Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitabyň maslahatlary janyna kast etmek isleýän adama kömek edýärmi?

Mukaddes Kitabyň maslahatlary janyna kast etmek isleýän adama kömek edýärmi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes Kitap «göwnüçökgünlere göwünlik berýän» Hudaýyň Sözi (2 Korinfliler 7:6). Ol saglyk kitaby bolmasa-da, janyna kast etmek isleýän adamlara erbet pikirlerini ýeňmäge kömek edýär. Ondaky maslahatlar saňa-da kömek eder.

 Mukaddes Kitapda nähili maslahatlar berilýär?

  • Dostuňa içiňi dök.

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hak dost elmydama söýýär, ol aladaly günüňde dadyňa ýetişýän dogandyr» (Nakyllar 17:17).

     Aýadyň manysy: erbet pikirler ruhdan düşürýän bolsa, başgalardan kömek soramaga ýaýdanmaly däl.

     Eger hiç kime içiňi dökmeseň, erbet pikirler seni basar. Duýgularyňy birine gürrüň berseň, ýüküň biraz ýeňlär, ýagdaýa dogry gararsyň.

     Maslahat: Janyňa kast etmek barada pikir gelende maşgala agzalaryňdan birine ýa dostuňa aýt a ýa-da duýgularyňy bir depdere ýaz.

  • Bejergi al.

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Lukman sag adama däl, syrkawa gerek» (Matta 9:12).

     Aýadyň manysy: syrkawlasak hökman bejergi almaly.

     Adam duýgy taýdan kesellese, janyna kast etmek barada pikirlenip başlaýar. Bir ýerimiz biynjalyk edende utanmaýşymyz ýaly, janyňa kast etmek barada pikirler dörese-de, lukmana ýüz tutmaga utanmaly däl. Şol keseliňem bejergisi bar.

     Maslahat: Tizden-tiz ökde lukmana ýüz tut.

  • Hudaý aladaňy edýär.

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Bäş serçäni iki teňňä satýarlar, şeýle dälmi? Emma Hudaý olaryň hiç birini unutmaýar... Gorkmaň, siz serçelerden has gymmatly» (Luka 12:6, 7).

     Aýadyň manysy: Hudaý seni gowy görýär.

     Hiç kim aladaňy etmeýän ýaly görünse-de, Hudaý aladaňy edýär. Ol seniň ýagdaýyňa düşünýär, näme sebäpden ýaşasyň gelmeýändigini bilýär. Zebur 51:17-de: «Ýa Alla, ýürekden ökünýän, puşman edýän adamdan ýüz öwürmersiň» diýilýär. Hudaý seni gowy görýär, ölmegiňi islemeýär.

     Maslahat: Mukaddes Kitapdan Hudaýyň söýgüsi hakda oka. «Ýehowa ýakynlaşyň» kitabyň 24-nji babyna seret.

  • Hudaýa içiňi dök.

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Gaýgy-aladaňyzy Hudaýyň üstüne atyň, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýär» (1 Petrus 5:7).

     Aýadyň manysy: Hudaý seniň dileg edip, duýgularyňy, biynjalyk edýän zatlaryňy aýtmagyňy isleýär.

     Ol kalbyňa rahatlyk berer, erbet pikirleri ýeňmäge kömek eder (Filipililer 4:6, 7, 13). Ol ak ýürekden kömek soraýan adamlary goldaýar (Zebur 55:22).

     Maslahat: Ýehowa Hudaýa doga et, adyny tut, içiňi dök (Zebur 83:18). Duýgularyňy ýeňmäge güýç bermegini dile.

  • Mukaddes Kitapdaky umyt hakda oýlan.

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Şol umyt gämini saklaýan labyr kimindir, janymyzy berk hem ynamly saklaýandyr» (Ýewreýler 6:19).

     Aýadyň manysy: duýgularyň eýläk-beýläk çaýkanýan gämi ýaly üýtgäp dursa-da, Mukaddes Kitapdaky umyt gowy zatlar hakda pikirlenmäge kömek eder.

     Umyt ýöne bir boş arzuw däl, ol Hudaýyň gaýgy-aladamyzy aýyrjakdygy hakdaky wadasy (Ylham 21:4).

     Maslahat: Mukaddes Kitapdaky umyt hakda bilmek üçin «Hudaýyň hoş habary» atly broşýuranyň 5-nji sapagyna seret.

  • Halaýan işleriňi et.

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Şadyýan ýürek jana dermandyr» (Nakyllar 17:22).

     Aýadyň manysy: göwnüňi göterýän işleri etseň, ünsüň sowlar, biraz derdiň ýeňlär.

     Maslahat: Öňki edýän işleriňi et. Keýpiňi göterýän aýdym diňle, bir zatlar oka ýa-da göwnüňi göterýän zatlara güýmen. Kiçijik zatda bolsa-da, adamlara kömek etseň begenersiň (Resullar 20:35).

  • Saglygyňa seret.

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Beden maşkynyň biraz peýdasy bardyr» (1 Timoteos 4:8).

     Aýadyň manysy: maşk et, wagtly-wagtynda ukyňy al, iýip iç.

     Maslahat: Iň bolmanda 15 minut çalt-çalt ýöre.

  • Ýagdaýlar üýtgäp bilýär.

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Siz ertir näme boljakdygyny bilmeýärsiňiz» (Ýakup 4:14).

     Aýadyň manysy: göwnüçökgünlige düşeniňde ony ýeňip bolmajak ýaly görünse-de, ol geçip gidýär.

     Şu gün ýagdaýyň erbet bolsa-da, ertir gowulaşyp bilýär. Şonuň üçin göreş (2 Korinfliler 4:8). Şol wagtky ýagdaý wagtyň geçmegi bilen düzeler, ýöne kynçylygy özüňi öldürip çözüp bilmersiň.

     Maslahat: Mukaddes Kitapdan ruhdan düşüp, ölesi gelen adamlar barada oka. Şonda olaryň durmuşynyň garaşylmadyk ýagdaýda nädip üýtgändigini bilersiň.

 Mukaddes Kitapda ölesi gelen adamlar hakda aýdylýarmy?

 Hawa, Mukaddes Kitapda käbir pygamberleriň hem janyndan doýandygy aýdylýar. Ýöne Hudaý olary ýazgarmady, gaýtam kömek etdi. Ol saňa-da kömek eder.

Ylýas

  •   Ol kimdi? Ylýas batyrgaý pygamberleriň biridi. Ýöne bir gezek ol hem ruhdan düşdi. Ýakup 5:17-de: «Ylýas pygamberiň hem biziňki ýaly duýgulary bardy» diýilýär (çykgyt).

  •   Onuň näme üçin ölesi geldi? Ol gorkdy, özüni ýeke, taşlanan ýaly duýdy. Şonuň üçin hem ýalbaryp: «Ýehowa, janymy al» diýdi (1 Patyşalar 19:4).

  •   Oňa näme kömek etdi? Ol Hudaýa içini dökdi. Hudaý oňa nädip göwünlik berdi? Hudaý Ylýasyň aladasyny etdi, güýjüni görkezdi, gowy görýändigini, gadyryny bilýändigini aýtdy, kömekçi berdi.

  •   Ylýas pygamber barada oka: 1 Patyşalar 19:2—18.

Eýýup

  •   Ol kimdi? Eýýup baý adamdy, uly maşgalasy bardy, hak Hudaýa sežde edýärdi.

  •   Onuň näme üçin ölesi geldi? Eýýubyň durmuşy birden üýtgedi, mal-mülkünden mahrum boldy. Bir günde çagalarynyň ählisini ýitirdi, özem elhenç kesele uçrady. Dostlary bolsa oňa başyna düşen zatlara özüniň günäkärdigini aýtdy. Şonuň üçin hem ol: «Janymdan doýdum, indi ýaşasym gelenok» diýdi (Eýýup 7:16).

  •   Oňa näme kömek etdi? Eýýup Hudaýa dileg etdi, dostlaryna içini dökdi (Eýýup 10:1—3). Wepaly dosty Alyhuw oňa duýgudaşlyk bildirdi, düşen ýagdaýyna dogry garaýyşda bolmaga höweslendirdi. Ýehowa-da maslahat berip, ony aýaga galdyrdy.

  •   Eýýup pygamber barada oka: Eýýup 1:1—3, 13—22; 2:7; 3:1—13; 36:1—7; 38:1—3; 42:1, 2, 10—13.

Musa

  •   Ol kimdi? Musa ysraýyl halkynyň baştutany, wepaly pygamberdi.

  •   Onuň näme üçin ölesi geldi? Musanyň uly jogapkärçiligi bardy. Ol halkyň iňirdisinden halys ýadap: «Häziriň özünde janymy al» diýip, Hudaýa perýat etdi (4 Musa 11:11, 15).

  •   Oňa näme kömek etdi? Musa pygamber Hudaýa ýüregini dökdi, Hudaýam onuň ýagdaýyna düşündi, ýüküni ýeňletdi.

  •   Musa pygamber barada oka: 4 Musa 11:4—6, 10—17.

a Janyňa kast etmek baradaky pikirler günüňe goýmasa, ýanyňda-da hiç kim bolmasa, saglyk öýüne ýa-da tiz kömege jaň et.