Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

34-NJI SAPAK

Ýehowany ýürekden söýmek üçin näme etmeli?

Ýehowany ýürekden söýmek üçin näme etmeli?

Şu wagta çenli okuw geçip, sen Ýehowany gowy tanansyň, dostlaşansyň. Dostlugyňy hasam berkidesiň gelýärmi? Munuň üçin Ýehowany söýmeli. Sen Ýehowany näçe köp söýseň, olam seni şonça-da köp söýer, aladaňy eder hemem dostlugyň berkär. Sen Ýehowany söýmek üçin näme edip bilersiň?

1. Ýehowany söýmek üçin näme edip bileris?

Ýehowany söýmek üçin oňa gulak asmaly (1 Ýahýa 5:3-i oka). Hudaý hiç kimi gulak asmaga mejbur etmeýär. Hudaýa gulak asmalymy ýa-da asmaly däl, her kimiň özi çözýär. Ýöne Ýehowa ýürekden gulak assak, ol begenýär (Rimliler 6:17). Biz gorkýandygymyz üçin däl-de, söýýändigimiz üçin Ýehowa gulak asmaly. Kitabyň 3, 4-nji bölümlerinden Ýehowany söýmegi öwreneris. Hudaýyň halaýan we halamaýan zatlary hakda köpräk bileris.

2. Ýehowa gulak asmak käte näme üçin kyn bolup biler?

Mukaddes Kitapda: «Dogruçylyň derdi köpdür» diýilýär (Zebur 34:19). Biz bikämil, üstesine-de pulsuzlykdan, adalatsyzlykdan, başga-da kynçylyklardan kösenýäris. Eger sen hem şeýle ýagdaýa düşseň, Ýehowanyň aýdyşy ýaly edeniňden, özüňçe ýaşanyň aňsat bolup görünmegi mümkin. Kyn ýagdaýlarda-da Ýehowa gulak assak, söýgimiz artar, wepaly bolarys. Ýehowa wepaly bolsak, olam bize wepaly bolar, hiç haçan taşlamaz (Zebur 4:3-i oka).

SÖHBETDEŞLIK

Gulak asyp, Ýehowany begendiriň hem-de wepaly bolmagy öwreniň.

3. Şeýtan saňa töhmet atýar

Mukaddes Kitapda Şeýtanyň Eýýup pygambere töhmet atandygy aýdylýar. Şonda Şeýtan diňe Eýýuba däl-de, Ýehowa gulluk etmek isleýän adamlaryň ählisine töhmet atdy. Eýýup 1:1, 6—2:10-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Şeýtan Eýýuba näme töhmet atypdy? (Eýýup 1:9—11-nji aýatlara serediň).

  • Şeýtan adamlara, şol sanda saňa näme töhmet atýar? (Eýýup 2:4-e serediň).

Eýýup 27:5b-ny okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Eýýup Ýehowany söýýändigi üçin näme etdi?

Eýýup pygamber Ýehowa wepaly bolup, söýýändigini subut etdi.

Bizem Ýehowa wepaly bolup, söýýändigimizi subut ederis.

4. Ýehowany begendir

Nakyllar 27:11-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Paýhasly bolup, gulak assak, Ýehowa nähili täsir edýär? Näme üçin şeýle pikir edýärsiň?

5. Ýehowa wepaly bolup bilersiň

Ýehowany söýsek, ol hakda adamlara gürrüň bereris. Ýehowa wepaly bolsak, wagyz etmäge çekinmeris. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Senem adamlara Ýehowa barada gürrüň bermäge çekinýärsiňmi?

  • Greýson gorkusyny nädip ýeňdi?

Ýehowanyň gowy görýän zatlaryny gowy görsek, ýigrenýän zatlaryny ýigrensek, wepaly bolmak kyn bolmaz. Zebur 97:10-y okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Geçen sapaklardan bilşimiz ýaly, Ýehowa nämeleri gowy görýär we nämeleri ýigrenýän eken?

  • Ýehowanyň gowy görýän zatlaryny gowy görmegi, ýigrenýän zatlaryny ýigrenmegi nädip öwrenip bilersiň?

6. Ýehowa gulak assaň ýalňyşmarsyň

Hudaýa gulak assak, durmuşda ýalňyşyp kösenmeris. Işaýa 48:17, 18-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Näme edenimizde gowy boljagyny Ýehowa bilýärmi? Näme üçin şeýle pikir edýärsiň?

  • Şu wagta çenli öwrenen we hak Hudaý barada bilen zatlaryň haýsy ýagdaýlarda kömek etdi?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Hudaý üçin esasy ýüregiň ak bolsa bolýar».

  • Haýsy aýady ulanyp, Hudaýyň adamlaryň edýän işlerine üns berýändigini düşündirersiň?

GAÝTALAMAK

Ýehowany söýmek üçin oňa gulak asmaly, kyn ýagdaýlarda-da wepaly bolmaly.

Jemleýji soraglar

  • Eýýup pygamberden näme öwrendiň?

  • Ýehowany söýmek üçin näme edip bilersiň?

  • Ýehowa nädip wepaly bolup bilersiň?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Ýehowa wepaly bolmagy we doganlara gulak asmagy öwreniň.

«Wepaly adama senem wepalysyň» (16:49)

Çagalaram wepaly bolup, Ýehowany begendirip bilýär.

«Ýehowany begendir» (8:16)

Ýaşlar nädip Hudaýa wepaly bolup biler?

«Deň-duşlaryň täsirine düşme!» (3:59)