Esasy materiala geçiň

Isa pygambere näme üçin Hudaýyň Ogly diýilýär?

Isa pygambere näme üçin Hudaýyň Ogly diýilýär?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes Kitapda Isa pygambere «Hudaýyň Ogly» diýilýär (Ýahýa 1:49). «Hudaýyň Ogly» diýen jümle Allatagalanyň ähli zadyň, şol sanda Isanyňam Ýaradyjysydygyny we ýaşaýşyň Gözbaşydygyny görkezýär (Zebur 36:9; Ylham 4:11). Mukaddes Kitapda adamlaryňky ýaly göni manyda Hudaýyňam çagasynyň bolandygy aýdylmaýar.

 Mukaddes Kitapda perişdelere-de «Hudaýyň ogullary» diýilýär (Eýýup 1:6, çykgyt). Şeýle-de ilkinji ynsan Adam ata hem «Hudaýyň ogly» diýilýär (Luka 3:38). Emma Mukaddes Kitapda Isa Hudaýyň ilkinji ogly diýilýär, sebäbi Hudaý ony öz elleri bilen we ähli zatdan öňürti ýaratdy.

 Isa ýere gelmezinden öň gökde ýaşadymy?

 Hudaýyň ilkinji Ogly Isa ýer ýüzünde ynsan bolup dogulmanka, gökde perişdedi. Onuň özi hem: «Men gökden... geldim» diýdi (Ýahýa 6:38; 8:23).

 Hudaý Isany ähli zatdan öňürti ýaratdy. Isa barada Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär:

 «Onuň asly gadymy döwürdendir, geçmişdendir» diýen pygamberlik Isada ýerine ýetdi (Mikaý 5:2; Matta 2:4—6).

 Isa gökde näme edýärdi?

 Onuň gökde beýik orny bardy. Isa doga edende öz orny hakda şeýle diýdi: «Atam, dünýä ýaradylmanka... alan şöhratymy indi maňa gaýtaryp ber» (Ýahýa 17:5).

 Ol Atasyna ähli zady ýaratmaga kömek etdi. Isa «ökde ussa kimin» Hudaý bilen zähmet çekdi (Nakyllar 8:30). Mukaddes Kitapda Isa barada şeýle diýilýär: «Gökdäki we ýerdäki ähli zatlar... ol arkaly ýaradyldy» (Koloslylar 1:16).

 Hudaý her bir zady, perişdeleri, älem-jahany Isa bilen bile ýaratdy (Ylham 5:11). Jaýyň çyzgysyny çyzýan bilen ony gurýan adamyň bilelikde işleşişi ýaly, Hudaý bilen Isa-da eginme-egin işleşdi.

 Oňa Söz diýilýär. Isa ýere gelmänkä-de Söz diýilýärdi (Ýahýa 1:1). Diýmek, Hudaý ony öňem perişdelere habaryny ýetirmek we görkezme bermek üçin ulanypdyr.

 Şeýle-de Isa adamlara Hudaýyň habaryny ýetirendir. Hudaý hatda Erem bagynda Adam ata we How ene bilenem Isa arkaly gepleşen bolmaly (1 Musa 2:16, 17). Çölde ysraýyllara ýol görkezen we görkezme beren perişde-de Isa bolmaly. Ysraýyllaram oňa gulak asandyr (2 Musa 23:20—23) a.

a Hudaý geçmişde başga perişdeler arkaly hem gepleşipdir. Meselem, ysraýyllara Kanun berende Hudaý ilkinji Ogluna derek başga perişdeleri ulandy (Resullar 7:53; Galatýalylar 3:19; Ýewreýler 2:2, 3).