Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň


Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşligi nädip geçirmeli?

Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşligi nädip geçirmeli?

Ilki, şu kitaby nädip okamalydygy baradaky maglumata göz aýlap, soňra WIDEONY görüň.

BIRINJI BÖLEK

Her sapaga taýýarlananyňyzda, birinji bölümi özbaşdak okaň. Gara bilen ýazylan soraglar (A) we aýatlar (B) esasy pikiri aňladýar. «Oka» diýlen aýatlary hem okaň.

IKINJI BÖLEK

«Söhbetdeşlik» diýlen bölümde sapagyň dowamynda nämeleriň öwreniljekdigi (Ç) gysgaça aýdylýar. Sözbaşylarda (D) esasy pikirler ýazylan. Mugallymyňyz bilen getirilýän aýatlary okaň, soraglaryň jogaplaryny tapyň, wideolary görüň.

WIDEO diýen ýerde sapaga degişli wideo bar. Käbir wideolarda häzirki bolýan ýagdaýlar görkezilýär. Käbirlerinde bolsa bolan wakalar sahnalaşdyrylyp görkezilýär.

Suratlara, ýazgylaryna (E) üns beriň we «Adamlar şeýle diýse» bölüminde aýdylýan zatlara nädip jogap berjekdigiňiz hakda oýlanyň (Ä).

ÜÇÜNJI BÖLEK

«Gaýtalamak» we «Jemleýji soraglar» (F) diýen bölümde sapak jemlenýär. «Sapagyň geçilen senesi» diýlen ýere sapagy geçip gutaran wagtyňyzy belläň. «Maksat goýuň» (G) diýen ýerde bolsa, nämäniň üstünde işlemelidigiňiz görkezilýär. «Köpräk biliň» (H) diýen bölümde goşmaça maglumatlary okap, wideolary görüp bolýar.

Mukaddes Kitapdan aýatlary nädip tapmaly?

Mukaddes Kitap 66 kitapdan ybarat bolup, iki bölüme bölünýär. Birinji bölümi ýewreý we arameý dilinde ýazylan Töwrat («Köne äht»), ikinjisi bolsa grek dilinde ýazylan Injil («Täze äht»).

Aýat getirilende, ilki bilen kitabyň ady (A), soňra babyň (B), iň soňunda aýadyň ýa-da aýatlaryň sany (Ç) görkezilýär.

Meselem, Ýahýa 17:3 diýlende, Ýahýa kitabynyň 17-nji babynyň 3-nji aýady göz öňünde tutulýar.