Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

15-NJI SAPAK

Isa pygamber kim?

Isa pygamber kim?

Isa taryhda yz galdyran iň beýik adam. Köp adamlar Isa barada eşitse-de, gowy tanamaýar. Käbirler ol pygamber ýa-da ýöne bir gowy adam bolupdyr diýýärler. Mukaddes Kitapda näme diýilýärkä? Geliň, bileliň.

1. Isa pygamber kim?

Ol gökde ýaşaýan güýçli perişde. Ýehowa Isany ähli zatdan öňürti ýaratdy. Şonuň üçinem oňa «ýaradylan zatlaryň ilkinjisi» diýilýär (Koloslylar 1:15). Injilde Isa pygambere Hudaýyň «ýeke-täk Ogly» hem diýilýär, sebäbi ony Ýehowanyň özi ýaratdy (Ýahýa 3:16). Isa Atasyna gökdäki we ýerdäki ähli zatlary ýaratmaga kömekleşdi (Nakyllar 8:30-y oka). Şondan bäri ol Ýehowa höwes bilen kömek edýär. Isa adamlara Hudaýyň habaryny we tabşyryklaryny ýetirýär, şonuň üçinem oňa «Söz» diýilýär (Ýahýa 1:14).

2. Isa ýere näme üçin geldi?

Takmynan 2 000 ýyl mundan öň Isa pygamber gudrat bilen doguldy. Merýem atly bir gyz durmuşa çykmasa-da, Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen bir ogul dogurdy (Luka 1:34, 35-nji aýatlary oka). Isa adamlary halas etmek üçin ýere geldi, ol wada edilen Mesihdi a. Mukaddes Kitapda Mesih barada ýazylan pygamberlikleriň ählisi ýerine ýetdi. Şeýlelikde, adamlar Isanyň «Biribaryň Ogly, Mesihdigini» bildiler (Matta 16:16).

3. Isa şu wagt nirede?

Isa ölensoň, Hudaý ony ýene perişde edip direltdi, şondan soň ol göge gaýdyp bardy. «Hudaý ony has-da beýgeltdi» (Filipililer 2:9). Ýehowa Isa uly erk-ygtyýar berdi.

SÖHBETDEŞLIK

Isa pygamber bilen ýakyndan tanşalyň, sebäbi ol hakda köpräk öwrenmek örän wajyp.

4. Isa Gudratygüýçli Hudaý däl

Mukaddes Kitapda Isanyň güýçli perişdedigi aýdylsa-da, ol Atasy Ýehowa Hudaýa gulak asýar. Muny nädip bilse bolýar? WIDEONY görüp, Isanyň Hudaý bilen deň däldigi barada öwreniň.

Aşakdaky aýatlarda Ýehowa bilen Isanyň deň däldigi düşündirilýär. Aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

Luka 1:30—32-nji aýatlary okaň.

  • Perişdäniň aýdan sözleri Hudaý bilen Isanyň deň däldigini nädip görkezýär?

Matta 3:16, 17-nji aýatlary okaň.

  • Isa suwa çümdürilende gökden nähili ses eşidildi?

  • Ol kimiň sesidi?

Ýahýa 14:28-i okaň.

  • Kim uly, atasymy ýa ogly?

  • Isa Ýehowa näme üçin Atam diýdi?

Ýahýa 12:49-y okaň.

  • Isa özüni Atasy bilen deň görýärdimi? Näme üçin?

5. Isa özüniň Mesihdigini subut etdi

Mukaddes Kitapda Hudaýyň adamlary halas etmek üçin iberen Mesihi hakda köp pygamberlikler aýdylýar. Şol pygamberliklerden Mesihiň kimdigini bilip bolýar. WIDEONY görüp, Isanyň ýerine ýetiren pygamberliklerini öwreniň.

Pygamberlikleri okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

Mikaý 5:2-ni okap, Mesihiň nirede doglandygyny biliň b.

  • Şu pygamberlik Isada ýerine ýetdimi? (Matta 2:1).

Zebur 34:20 we Zekerýa 12:10-njy aýatlary okap, Mesihiň ölümi baradaky pygamberlikleri öwreniň.

  • Şol pygamberlikler ýerine ýetdimi? (Ýahýa 19:33—37).

  • Pygamberlikleriň ýerine ýetmegi üçin Isanyň özi hem bir zatlar etdimi?

  • Isanyň şeýle etmegi nämäni subut edýär?

6. Isa pygamber bize-de kömek edip biler

Mukaddes Kitapda Isa barada öwrenmegiň wajypdygy aýdylýar. Ýahýa 14:6 we 17:3-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Isa barada näme üçin öwrenmeli?

Isa adamlara Hudaý bilen dostlaşmaga ýol açdy. Ol Ýehowa barada hakykaty öwretdi, biz Isa pygamber arkaly ebedi ýaşaýşa ýetip bileris.

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Heý-de, Hudaýyň hem ogly bolarmy?!»

  • Sen näme diýerdiň?

GAÝTALAMAK

Isa güýçli perişde, Biribaryň Ogly we Hudaýyň saýlany.

Jemleýji soraglar

  • Isa näme üçin «ýaradylan zatlaryň ilkinjisi» diýilýär?

  • Ýere gelmänkä, Isa näme etdi?

  • Isanyň Mesihdigini nireden bilýäris?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Mukaddes Kitapda Isanyň Hudaýyň ogludygy düşündirilýär.

«Isa pygambere näme üçin Hudaýyň Ogly diýilýär?» (Internet makala)

Mukaddes Kitapda Üç ýüzli taňry barada öwredilmeýär.

«Isa Hudaýmy?» («Garawul diňi» 1 aprel, 2009)

Bir aýal Isa barada öwrenip, durmuşyny bütinleý üýtgedýär.

«Ýewreý gyz öz dinini barlandygyny gürrüň berýär» («Oýanyň!» maý, 2013)

a 26, 27-nji sapaklarda Isanyň adamlary näme üçin we nädip halas edendigi düşündirilýär.

b Isanyň ýerde ýaşandygyny subut edýän pygamberlikler hakda kitabyň soňundaky 2-nji goşmaça maglumatda aýdylýar.