan ýasalan iki çukur. Çukurlaryň biri beýik, beýlekisi pes bolupdyr. Olary aryk birleşdirýärdi. Üzümi beýikdäki çukurda sykýardylar, şonda şiresi pesdäki çukura akýardy. «Üzüm sykylýan çukur» diýen jümle Hudaýyň hökümini hem aňladýar (Işa 5:2; Ylh 19:15).

W

  • Wada.

    Bir işi etmek, gurbanlyk ýa sadaka bermek, belli bir hyzmaty ýerine ýetirmek ýa-da kanuna garşy gelmeýän käbir zatlardan saklanmak üçin Hudaýa söz bermek. Ant içmek bilen deň hasaplanýardy (4Ms 6:2; Nes 5:4; Mat 5:33).

  • Wada berlen gurbanlyk.

    Hudaýa wada berip, göwnüňden çykarylyp hödürlenýän gurbanlyk (3Ms 23:38; 1Şm 1:21).

  • Weli.

    Hudaýyň islegine düşünip bilýän, ähli zady öňünden görýän we bilýän adam. Ýewreý dilinde «görmek» diýen manysy bar. Göni we göçme manyda ulanylýar. Kyn ýagdaýa düşen adamlar weliden maslahat sorapdyrlar (1Şm 9:9).

  • Wepaly söýgi.

    Ýewreýçe «hesed». Päk, wepaly, ysnyşykly, ýürekden çykýan söýgini aňladýar. Köplenç Hudaýyň adamlara söýgüsi, käte bolsa adamlaryň arasyndaky söýgi göz öňünde tutulýar (2Ms 34:6; Rut 3:10).

  • Wezir⁠-⁠wekiller.

    Wawilonyň köşk emeldarlary. Wezipesi emiriňkiden pesdi. Mukaddes Kitapda wezir-wekilleriň Wawilonyň köşgündäki akyldarlara baştutanlyk edendigi aýdylýar. Midiýaly Dariý patyşanyň höküm süren döwründe-de wezir-wekiller bardy (Dan 2:48; 6:7).

Y

  • Ybadathana.

    Iýerusalimde ysraýyllaryň Hudaýa sežde eden ýeri. Mukaddes çadyryň deregine gurlupdy. Ilkinji ybadathanany Süleýman patyşa gurupdy, ýöne wawilonlylar ony weýran edipdi. Ikinji ybadathanany bolsa ýehudylar Wawilon ýesirliginden gaýdyp gelensoň, Zerubabel gurupdy. Soňra Beýik Hirodes ybadathanany gaýtadan dikeltdi. Köp aýatlarda ybadathana «Ýehowanyň öýi» hem diýilýär (Hyd 1:3; 6:14, 15; 1Tr 29:1; 2Tr 2:4; Mat 24:1). Goşmaça maglumata serediň: B8 we B11.

  • Ybadathana gullukçylary.

    Ybadathanada hyzmat eden başga milletli adamlar. Ýewreýçe «netinim». «Bagyş edilenler» diýmegi aňladýar. Köpüsi gibgonlylaryň nesli bolandyr, sebäbi «Ýuşa olara halk üçin we Ýehowanyň... gurbanlyk ojagy üçin odun çöplemegi, suw daşamagy tabşyrypdy» (Ýuş 9:23, 27; 1Tr 9:2; Hyd 8:17).

  • Ynsan ogly.

    Dört hoş habarda takmynan 80 gezek duş gelýär. Isa pygamberiň ýer ýüzünde ynsan bolup doglandygyny görkezýär. Ol gökden adam keşbine giren perişde bolup gelmändi. «Ynsan ogly» diýen jümle Isanyň Danyýar 7:13, 14-nji aýatlardaky pygamberligi berjaý etjekdigini hem görkezýär. Töwratda Hyzkyl we Danyýar pygambere-de «ynsan ogly» diýilýär, sebäbi olar pygamber bolsa-da, Beýik Hudaýyň ýanynda ýönekeý adamlardy (Hyz 3:17; Dan 8:17; Mat 19:28; 20:28).

  • Ysraýyl.

    Hudaýyň Ýakuba goýan ady. Ýakubyň nesli hem şol ady göterýärdi. Ýakubyň 12 oglunyň nesline Ysraýyl ogullary, Ysraýyl öýi, ysraýyl halky ýa-da ysraýyllar diýilýärdi. Günorta patyşalykdan bölünen on taýpaly demirgazyk patyşalyga hem Ysraýyl diýilýärdi. Gökde ýaşamak üçin saýlanan mesihçilere «Hudaýyň Ysraýyly» diýilýär (Gal 6:16; 1Ms 32:28; 2Şm 7:23; Rim 9:6).

Ý

  • Ýabany dalçyn.

    Şireli ösümlikden alynýardy. Adaty dalçynyň (korisanyň) maşgalasyna degişli. Atyr we mukaddes ýag ýasamak üçin ulanylýardy (2Ms 30:24; Zb 45:8; Hyz 27:19).

  • Ýagşylyk.

    Grek dilinde «ýakymly, gowy» diýen manysy bar. Köplenç ýürekden berlen sowgady aňladýar. «Hudaýyň ýagşylygy» diýlende, Hudaýyň jomartlyk bilen berýän berekedini aňladýar. Hudaý beren berekedine derek hiç zat talap etmeýär. Söýgüden doly we mähriban Hudaý adamlara jomartlyk bilen uly ýagşylyk edýär. Injiliň asyl nusgasyndaky grek sözi «bereket» we «höwes bilen berlen sadaka» diýip hem terjime edildi. Ýagşylyk — mynasyp bolmasaň-da, gazanyp bilmeseň-de, jomartlyk bilen berilýän bereket, sowgat ýa-da sylag. Käbir terjimelerde «merhemet» hem diýilýär (2Kr 6:1; Efs 1:7).

  • Ýagşy⁠-⁠ýamany saýgaryş agajy.

    Erem bagyndaky agaç. Adamlara «ýagşy-ýamany» diňe Hudaýyň öwredip bilýändigini görkezýärdi (1Ms 2:9, 17).

  • Ýahuda.

    Ýakubyň aýaly Leýadan bolan dördünji ogly. Ýakup ölüm ýassygynda ýatyrka, Ýahudanyň neslinden beýik hökümdaryň dörejekdigini pygamberlik etdi. Ol ebedi höküm sürmelidi. Isa Ýahudanyň neslinden doglupdy. Ysraýylyň bir taýpasyna we patyşalygyna Ýahudanyň ady goýuldy. Ysraýyllaryň ýahuda we benýamin taýpasyna günorta Ýahuda patyşalygy diýilýärdi. Ruhanylar bilen lewilerem olara degişlidi. Ýahudalar ýurduň günortasynda ýaşaýardylar. Iýerusalim bilen ybadathana şol ýerde ýerleşýärdi (1Ms 29:35; 49:10; 1Pa 4:20; Ýew 7:14).

  • Ýakma gurbanlygy.

    Gurbanlyk ojagynda Hudaýa ýakylyp berilýän gurbanlyk. Öküz, goç, teke, gumry we kepderi berip bolýardy. Malyň hiç zadyny alyp galman, tutuşlygyna ýakýardylar (2Ms 29:18; 3Ms 6:9).

  • Ýakup.

    Yshak bilen Rebekanyň ogly. Hudaý Ýakubyň adyny Ysraýyl diýip üýtgetdi. Ol ysraýyl halkynyň atasy boldy. Ýakubyň nesline ysraýyllar, soňra ýehudylar diýildi. Ýakubyň 12 ogly bardy, olardan ysraýylyň 12 taýpasy döredi. Ýakubyň ady soň-soňlaram ysraýyl halkyna ýa-da milletine degişli ulanylýardy (1Ms 32:28; Mat 22:32).

  • Ýaraşdyrma gapagy.

    Äht sandygynyň gapagy. Günä geçilýän gün baş ruhany günä gurbanlyklaryň ganyny äht sandygynyň öňüne damdyrýardy. «Ýaraşdyrma gapagy» diýen jümle ýewreý işliginden gelip çykyp, «günäniň üstüni örtmek» ýa-da «günäni ýuwmak» diýmegi aňladýar. Sandygyň gapagy sap altyndan ýasalypdy, her gyrasynda bir kerubyň heýkeli bardy. Äht sandygynyň gapagyna ýöne «gapak» hem diýilýär (2Ms 25:17—22; 1Tr 28:11; Ýew 9:5). Goşmaça maglumata serediň: B5.

  • Ýaraşmak üçin gurban.

    Serediň: GÜNÄDEN ARASSALANMAK.

  • Ýas aýdymy.

    Serediň: AGY AÝDYMY.

  • Ýaşaýyş agajy.

    Erem bagyndaky agaç. Mukaddes Kitapda onuň miwesiniň ýaşaýyş berýändigi aýdylmaýar. Ýöne Hudaý kime ýaşaýyş agajynyň miwesinden iýmäge rugsat berse, şol adama ebedi ýaşaýyş beriljekdigini aňladýar (1Ms 2:9; 3:22).

  • Ýaşuly; ýygnak ýaşulusy.

    Ýaşy uly, gartaşan adam. Mukaddes Kitapda «ýaşuly» diýlende, halkyň arasynda abraýly we ygtyýarly adam göz öňünde tutulýar. Ylham kitabynda gökdäki ruhy şahsyýetler bilen bagly ulanylýar. «Ýaşuly» diýip terjime edilen grekçe «presbiteros» sözi ýygnakda ýolbaşçylyk edýän jogapkär doganlary hem aňladýar (2Ms 4:29; Nak 31:23; 1Tm 5:17; Ylh 4:4).

  • Ýatlama sadakasy.

    Sadakanyň bir bölegi ýatlama sadakasy hökmünde ýakylýardy. Şeýle edilmegi tutuş sadakanyň Hudaýa berilýändigini ýatladýardy.

  • Ýazyk gurbanlygy.

    Günä üçin berilýän gurbanlyk. Günä gurbanlygyndan biraz tapawutlanýar. Ýazyk gurbanlygyny berýän adam Hudaýyň öňünde günä edendigine we kada-kanunlary äsgermezlik edendigine düşünýändigini görkezýärdi. Şeýdip, ol ýitiren borçlaryny täzeden alyp ýa-da jezasyny ýeňilleşdirip bilýärdi (3Ms 7:37; 19:22; Işa 53:10).

  • Ýedutun.

    Manysy belli däl. Zebur 39, 62, 77-nji baplaryň sözbaşylarynda duş gelýär. Şol sözbaşylar aýdymyň nähili aýdylmalydygyny ýa-da haýsy saz guralyny ulanmalydygyny görkezýän bolmaly. Lewileriň arasynda Ýedutun atly sazanda bardy. Şol aýdymlaryň heňini ýa-da saz guralyny Ýedutun bilen ogullary oýlap tapan bolmaly.

  • Ýehowa.

    Hudaýyň ady. Ýewreýçe dört harpdan ybarat tetragrammatonyň türkmençe aýdylyşy. Mukaddes Kitabyň şu terjimesinde 7 000 gezekden gowrak duş gelýär. Goşmaça maglumata serediň: A4 we A5.

  • Ýehudy.

    Ysraýylyň on taýpaly patyşalygy ýykylandan soň, ýahuda taýpasyna ýehudylar diýilýärdi (2Pa 16:6). Wawilon ýesirliginden soň, watanyna dolanyp gelen ähli ysraýyllara hem ýehudylar diýilýärdi (Hyd 4:12). Soňra dünýäniň dürli künjeginde ýaşan ysraýyllara ýehudylar diýildi (Est 3:6). Pawlus resul mesihçiler ýygnagynda milletparazlygyň bolmaly däldigini düşündirende, «ýehudy» sözüni göçme manyda ulandy (Rim 2:28, 29; Gal 3:28).

  • Ýehudy dinine geçen adam.

    Mukaddes Kitapda başga halkdan bolan adamlaryň hem sünnetlenip, ýehudy dinine geçendigi aýdylýar (Mat 23:15; Res 13:43).

  • Ýewfrat.

    Günorta-günbatar Aziýada iň uzyn we ady belli derýa. Mesopotamiýadaky iki sany uly derýanyň biri. 1 Musa 2:14-de ilkinji gezek duş gelýär. Eremiň içinden akyp geçýän dört derýanyň biridi. Käbir aýatlarda ýöne «derýa» hem diýilýär (1Ms 31:21). Ysraýyllara berlen ýurduň demirgazyk serhedidi (1Ms 15:18; Ylh 16:12). Goşmaça maglumata serediň: B2.

  • Ýewreý.

    Amorlaryň arasynda ýaşan Ybraýym (Ybram) pygamberiň milletini görkezmek üçin aýdylan söz. Ybraýymyň agtygy Ýakubyň nesline ýewreýler, olaryň diline ýewreý dili diýlipdir. Isa pygamber we şägirtleri ýewreý dilinde gepleýärdi. Şol wagtlar ýewreý dilinde arameý sözleri hem ulanylýardy (1Ms 14:13; 2Ms 5:3; Res 26:14).

  • Ýol.

    Ýehowany razy edýän ýa-da etmeýän adamlaryň ýaşaýşyny aňladýar. Isa pygamberiň şägirtleri bir «ýoldan» ýöreýän adamlar hasaplanýardy, sebäbi olar Isa pygambere iman edip, göreldesine eýerýärdiler (Res 19:9).

  • Ýowşan.

    Ýiti ysly, ajy ösümlik. Mukaddes Kitapda göçme manyda ulanylyp, ahlaksyzlygyň, gulçulygyň, adalatsyzlygyň we imandan dänmegiň erbet netijesini görkezýär. Ylham 8:11-däki «ýowşan» sözi ajy we zäherli zady aňladýar (5Ms 29:18; Nak 5:4; Ýer 9:15; Ams 5:7).

  • Ýygnak çadyry.

    Musa pygamberiň çadyryna we çölde gurlan mukaddes çadyra «ýygnak çadyry» diýilýärdi (2Ms 33:7; 39:32).

Z

  • Zalym.

    Hudaýa we adyl kadalaryna garşy çykýan Şeýtan Iblis (Mat 6:13; 1Ýh 5:19).

  • Zebur.

    Hudaýyň şanyna aýdylýan aýdym. Käte mezmur hem diýilýär. Hudaýyň gullukçylary Zebur kitabyndaky aýdymlary saza goşup aýdýardylar. Iýerusalimdäki ybadathanada hem Ýehowa öwgüli aýdymlar aýdylýardy (Luk 20:42; Res 13:33; Ýak 5:13).

  • Zews.

    Köp hudaýlyga ynanýan grekleriň baş taňrysy. Listra şäherinde adamlar Barnabasa Zews taňrysydyr öýdüpdirler. Listranyň golaýynda «Zewsiň ruhanylary» we «Gün hudaýy Zews» diýen gadymy ýazgylar tapyldy. Pawlusyň Malta adasynda münen gämisinde Zewsiň ekiz ogullary Kastor bilen Poluksyň şekili bardy (Res 14:12; 28:11).

  • Ziw.

    Ýehudylaryň dini senenamasy boýunça 2-nji aýyň, ekerançylyk senenamasy boýunça 8-nji aýyň öňki ady. Apreliň ortasyndan maýyň ortasyna çenli dowam edýär. Wawilon ýesirliginden soň, ýehudylaryň Talmud kitabynda we taryhy maglumatlarda aýyň adyna «iýar» diýilýär (1Pa 6:37). Goşmaça maglumata serediň: B15.

  • Zygyr.

    Zygyr ösümliginiň süýüminden dokalýan ýokary hilli, gymmatbaha mata. Lýon hem diýilýär.

  • Zyna.

    Durmuş guran adamyň öz äri ýa aýaly bolmadyk biri bilen jynsy gatnaşyk etmegi. Ikilik etmek we biwepalyk etmek hem diýilýär (2Ms 20:14; Mat 5:27; 19:9).

  • Zyýarat aýdymy.

    Käbir terjimelerde «Depe aýdymy» diýilýär. Zebur kitabynyň 120—134-nji baplarynyň sözbaşynda duş gelýär. Manysy anyk belli däl. Ysraýyllar her ýyl üç baýramçylygy bellemek üçin Iýerusalime gidýärdiler. Köpleriň aýtmagyna görä, Zebur kitabynyň şol 15 babyndaky aýdymlary ysraýyllar Ýahudanyň daglarynda ýerleşýän Iýerusalime barýarka, joşup aýdan bolmaly.